Belent mertebäniň, hormatyň eýeleri

3 Mart 2021
893

Halkara zenanlar güni mynasybetli «Belentdedir mertebäňiz, sarpaňyz» ady bilen geçiren baýramçylyk çärämiz ýokary ruhubelentlige beslendi.

Çärede çykyş eden zenanlar bahar paslynyň ilkinji günlerinde şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýän Halkara zenanlar güni bilen birek-biregi gutladylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe maşgala ojagynyň eýeleri bolan, ellerinden dür dökülýän, halal, asylly zähmetiň ýokary nusgasyny görkezýän mährem enelerimize, bägül roýly gelin-gyzlarymyza goýulýan hormat-sarpanyň barha belende göterilýändigini buýsanç bilen bellediler. Bu günki günde her bir ene, her bir zenan hormatly Prezidentimiziň özlerine bildirýän ynamyna jogap hökmünde maşgala ojagynyň mukaddesligini gözüniň göreji ýaly ezizläp, öz perzentlerini milli ruhda terbiýelemekde we jemgyýetçilik işlerine goşant goşmakda nusgalyk görelde görkezýärler, döwrümize mynasyp, Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryna ygrarly perzentleri terbiýeleýärler. Çykyşlarda şular dogrusynda nygtalyp, zenanlara goýýan hormat-sarpasy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy, milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagy arzuw edildi.

Täzegül NADYROWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň başlygy.