Saglygymyzy goramak özümize bagly

19 Aprel 2021
1097

Möwsüm çalyşýan döwründe bedeniň kesellere garşy durup bilijilik ukyby peselýär, öňden bar bolan keselleriň gaýtalamagyna şert döreýär. Bu bolsa adam bedeninde käbir özgerişlikleriň bolup geçmegine hem-de adamlaryň arasynda möwsümleýin döreýän ýiti respirator ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Ýiti respirator ýokanç keseli ýokary dem alyş ýollarynyň zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Wiruslar howa-damja ýoly bilen näsag asgyranda, üsgürende, golaý aralykda ýüzbe-ýüz gürleşilende, gündelik ulanylýan gap-gaçlaryň üsti bilen beýleki sag adamlara ýokuşyp bilýär.

Ýiti respirator ýokanç keseli köplenç duýdansyz başlanyp, bedeniň gyzgyny ýokarlanýar, myşsalarda, kellede, el-aýaklarda we onuň bogunlarynda agyry duýulýar, umumy gowşaklyk, burun dykylyp suw akýar, kähalatlarda ganamagy ähtimal, göz ýaşarýar, işdä peselýär. Keseli bejermekde esasy wajyp pursat keseli çalt we dogry anyklamakdyr, soňra näsagyň keseliniň geçiş ýagdaýyna görä, hassahana ýerleşdirilmelidir ýa-da öý şertinde bejergi alyp, lukmanyň gözegçiliginde bolmalydyr. Kesele ýeterlik üns bermän, wagtynda anyklanylman we bejergi alynman, derman serişdeleri özbaşdak kabul edilende, bedeniň dürli agzalarynda gaýraüzülmeleriň ýüze çykyp, erbet ýagdaýlara alyp barmagy ähtimaldyr.

Irina SALAROWA,
Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Ýokanç keselleri bejeriş-öňüni alyş merkeziniň lukmany.