Tagama bolan çendenaşa höwes

19 Aprel 2021
1533

Näme üçin kämahal nähilidir bir süýjüje köke ýa-da duzly hyýar iýesiň gelýär?! Käbirleri bolsa, iýýän naharlaryny burçlap iýenini kem görenok. Diňe limonyň özüni iýmegi kem görmeýänler-de bar. Her bir adamyň käbir tagamlara bolan aýratyn höwesi bolýar. Şeýle ýagdaýda önümlere bolan islegiňizi kanagatlandyrmak dogrumyka?! Süýji, ajy, duzly, turşy tagamly göwnüň isleýän önümlerini islendik mukdarda iýseň bolýarmy? 

Süýji önümler
Süýji önümleri iýmek islegi, köplenç, akyl zähmeti bilen meşgullanýan adamlarda bolýar. Sebäbi beýniniň işjeňligi üçin köp glýukoza sarp edilýär. Şeýle-de nerw ulgamy gowşak adamlar, köplenç, süýji önümleri iýmäge höwesli bolýarlar. Sebäbi glýukoza adrenaliniň bölünip çykmagyna gatnaşýar. Bu gormon, köplenç, stres ýagdaýlarynda bolanyňda köp mukdarda bölünip çykýar. Şeýle ýagdaýlarda özünde ýönekeý uglewodlary saklaýan ajy gara şokolady, zefiri, marmelady iýmek peýdalydyr. Uzak wagtlap berhiz tutan adamlar hem süýji önümleri köp iýmäge höwesli bolýarlar. Bu ýagdaý şeýle önümleri halaýan adamlaryň bedenine magniý ýetmezçilik etmegi netijesinde ýüze çykmagy mümkin.

Agaýunus MYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň iýmit gigiýenasy kafedrasynyň mugallymy.