Alysdaky arzymanlarym (durmuş pursaty)

2 Maý 2023
1092

Şol gün iş sapary bilen Türkmenbaşy şäherine ýola rowana bolupdym. Otlynyň üstünde jaýlaşanym hem şoldy welin, gabadymda ýerleşen kärdeşim gyzgynjak çaý içmegi teklip etdi-de, çaý demlemegiň ugruna çykdy. Otlynyň penjiresiniň aňyrsynda ýaýylyp ýatan meýdanyň şeýle ajaýyp keşbe girendigine men diňe şol pursat göz ýetirdim. Içimi gepledip durmuşyň ownuk-uşak iş-aladalary bilen gümra bolup ýörşüme gözel tebigatyň adamzada az salymlyk eçilýän bu ajaýyp bahar serpaýyny hut häzire çenli nazarymdan sowanyma gynandym. Gyzyl çog bolup ýatan depe-düzleri, jümjümedir gök otly meýdanlary, ak bulutdan kerwen guraýan asmany gözlerim bilen surata alyp, gözellik diýlen gudratyň gül görküne maýyl bolup barşyma eňňit-eňňit gum depeleriniň arasyndan sil ýaly yňyp barýan demir ulagyň içinde hoşboý ysly çaýyň başyndaky täsirli söhbetdeşlik başlandy. Işdeş ýoldaşym meniň pikirlere gark bolanymy bada-bat aňdy-da:

—Dost, iş-alada bilen ýazyň ýakymyny gözden sowana meňzeýäň. Gel, gyzgynjak çaý başynda tebigaty bile synlap, söhbet edeli! — diýdi.

Maksat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň işgäri, polisiýanyň maýory.