"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Sagdyn ýaşaýşa binýat

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ilatyň jan saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilýän giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmek babatynda möhüm ähmiýete eýe bolan bu işleriň ähmiýetini ildeşlerimize düşündirmekde welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem mynasyp tagalla edýärler. Häzirki wagtda ýerlerde ilatyň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň barşynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp durmuşa geçirilýän guwandyryjy işler, şeýle-de dünýäde giňden ýaýran täze howply ýiti ýokanç keseliň ýurdumyza aralaşmagynyň we ýaýramagynyň, şeýle-de howa şertleriniň üýtgemegi bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak boýunça edilýän tagallalar barada gürrüň berilýär.Wagyz-nesihat işlerinde ildeşlerimize elleriňi ýygy-ýygydan ýuwmagyň, zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen arassalamagyň, köpçülik ýerlerinde degişli howpsuz aralygy saklamagyň, agyz-burun örtügini dakynmagyň, sagdyn iýmitlenmegiň, sport-bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň möhümdigi ýatladylýar.

Düzgünleri berjaý etmek saglygyň girewidir

Adamlaryň dogry iýmitlenmegini, arassa we rahat ýaşamagyny, howpsuz, oňaýly şertlerde dynç almagyny, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyny üpjün etmek döwletimiziň ilkinji aladalarynyň biri bolup durýar. Eşretli geljegi bolan ýaş nesillerimizi ruhy we beden taýdan sagdyn, ýokary ahlakly, watançylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Kompýuter we beýleki maglumat ulgamlarynyň ösmegi bilen, adamlar az hereketlilik — gipodinamiýa ýagdaýyna duçar bolýarlar. Munuň yzygiderli dowam etmegi bolsa adamlaryň saglyk ýagdaýlarynyň üýtgemegine we beýleki çylşyrymly ýagdaýlara getirip bilýär. Az hereketlilik köplenç, beýnä we nerw ulgamyna düýpli täsirini ýetirip, agramyň artmagyna, oňurganyň gyşarmagyna getirýär. Galyberse-de, soňlugy bilen adamyň durkuny, kaddy-kamatyny üýtgedýär. Bu ýüze çykýan alamatlar durnukly ýagdaýa geçenden soňra, bedeniň ähli ulgamyna zyýan edýär hem-de ýokanç we ýokanç däl keseller dowamly görnüşde saklanyp galýar. Üns beren bolsaňyz, bu agzalan keselleriň ählisiniň başy hereketsizlikden we az hereketlilikden başlanýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin, mydama hereketde bolmak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn iýmitlenmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, ýagny gün tertibiňi kadalaşdyrmak örän möhümdir. Ýöne bu çäreler adam sagat wagty başlasa has peýdalydyr. Şonuň üçin öz çagalaryňyzy bu ýola ugrukdyr

Agyz-burun örtügi — kesellere garşy berk böwet

Häzirki wagtda howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artandygy sebäpli lukmanlar daşary çykylanda, hökman agyz-burun örtügini dakynmagy maslahat berýärler. Munuň özi kesellerden goranmagyň iň ygtybarly şertidir. Örtügi ulanmazdan öňürti eliňizi sabynlap ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy serişdelerden peýdalanmaly. Örtük dakynanyňyzda agzyňyzy, burnuňyzy we eňegiňizi oňat örter ýaly, onuň maýyşgak gysgyjyny burnuňyza tarap egreltmeli hem-de epinlerini düzetmeli. Örtügi dakynýan wagtyňyzda oňa eliňizi degirmezlige çalşyň! Agyz-burun örtügini ulanyp bolanyňyzdan soň, ony ýapyk zibil gaplaryna taşlamaly. Agyz-burun örtügiňizi aýranyňyzdan soňra-da hökman eliňizi sabynlap ýuwmaly. Lukmanlar bu örtükleri 2 sagatdan köp ulanmazlygy maslahat berýärler.

Saglygym — baş baýlygym

Arassaçylyk düzgün-tertibini berjaý ediň; sagdyn we dogry iýmitleniň; 

Arassaçylyk, abadanlaşdyryş işleri giň gerim aldy

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy we paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilen köpçülikleýin arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri welaýatymyzda hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Arkadag Prezidentimiziň bu sogap işdäki parasatly başlangyjyndan, nusgalyk göreldesinden göwünleri galkynan ildeşlerimiz pasyllaryň soltany bolan bahar paslynyň tämiz säherinde geçirilen köpçülikleýin çärä işjeň gatnaşdylar. Binalaryň daş-töwereginde arassaçylyk, baglara ideg etmek işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Köpçülikleýin çäre welaýat merkezindäki seýilgählerde, köçeleriň ugurlarynda, önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereklerinde bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we beýleki ulgamlaryň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilip, hakyky zähmet joşguny bolup dabaralandy. Ählihalk çäresinde kalby buýsançdan doly şäheriň ýaşaýjylary baglaryň düýplerini ýumşatmak, agartmak işleri bilen bir hatarda, olarda timarlaýyş işlerini geçirdiler. Seýilgählerde, ýadygärlikleriň töwereklerinde, köçeleriň ugurlarynda, ýanýodalarda abadanlaşdyryş işleri alnyp baryldy. Welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde geçirilen arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri sözüň doly manysynda agzybirligiň, watansöýüjiligiň, ruhy ýokary göterilişiň ajaýyp nusgasyna öwrüldi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda h

Lukmanyň maslahaty

Dürli ýokanç keselleriň öňüni almak üçin her bir adam, ylaýta-da, çagalar arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli ■ Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli.

Lukmanyň maslahaty

AGYZ-BURUN ÖRTÜGINI ULANMAGYŇ DÜZGÜNLERI

Saglygymyzy goramak özümize bagly

Möwsüm çalyşýan döwründe bedeniň kesellere garşy durup bilijilik ukyby peselýär, öňden bar bolan keselleriň gaýtalamagyna şert döreýär. Bu bolsa adam bedeninde käbir özgerişlikleriň bolup geçmegine hem-de adamlaryň arasynda möwsümleýin döreýän ýiti respirator ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Ýiti respirator ýokanç keseli ýokary dem alyş ýollarynyň zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Wiruslar howa-damja ýoly bilen näsag asgyranda, üsgürende, golaý aralykda ýüzbe-ýüz gürleşilende, gündelik ulanylýan gap-gaçlaryň üsti bilen beýleki sag adamlara ýokuşyp bilýär. Ýiti respirator ýokanç keseli köplenç duýdansyz başlanyp, bedeniň gyzgyny ýokarlanýar, myşsalarda, kellede, el-aýaklarda we onuň bogunlarynda agyry duýulýar, umumy gowşaklyk, burun dykylyp suw akýar, kähalatlarda ganamagy ähtimal, göz ýaşarýar, işdä peselýär. Keseli bejermekde esasy wajyp pursat keseli çalt we dogry anyklamakdyr, soňra näsagyň keseliniň geçiş ýagdaýyna görä, hassahana ýerleşdirilmelidir ýa-da öý şertinde bejergi alyp, lukmanyň gözegçiliginde bolmalydyr. Kesele ýeterlik üns bermän, wagtynda anyklanylman we bejergi alynman, derman serişdeleri özbaşdak kabul edilende, bedeniň dürli agzalarynda gaýraüzülmeleriň ýüze çykyp, erbet ýagdaýlara alyp barmagy ähtimaldyr.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Ähli mümkinçilikler bar Ajaýyp zamanada zähmet çekmäge, gurmaga, döretmäge, okamaga, durmuşyň hözirini görüp ýaşamaga, saglygyňy goramaga we dikeltmäge ähli mümkinçilikler bar. Şeýle mümkinçilikleri döredip beren lukman Arkadagymyzyň ««Keseli bejerenden onuň öňüni alanyň netijelidir» diýen pähiminden ugur alyp, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärleri bolup, halkyň saglygyny goramakda, ilatyň arasynda döräp biläýjek ýokanç keselleriň öňüni almakda uly işleri alyp barýarys. Keseliň öňüni almagy esasy maksadymyz hasaplaýarys.

Baş şert

Saglyk ynsanyň gymmatly baýlygydyr. Bu gymmatly baýlygy gorap saklamak bolsa her bir adamyň özüne bagly. Bu babatda her bir adamyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, kadaly iýmitlenmegi, ýeterlik ukyny almagy, açyk howada hereket etmegi, beden maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmegi hökmandyr. Şeýle hem arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli, ýagny, öý-iş otaglaryny arasssalap, howasyny täzeläp durmaly, müň derdiň dermany hasaplanýan üzärligi yzygiderli tütetmeli. Mundan başga hem häzirki wagtda howada tozan bölejikleriniň kadadan artýandygy sebäpli, birek-birek bilen iki metr aralygyň saklanmagy, agyz-burun örtükleriniň dakynylmagy, elleriň yzygiderli sabynlanyp ýuwulmagy hökmandyr. Munuň şeýle edilmegi öz saglygymyzy goramagyň baş şertidir. Her birimiziň öz saglygymyz barada aladalanmagymyz jemgyýetiň aladasyny etdigimizdir.

Saglygyň gadryny bilgil...

Gözbaşyny gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan merdana türkmen halkymyz hemişe gujur-gaýratyna bil baglap, akyl-paýhasa hormat goýup, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň paýhas eleginde elenen dürdäne jümlelerini ýol-ýörelge edinip ýaşapdyr. Şahyr bolsa giň dünýägaraýşyny dury pikirleriň, aň-paýhasyň üsti bilen öz goşgy setirlerinde beýan edipdir.  Milli Liderimiz: «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr» diýip, Magtymguly atamyzyň döredijiligine ýokary baha berýär.

Garrygala çomujy

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Garrygala çomujy — saýawanlylar maşgalasyndan boýy 80-100 santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak ösümlik. Tutuş ösümlik çalymtyl, gysga, ýumşak tüýjagazlar bilen örtülen. Baldagy, gyzylymtyl-goňur reňkli, köklek, has küti, ortasyndan oýuk sübsejige şahalanýar. Ýapraklarynyň iki tarapy hem tüýlüje. Kökýanyndakylary gysga sapakly, olaryň ülüşleriniň sudury giň üçburçly, üçe bölünen, uzynlygy 25 sm, ini 18 mm. Saýawany 15-20 şöhleli, gabarasy 10 santimetre çenli. Gül ýapraklary sary reňkli. Ýaşaýyş aýratynlygy. Garrygala çomujy ülkämizde deňiz derejesinden 400-1200 metr belentlikde bitýär. Ol paleogen toýunda, dürli reňkli topraklarda, daşly-çagylly eňňitlerde ösüp boý almany halaýar. Ösümlik aprel-maý aýlary gülleýär, maý-iýulda miweleýär, monokarpik. Ol tohumy arkaly köpelýär.

«Bagabat» şypahanasy halkyň hyzmatynda

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Saglygy goraýyş ulgamyndaky ösüşleriň täze belentlikleri hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjiligi we taýsyz tagallasy bilen Watanymyzy oňyn özgerişlikleriň ýoluna ataryp, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarýar. Ynsan saglygyny hemme zatdan ileri tutýan milli Liderimiziň tagallasy bilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş  ulgamy halkara derejesinde ykrar edilen ulgama öwrüldi. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyklykda, düýpgöter berkidildi.

Sorag-jogap

Aşgazanasty mäzi barlatmaly «Daşlaryň dörändigi sebäpli hirurg lukman operasiýa edip, öthaltany aýyrdy. Ýöne şondan soň hem sag gapdalymdaky, arkamdaky agyry aýrylmady, agzymyň ajamagy dowam edýär. Üstesine, gün-günden horlanýaryn. Maňa maslahat beriň».

Miweler bedene nähili täsir edýär?

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki eserinde getirilýän ylmy maglumatlara görä, ir-iýmişdir miweler bedeni ýaşaýyş üçin derwaýys peýdaly maddalar bilen üpjün edýär, ony kuwwatlandyrýar, işdäňi açýar, ganazlygyň, aşgazan-içege ulgamynyň näsazlyklarynyň, sowuklama keselleriniň öňüni almaga ýardam edýär. Ir-iýmişdir miwelerde witaminler we minerallar çylşyrymly uglewodly beýleki önümlerdäkä seredilende köpdür. Olar düzümindäki polifenollaryň mukdary boýunça gök önümlerden öňde durýar. Mälim bolşuna görä, polifenollar güýçli antioksidantlar bolup, olar erkin radikallary zyýansyzlandyrýar, stresleriň täsirini azaldýar. Gaýnaglama garşy güýçli täsire eýe bolmagy polifenollara baý önümleri ýiti respirator wirusly ýokançlaryň, ýiti respirator we sowuklama keselleriniň bejergisiniň täsirini artdyrmak, olaryň öňüni almak maksady bilen ulanmaga mümkinçilik berýär.Ir-iýmişdir miweler kletçatkalaryň hem egsilmez çeşmesi bolup durýar. Kletçatkalaryň bolsa iýmitiň siňmegini ýeňilleşdirip, aşgazan-içege ulgamynyň işine itergi berýändigi, içegeleri sagdynlaşdyrýandygy, deriniň, saçlaryň, dyrnaklaryň ýagdaýyna oňyn täsir edýändigi bellidir. Saglygyň, gözelligiň, juwanlygyň çeşmesi

Tagama bolan çendenaşa höwes

Näme üçin kämahal nähilidir bir süýjüje köke ýa-da duzly hyýar iýesiň gelýär?! Käbirleri bolsa, iýýän naharlaryny burçlap iýenini kem görenok. Diňe limonyň özüni iýmegi kem görmeýänler-de bar. Her bir adamyň käbir tagamlara bolan aýratyn höwesi bolýar. Şeýle ýagdaýda önümlere bolan islegiňizi kanagatlandyrmak dogrumyka?! Süýji, ajy, duzly, turşy tagamly göwnüň isleýän önümlerini islendik mukdarda iýseň bolýarmy?  Süýji önümlerSüýji önümleri iýmek islegi, köplenç, akyl zähmeti bilen meşgullanýan adamlarda bolýar. Sebäbi beýniniň işjeňligi üçin köp glýukoza sarp edilýär. Şeýle-de nerw ulgamy gowşak adamlar, köplenç, süýji önümleri iýmäge höwesli bolýarlar. Sebäbi glýukoza adrenaliniň bölünip çykmagyna gatnaşýar. Bu gormon, köplenç, stres ýagdaýlarynda bolanyňda köp mukdarda bölünip çykýar. Şeýle ýagdaýlarda özünde ýönekeý uglewodlary saklaýan ajy gara şokolady, zefiri, marmelady iýmek peýdalydyr. Uzak wagtlap berhiz tutan adamlar hem süýji önümleri köp iýmäge höwesli bolýarlar. Bu ýagdaý şeýle önümleri halaýan adamlaryň bedenine magniý ýetmezçilik etmegi netijesinde ýüze çykmagy mümkin.

Kaliý näme üçin gerek?

Adam bedeniniň işjeňligini kadaly ýerine ýetirmegi üçin witaminler, uglewodlar, beloklar, ýaglar bilen bilelikde mineral duzlar, şol sanda kaliý hem zerur gerekdir. Eýsem, bu element bedene näme üçin gerek? Kaliý ýetmezçilik edende bedende nähili bozulmalar ýüze çykyp bilýär? Habarçymyz şunuň bilen bagly käbir soraglara jogap bermegi Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti Aýna Annaorazowadan haýyş etdi. Bedeniň kadaly işini üpjün etmekde kaliý elementiniň uly ähmiýeti bardyr. Kaliý:

Allergiýa nämeden döreýär?

Ýazyň gelmegi bilen dürli ösümlikler gülleýär. Tebigatda her bir güljagaz tozgalaýar we başga bir ýerde köpelmek mümkinçiligine eýe bolýar. Göze görünmeýän tozgajyklaryň beden bilen galtaşmagyndan bolsa, käbir adamlarda allergiýa döreýär. Allergiýanyň bu görnüşine pollinoz diýilýär. Häzirki döwürde pollinoz iň ýaýran keselleriň biri bolup durýar. Tozgajyklar nemli bardalarda, mysal üçin, gözüň, burun boşluklarynyň, deriniň we bronhlaryň nemli bardalaryna ýelmeşip, zyýan ýetirýärler. Netijede bolsa, ýüze çykýan alamatlar sowuklama meňzeş bolýandygy sebäpli, kähalatda näsaglar özbaşdak ýalňyş bejergi alýarlar.  Şeýle ýagdaý ýüze çykan halatynda ilki bilen maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Lukman başga keselleriň ýoklugyna göz ýetirenden soň allergolog lukmanyna baryp, doly barlaglardan geçmegi maslahat berer.

Peýdaly maddalara baý önüm

Islendik bir ösümlik şinelände düzümindäki ýaşaýyş üçin derwaýys maddalar onlarça, hatda ýüzlerçe esse köpelýär. Ýaş ösüntgiler beden agzalarynyň we ulgamlarynyň sazlaşykly işlemegine itergi berýär. Şinelände peýdasy artýan ösümlikleriň biri-de bugdaýdyr. Islendik bir ösümlik şinelände düzümindäki ýaşaýyş üçin derwaýys maddalar onlarça, hatda ýüzlerçe esse köpelýär. Ýaş ösüntgiler beden agzalarynyň we ulgamlarynyň sazlaşykly işlemegine itergi berýär. Şinelände peýdasy artýan ösümlikleriň biri-de bugdaýdyr.

Baharda saglyk hem güllesin

Gül-gunçalar, pyntyk ýaran daragtlar, töwerege hoşboý ysyny ýaýradyp, boý alyp ugran otlar tebigatyň görküne görk goşsa, ýaplary dolduryp akýan suwuň şildirdisi, ýaz ýagşynyň şabyrdysy, guşlaryň jürküldisi birgeňsi sazlaşyp, ajaýyp bahar mukamyny emele getirýär. Bu gözelligi synlanyňda, tebigatyň hoş owazyny, täsin mukamlaryny diňläniňde kalbyň heýjana gelip, ýüregiň rahatlanýar. Ýöne eger bedeniň, tut ýaly sagdyn bolmasa, saglygyňy ýaramazlaşdyrýan näsazlyklar ynjalykdan gaçyryp, ruhy ýagdaýyňa erbet täsir edýän bolsa, onda tebigatyň bahardaky keşbinden lezzet alyp bilmersiň. Deriniň guramagy, saçyň düşmegi, dyrnaklaryň port, döwülegen bolmagy, iýmit siňdirişiň bozulmagy, bedeniň gowşamagy, kellagyrynyň, ukuçyllyk ýagdaýynyň, göwnüçökgünligiň, sussupesligiň, gaharjaňlygyň ýüze çykmagy, ýatkeşligiň, görşüň, işdäniň peselmegi, ýagtylyga ýokary duýgurlygyň peýda bolmagy.... Bular gyş ornuny ýaza berende ýüze çykyp bilýän näsazlyklaryň doly sanawy däldir. Munuň özi bahar paslynda saglyga aýratyn üns bermelidigini ýene-de bir gezek nygtamaga, ýatlatmaga esas berýär. Eýsem, pasyl çalşygynda ynsan saglygyna ýaramaz täsir edip bilýän üýtgemeleriň täsirinden nädip goranmaly?