Bahar bägülleri ýaly...

3 Mart 2021
770

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda 8-nji Mart — Halkara zenanlar güni uly ruhubelentlikde bellenilýär.

Golaýda bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli TDP--niň welaýat komitetiniň, TAP-nyň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda welaýat medeniýet köşgünde dabaraly maslahat geçirildi. Oňa dürli pudaklarda zähmet çekýän jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň zenanlary gatnaşdylar.