Ýagşylyk (Oka, oýlan!)

3 Mart 2021
1080

Günlerde bir gün okuwynyň tölegini tölemek üçin gapy-gapy aýlanyp zat satýan garyp oglanjygyň ýanynda on teňňesi galypdyr, özem gaty ajygypdyr. Ol indiki öýden iýmäge bir zatlar soramagy ýüregine düwüpdir, ýöne gapyny ýaşajyk owadan zenan maşgala açanynda, aljyrap özüni ýitiripdir. Iýmäge zat soramagyň deregine içer ýaly suw sorapdyr. Zenan oglanyň açdygyny bilip, oňa uly bulgurda süýt getirip beripdir. Ol süýdi howlukman içip bolupdyr-da, oňa näçe tölemelidigini sorapdyr. Onda zenan:

— Hiç zat töläp oturmaň, sebäbi ejem bize: «Ýagşylyk üçin pul tölenýän däldir» diýipdi — diýýär.

Terjime eden Nabat GARRYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.