Sagdyn ýaşaýşa binýat

20 Aprel 2021
1064

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ilatyň jan saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilýän giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmek babatynda möhüm ähmiýete eýe bolan bu işleriň ähmiýetini ildeşlerimize düşündirmekde welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem mynasyp tagalla edýärler.

Häzirki wagtda ýerlerde ilatyň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň barşynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp durmuşa geçirilýän guwandyryjy işler, şeýle-de dünýäde giňden ýaýran täze howply ýiti ýokanç keseliň ýurdumyza aralaşmagynyň we ýaýramagynyň, şeýle-de howa şertleriniň üýtgemegi bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak boýunça edilýän tagallalar barada gürrüň berilýär.Wagyz-nesihat işlerinde ildeşlerimize elleriňi ýygy-ýygydan ýuwmagyň, zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen arassalamagyň, köpçülik ýerlerinde degişli howpsuz aralygy saklamagyň, agyz-burun örtügini dakynmagyň, sagdyn iýmitlenmegiň, sport-bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň möhümdigi ýatladylýar.

Arslangeldi GYŞYKOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň hünärmeni.