Agyz-burun örtügi — kesellere garşy berk böwet

20 Aprel 2021
1121

Häzirki wagtda howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artandygy sebäpli lukmanlar daşary çykylanda, hökman agyz-burun örtügini dakynmagy maslahat berýärler. Munuň özi kesellerden goranmagyň iň ygtybarly şertidir. Örtügi ulanmazdan öňürti eliňizi sabynlap ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy serişdelerden peýdalanmaly. Örtük dakynanyňyzda agzyňyzy, burnuňyzy we eňegiňizi oňat örter ýaly, onuň maýyşgak gysgyjyny burnuňyza tarap egreltmeli hem-de epinlerini düzetmeli. Örtügi dakynýan wagtyňyzda oňa eliňizi degirmezlige çalşyň! Agyz-burun örtügini ulanyp bolanyňyzdan soň, ony ýapyk zibil gaplaryna taşlamaly.

Agyz-burun örtügiňizi aýranyňyzdan soňra-da hökman eliňizi sabynlap ýuwmaly. Lukmanlar bu örtükleri 2 sagatdan köp ulanmazlygy maslahat berýärler.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.