Möhüm syýaýsy waka taýýarlyk

3 Mart 2021
801

Şu günler tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk işleri dowam edýär. Mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek bu saýlawlar Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň möhüm syýasy wakasy bolar.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Konstitusion kanun kabul edildi. Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren bu Kanuna laýyklykda, ýurdumyzda iki palataly parlament döredildi.