Edebi eziz balalar

8 Iýun 2023
1253

Çaga her bir maşgalanyň guwanjy, ýurduň hazyna-genji.  Türkmen maşgalasynda çaganyň orny, terbiýesi barada gürrüň edilende, halk arasynda giňden ulanylýan «Çagaly öý bazar» diýen pähim seriňe gelýär. Ýurdumyzda çagalaryň dogluş sanynyň ýyl-ýyldan artmagy halkymyzyň bagtyýarlygyndan nyşan. Biziň mähriban Watanymyzda çagalaryň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmekleri, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin edilýän bimöçber aladalar  çagalaryň ähli arzuwlaryny hasyl edýär. 

Çagalara döwletimiz tarapyndan kömek pullaryň tölenilmegi köp çagaly maşgalalaryň sanynyň artmagyna itergi berdi. Has takygy, Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň talaplaryna laýyklykda, maşgala agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy, ata-eneleriň zähmet çekmegini maşgala borçlaryny ýerine ýetirmek bilen utgaşdyrmak babatda amatly şertler döredilýär. 

Kemal BAÝRAMOW,
Ahal welaýat RÝNÝ bölüminiň müdiri, 2-nji derejeli ýurist.