"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça bellige alnan dalaşgärler barada maglumat

Daşoguz welaýaty boýunça

Belent mertebäniň, hormatyň eýeleri

Halkara zenanlar güni mynasybetli «Belentdedir mertebäňiz, sarpaňyz» ady bilen geçiren baýramçylyk çärämiz ýokary ruhubelentlige beslendi. Çärede çykyş eden zenanlar bahar paslynyň ilkinji günlerinde şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýän Halkara zenanlar güni bilen birek-biregi gutladylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe maşgala ojagynyň eýeleri bolan, ellerinden dür dökülýän, halal, asylly zähmetiň ýokary nusgasyny görkezýän mährem enelerimize, bägül roýly gelin-gyzlarymyza goýulýan hormat-sarpanyň barha belende göterilýändigini buýsanç bilen bellediler. Bu günki günde her bir ene, her bir zenan hormatly Prezidentimiziň özlerine bildirýän ynamyna jogap hökmünde maşgala ojagynyň mukaddesligini gözüniň göreji ýaly ezizläp, öz perzentlerini milli ruhda terbiýelemekde we jemgyýetçilik işlerine goşant goşmakda nusgalyk görelde görkezýärler, döwrümize mynasyp, Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryna ygrarly perzentleri terbiýeleýärler. Çykyşlarda şular dogrusynda nygtalyp, zenanlara goýýan hormat-sarpasy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy, milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagy arzuw edildi.

Arkadaga buýsançly göwünler

Welaýatymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp geçirilýän dabaralar biri-birine ulaşyp, ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumybilim berýän orta mekdeplerde hem-de beýleki okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda, umuman, ähli ulgamlarda baýramçylyk mynasybetli guralýan dabaralarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mährem enelere, gelin-gyzlara goýulýan belent hormat-sarpa baradaky buýsançly söhbetlere giň orun berilýär. Dabaralaryň dowamynda hormatly Prezidentimiziň «Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda» Buýrugyna laýyklykda, pul sowgatlaryny guwanç hem buýsanç duýgulary bilen ýüzlerine sylýan, çagalar baglarynda terbiýelenýän bagtyýar gyzjagazlar, okuwçy hem talyp gyz-gelinler, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan gelin-gyzlar, mährem eneler özleri hakda edýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýdýarlar.

Paýhasly pikirler

Bilim mekdebi gutaranyňdan soňra ýadyňda galan zatlardyr. *  *  *

Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym

Gyşlar sowlup, aýazlar bugaryp asmana galar. Dury buzlar dür damjasy bolup damar, garlar eräp, akar, ýaplara dolar. Şeýle şahandaz buşlukçylar gyşyň togsany dolup, ýazyň gelýänini söýünjilär. Olar gursagy ylhamly ýaşaýan her bir adamyny ýüreginiň bagyndan tutupjyk, eneli dünýälere alyp gider. Mähir jadysyna eýlenen şol dünýäniň bosagasyndan ätläbilseň, seni bahar şuglasy gurşap alar. Gaýgysyz-gamsyz çagalyk gujagyny giňden açyp, seni garsa gujaklar-da, eziz eneň bolup: «Geläýdiňmi, balam?!» diýip soraglar. Göm-gök asmanda ýaý atan älemgoşar kuwwatly bilinden atylan ýüpi aşak sallap, synasyna ýaz läleleri işilen sallançakda seni iki ýana üwrär. Ýüzüňi sypaýan ýyly şemal dünýäniň düýşdügini, diňe şunuň ýaly ýakymly pursatlardan adam ömrüniň hasyl bolýandygyny gulagyňa çawuş çakar. Senem bu hakykaty geňirgenmän ykrar edersiň. Ýöne süýjüligini gand-u-şeker bilen ölçäp bolmajak eziz ejeli günler, siziň ne beýle gadyrlydygyňyzy diýsene!

Ýagşylyk (Oka, oýlan!)

Günlerde bir gün okuwynyň tölegini tölemek üçin gapy-gapy aýlanyp zat satýan garyp oglanjygyň ýanynda on teňňesi galypdyr, özem gaty ajygypdyr. Ol indiki öýden iýmäge bir zatlar soramagy ýüregine düwüpdir, ýöne gapyny ýaşajyk owadan zenan maşgala açanynda, aljyrap özüni ýitiripdir. Iýmäge zat soramagyň deregine içer ýaly suw sorapdyr. Zenan oglanyň açdygyny bilip, oňa uly bulgurda süýt getirip beripdir. Ol süýdi howlukman içip bolupdyr-da, oňa näçe tölemelidigini sorapdyr. Onda zenan: — Hiç zat töläp oturmaň, sebäbi ejem bize: «Ýagşylyk üçin pul tölenýän däldir» diýipdi — diýýär.

Zenan mertebesi mukaddes

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi ýurdumyzda her bir adamyň we raýatyň hukuklaryny amala aşyrmaga, adalatly jemgyýetde bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.Türkmen taryhynyň dowamynda zenan diňe maşgala binýadyny berkitmekde däl, eýsem, jemgyýetçilik işlerinde hem onuň orny uly bolupdyr. Özboluşly milli ýol-ýörelgesi bilen tapawutlanýan halkymyzda zenanlar ýokary hormata eýedir. Türkmenistan zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işlere deň hukukly gatnaşmagy üçin ähli tagallalary edýär. Türkmenistan 2015-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Gender deňligi, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça guramasynyň agzalygyna saýlanyldy.

El hünäri il gezer

Golaýda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige gözel paýtagtymyzda we welaýatlarda geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar. Bäsleşik Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin, Berkarar döwletimizde el hünäriniň dikeldilişine we kämilleşdirilişine goşant, Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny hem-de milli medeni mirasyny dünýä ýaýmakda asylly işleri üçin, Çaga terbiýelemekdäki görkezen yhlasy üçin, Berkarar döwletimizde harby we hukuk ulgamynda görkezen işjeňligi üçin, Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin, Ýurdumyzda bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin atly 7 ugur boýunça geçirildi. Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň «Dostluk» atly 23-nji çagalar bakja-bagynyň usulçy-terbiýeçisi Gülaýym Myhmanowa «Ýylyň işewür zenany», Aşgabat şäheriniň 45-nji orta mekdebiniň gurnak mugallymy Mährijemal Bereketowa «Ýylyň çeper elli zenany», Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Durdy Gylyç adyndaky geňeşligindäki II Diregli oba medeniýet öýüniň saz ýolbaşçysy Merjen Manadowa «Ýylyň sungatda işjeň zenany», Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap köpugurly hassahanasynyň Yzgant şäherçesiniň saglyk merkeziniň maşgal

Täzelikler, habarlar

LUKMANÇYLYK HARYTLARYNYŇ ÖNDÜRILIŞI ARTÝARDaşoguz şäherindäki zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhananyň ilata hödürleýän önümleri sarp edijileriň arasynda uly islegden peýdalanýar. Olaryň hatarynda hasadan edilen, gipsli we sozulýan sargylar, plastyr ýapgylary, dyzlyklar hem-de daban-injik ýapgylary, umuman, lukmançylykda zerur bolan önümleriň 50-den gowrak görnüşi ilata hödürlenýär. Olar bölekleýin we toparlaýyn gaplanylyp, dermanhanalara, hassahanalara yzygiderli ugradylýar. Bu ýerde önümçiligi ýakynda ýola goýlan bir gezeklik ulanylýan lukmançylyk ýektaýlary hem-de kombinezonlary saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň arasynda giňden peýdalanylýar. Diňe bir geçen ýylda kärhana harytlyk önümiň 9 million manatlygyny öndürip, meýilnama artygy bilen hötde geldi. Umuman aýdylanda, Daşoguz şäherindäki zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhana awtomatlaşdyrylan usulda ýylyň dowamynda 13 million gap dürli görnüşli sargy serişdelerini öndürmäge ukyply. Häzir bu ýerde önümçiligi taslama kuwwatlygyna çykarmak ugrundaky işler üstünlikli dowam edýär.Öre HOJAÝEW,öz habarçymyz.

Maşgala — baş gala

Agzybirlik türkmeniň aslyndan gaýdyp, onuň maşgala ahlagyna we medeniýetine mäkäm ornaşandyr. Şoňa görä-de, türkmen maşgalasy hemişe durnuklylygy hem agzybirligi bilen tapawutlanypdyr. Özara düşünişmek, birek-birege geçirimlilik edip, ylalaşykly ýaşamak bu gatnaşyklaryň häsiýetli aýratynlyklary bolup durýar. Şu şertlerde maşgala diýseň sazlaşykly ösýär. Jemgyýet şular ýaly maşgalalardan düzülende, sagdyn bolýar, döwletiň gülläp ösmegine ýardam edýär. Jemgyýetiň iň kiçi topary bolan maşgala Oguz han atamyzyň ýörelgelerine eýerýän türkmen halky tarapyndan mukaddes ojak hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen has-da kämilleşen kanunçylyk namalarynda, şol sanda Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde maşgalany berkitmek, ene-atanyň, çagalaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak babatda zerur kadalar göz öňünde tutulýar. Maşgalanyň esasynda garyndaşlyk gatnaşyklary durmak bilen, şol gatnaşyklar hem ata-eneleriň we çagalaryň, şeýle hem ýakyn garyndaşlaryň arasyndaky gatnaşyklary sazlaýar. Maşgala gatnaşyklarynda terbiýe wezipesi öňde durýar. Çünki terbiýäniň düýp binýady, hemişe we her bir ýurtda, ilkinji nobatda, maşgalada goýulýar. Türkmeniň aňyrdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary göwnejaý berjaý edilende, maşgalada hemmetaraplaýyn sagdyn, halal, päkize nesil ýetişýär. Maşgalada nikanyň bozulmagynyň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde nikany

Arassa suwuň gözbaşynda

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreler esasy orny eýeleýär. Olaryň hatarynda ilatyň agyz suw üpjünçiliginiň gowulandyrylmagy bilen bagly wezipeler hem bar. Häzirki döwürde olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi boýunça ýurdumyzyň ähli ugurdaş kärhanalary bilen birlikde, «Daşoguzwelaýatagyzsuw» birleşigi tarapyndan hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu barada birleşigiň baş inženeri Durdy Ylýasow bilen gürrüňdeş bolduk. — Durdy, hormatly Prezidentimiz halkymyzyň arassa agyz suwy bilen ýeterlik üpjün edilmegine aýratyn üns bermek bilen, bu ugurda iş alyp barýan edara-kärhanalaryň öňünde jogapkärli wezipeleri goýýar. Elbetde, olaryň siziň birleşigiňize hem gös-göni dahylly bolup durýandygy hemmelere mälim.

Halkara zenanlar gününe

ENE — IŇ MÄHRIBAN YNSAN

«Iň eýjejik gyzjagaz — 2021»

BUÝSANÇLY KÖŇÜLLERIŇ KELAMY

Hemişe ilatyň arasynda

Ýurdumyzda hereket edýän jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň aýratyn orny bar. Bir asyra golaý wagtdan ozal döredilen we maksatnamalaýyn ýörelgelerine ygrarly bolup gelýän bu gurama il-ýurt bähbitli işleri ynsanperwerlik ýollary bilen amala aşyrmagy dowam etdirýär. Häzirki wagtda bu iri jemgyýetçilik guramasynyň öňünde ýaşlara belent maksatlara ýetmäge goltgy bermek, her bir raýatda lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermek barada düşünjeleriniň we endikleriniň bolmagyny gazanmak, dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almagy, ýol-ulag hadysalarynda ejir çekene kömek bermegi öwretmek ýaly wezipeler dur. Bu jogapkärli wezipeleriň abraý bilen hötdesinden gelmek üçin şu günler edara-kärhanalarda ýygy-ýygydan bolup, düşündiriş işlerini, okuwlary guraýarys. Şeýle çäreleri «Lebapwelaýatagyzsuw» birleşiginde, 26-njy we 29-njy orta mekdeplerde, 16-njy çagalar bagynda, Türkmenabat raýat desgalary edarasynda geçirdik we raýatlara ýörite taýýarlanylan gözükdirijileri paýladyk. Bu bolsa geçiren çärelerimiziň täsirliligini artdyrdy.

Taryhy senä bagyşlap

Biziň halkymyzda derek agajy okgunly ösüşiň, depginli özgerişiň nyşany hasaplanylýar. Hut şonuň üçin hem derek agajyna «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň nyşanynyň merkezinden orun berildi. Çünki Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň täzeden-täze sepgitleri nazarlaýan ösüşleri hakynda pikir öwreniňde, köküni topraga mäkäm urup, belentden-belende sary ümzük atýan syrdam derek agajy hakydaňda janlanýar. Eger-de berkarar döwletimizi syrdam derek agajyna meňzetsek, onda milli kanunçylygymyz — şol daragtyň mizemez köküdir. Çünki daragtyň belentden-belent ösmegi üçin, onuň köküniň berk bolmagy gerekdir. Ýurdumyzda milli kanunçylygymyzy has-da kämilleşdirmek, ony döwrüň talaplaryna laýyk getirmek babatda durmuşa geçirilýän işler, bitirilýän tagallalar bu aýdylanlaryň niçiksi wajyp we neneňsi derwaýysdygyny bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşykda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Onda hormatly Prezidentimiz ozal kabul edilen kanunlaryň köpüsiniň üstünde işlemegiň zerurdygyny belledi. Durmuşyň ählimizden aýgytly hereketleri, döredijilik baş

Ýaş nesliň aladasynda

Ýaş nesil baradaky alada, türkmen jemgyýetinde hemişe-de abadan geljegi gurmagyň esasy ýörelgeleriniň biri hasaplanylypdyr. Çünki ýaş nesil döwlet daragtynyň berk daýanjydyr, mizemez sütünidir. Olar hakyndaky aladanyň geljege maýa goýmak bilen deňeşdirilmesi-de şonuň üçindir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ata-babalarymyzyň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýörelgelere esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Onuň çygrynda ýaş nesliň bagtyýar geljegi ugrunda döwlet derejesinde durmuşa geçirilýän işler özüniň oňyn netijelerini, miwelerini berýär. Ata Watanymyza, mähriban halkymyza, milli däp-dessurlarymyza wepaly, döwrebap bilim almaga, gözýetimini giňeltmäge, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, halal zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.

Ýurdumyzyň gadamlary batlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe rowaçlanýan eziz Diýarymyz bedew bady bilen uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda senagatda, oba hojalygynda, medeniýetde, bilimde, sportda döwlet ähmiýetli, halk bähbitli beýik işler durmuşa geçirilýär. Gazanylýan ösüşleriň, üstünlikleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň mähriban halkyna bolan yhlasynyň miweleridir. Türkmenistan döwletimiz gysga wagtyň içinde kuwwatly döwletleriň hataryna goşuldy. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklar giňden ýola goýulýar. Ýurdumyzyň dost-doganlyk köprüleri çar tarapa uzaýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň halkara abraýy belent derejelere göterilýär.

Bahar bägülleri ýaly...

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda 8-nji Mart — Halkara zenanlar güni uly ruhubelentlikde bellenilýär. Golaýda bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli TDP--niň welaýat komitetiniň, TAP-nyň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda welaýat medeniýet köşgünde dabaraly maslahat geçirildi. Oňa dürli pudaklarda zähmet çekýän jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň zenanlary gatnaşdylar.

Bagtyýar döwrümiziň bagtly zenanlary

Gülläp ösýän Türkmenstan döwletimiz toý-baýramlaryň mekany hasaplanýar. Ajaýyp bahar paslynyň gelmegi bilen 8-nji Mart — Halkara zenanlar güni hem ýetip geldi. Halkymyzyň tuwagy hasaplanýan zenanlaryň hormatyna bellenilýän dabaralarda ene keramaty, gelin-gyzlaryň gözelliginiň tarypy, şan-şöhraty ýene bir gez beýgelýär. Zenan mertebesine goýulýan sarpa Gahryman Arkadagymyzyň zenanlar baradaky edýän aladalarynda has-da aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Golaýda Türkmengala etrabynyň medeniýet merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Bagtyýar döwrümiziň bagtyýar zenanlary» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Etrabyň medeniýet bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda geçirilen dabaraly çärä mährem eneler hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar.

Möhüm syýaýsy waka taýýarlyk

Şu günler tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk işleri dowam edýär. Mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek bu saýlawlar Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň möhüm syýasy wakasy bolar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Konstitusion kanun kabul edildi. Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren bu Kanuna laýyklykda, ýurdumyzda iki palataly parlament döredildi.