Jemgyýetiň gymmatly baýlygy

29 Iýun 2023
1331

Maşgala türkmen halkynda hemişe-de mukaddes öý, keramatly ojak, döwletiň içindäki  kiçijik döwlet hasap edilipdir. Maşgala gatnaşyklary babatda hem halkymyzda asyrlardan-asyrlara aşyp gelýän medeni gymmatlyklar, ahlak düzgünleri kemala gelipdir.

Maşgala diňe bir hukuk gatnaşyklarynyň däl, ilkinji nobatda, söýginiň, hormatyň we beýleki ahlak kadalarynyň binýadynda döredilýär. Türkmen maşgalasynda hereket edýän bir-birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, ene-atanyň sözüni ýykmazlyk, gelniň ýaşmak ýaşynmagy, gyzyň edaly bolmagy ýaly kämil ýörelgeler bar.

Nurgeldi HAÝYDOW,
Daşoguz şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy, 3-nji derejeli ýurist.