Arassaçylyk, abadanlaşdyryş işleri giň gerim aldy

20 Aprel 2021
1149

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy we paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilen köpçülikleýin arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri welaýatymyzda hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Arkadag Prezidentimiziň bu sogap işdäki parasatly başlangyjyndan, nusgalyk göreldesinden göwünleri galkynan ildeşlerimiz pasyllaryň soltany bolan bahar paslynyň tämiz säherinde geçirilen köpçülikleýin çärä işjeň gatnaşdylar. Binalaryň daş-töwereginde arassaçylyk, baglara ideg etmek işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Köpçülikleýin çäre welaýat merkezindäki seýilgählerde, köçeleriň ugurlarynda, önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereklerinde bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we beýleki ulgamlaryň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilip, hakyky zähmet joşguny bolup dabaralandy. Ählihalk çäresinde kalby buýsançdan doly şäheriň ýaşaýjylary baglaryň düýplerini ýumşatmak, agartmak işleri bilen bir hatarda, olarda timarlaýyş işlerini geçirdiler. Seýilgählerde, ýadygärlikleriň töwereklerinde, köçeleriň ugurlarynda, ýanýodalarda abadanlaşdyryş işleri alnyp baryldy.

Welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde geçirilen arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri sözüň doly manysynda agzybirligiň, watansöýüjiligiň, ruhy ýokary göterilişiň ajaýyp nusgasyna öwrüldi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de kenarýaka şäheriň köçelerinde, seýilgählerinde, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň daş-töwereginde saýaly baglara, ýaş nahallara ideg etmek, suwarmak, ozal ösüp oturan agaçlary timarlamak işleri günüň bütin dowamynda ýokary işjeňlik bilen alnyp baryldy. Agzybirlikde guramaçylykly geçirilen ýowaryň netijesinde welaýatymyzyň obadyr şäherleriniň degre-daşy gözel keşbe eýe bolup, köpçülikleýin çärä gatnaşanlaryň kalbynda guwanç hem buýsanç duýgularyny artdyrdy. Olar ýurdumyzy gülledip ösdürmekde, özgertmekde, bagy-bossanlyga öwürmekde alyp barýan ägirt uly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».