"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Arassaçylyk düzgünlerini berjaý edeliň!

Howanyň gyzyp, dürli ir-iýmişleriň bişmegi bilen, arassaçylyk kadalary doly berjaý edilmedik ýagdaýynda, ulularyň we çagalaryň arasynda ýiti içege keselleriniň döremek howpy ýüze çykýar. Arassaçylyk düzgünleri berjaý edilmedik ýagdaýynda kesel döredijiler gapy tutawaçlarynda, süpürgiçlerde saklanýar we ýaşaýar. Çagalar ýuwulmadyk gök önümleri, miweleri elläp, elini ýuwman iýenlerinde, kesel iýmit üsti bilen ýokuşýar.

Saglyk — gymmatly baýlyk

Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, agyz-burun örtüklerini dakynmak birnäçe ýokanç keselleriň, esasan-da, ýiti respirator keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. Şeýle-de lukmanlar kesellerden goranmak üçin şu aşakdakylary maslahat berýärler: — daşary çykylanda hökman agyz-burun örtügini dakynmaly we ony her 2 sagatdan çalşyp durmaly;

Sagdyn durmuş — bagtly ýaşaýşyň sakasy

1. Witaminlere baý bolan önümleri iýmeli we dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlary içmeli. 2. Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtügini dakynmagy ýatdan çykarmaly däl, ony talabalaýyk, dürs dakynmaly.

Sagdyn jemgyýet — sagdyn döwlet

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler diňe bir Diýarymyzda däl, eýsem, bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar. Hususan-da, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we berkitmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen, özara işjeň hem-de netijeli köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ata Watanymyz Türkmenistanyň bu ugurda degişli halkara guramalaryň birnäçe güwänamalaryna we sertifikatlaryna mynasyp bolmagy muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Berkarar döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň dünýä derejesine çykarylmagyna aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda ulgamyň mümkinçilikleri artdyrylyp, hyzmatlaryň ýokary hil ülňüsiniň üpjün edilmegi, hünärmenleriň bilim derejesiniň kämil bolmagy, maddy-üpjünçilik binýadynyň täze tehnikalar bilen berkidilmegi we dünýäniň lukmançylyk ylmynyň gazananlarynyň özleşdirilmegi babatda ýokary sepgitlere ýetilýär. Öz gezeginde saglygy goraýyş ulgamynda şeýle işleri üstünlikli amala aşyrmaklyk Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir.

Örtügi dogry ulanmagy endik et!

■ Lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmak daşky gurşawyň ýaramaz täsirleri netijesinde adamyň öýkenine, aýratyn-da, dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän tozan bölejiklerinden goranmakda örän ähmiýetlidir. Şoňa görä-de, şahsy gorag serişdeleri bolan agyz-burun örtüklerini saglygyny goramagyň aladasyny edýän her bir adamyň ulanmagy maksadalaýykdyr. ■ Iň esasy kada: ýokanç kesellerden goranmak üçin diňe lukmançylyk örtüklerinden peýdalanmak ýeterlik däldir. Bu işi 2 metr howpsuz araçägi saklamak, elleriňizi wagtly-wagtynda sabynlap ýuwmak bilen utgaşdyryň we şu ýönekeý kadalary gündelik endigiňize öwrüň!

Lukman maslahat berýär

Bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Pasyllara görä geýinmeli we witamin C — askorbin turşusyna baý önümleri kabul etmeli (bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesi, alma, pyrtykal miwe şireleri, kelem, käşir we beýleki bakja önümleri).

Saglygymyz — baýlygymyz

Öýden daşary çykanyňyzda agyz-burun örtügini dakynyň! Elleriňizi sabyn bilen ýuwuň, zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen tämizläň!

Sagdynlygyň mekany

Sagdynlyk — ynsan başynyň täji. «Sag başym — soltan başym» diýýän il-günümiz saglyk bilen bagly birnäçe aýtgylary döredipdir. «Saglygyň gadryn bilgil, hassa bolmazdan burun», «Görk — agyzdan, görmek — eginden», «Az iýen görkli — köp iýen dertli», «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» ýaly birnäçe parasada öwrülen aýtgylar il-günümiziň göwün hoşudyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Türkmenistan — melhemler mekany», «Çaý — melhem hem ylham», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» atly kitaplary ynsan saglygyna bagyşlanan gymmatly eserlerdir. Saglyga synanyň täji hökmünde seretmek hökmanydyr, çünki süňňüň sagat bolsa durmuşam manyly, maksatlaryňam aýdyň bolýar. Saglyk ynsanyň ömrüni uzaldyjy güýje eýe bolan keremdir. Munuň üçin adam özi barada çynlakaý aladalanmalydyr, aşa sowuk, ajy we süýji, ýagly iýmitleri iýmekden saklanmalydyr. Ýurdumyzda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzda we welaýatlarda birnäçe saglyk merkezleri gurlup, lukmançylyk ulgamynyň işi kämilleşdirildi.

Saglyk — durmuşyň bezegi

Tagalla edilýär

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saglygyny goramaga uly üns berýär. Gülden görkli Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýän saglyk merkezleriniň, hassahanalaryň her ýylda birnäçesi gurlup, ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny berkitmäge hem-de dikeltmäge niýetlenen ýokary hilli şypahanalar, sport desgalary, sagaldyş merkezleri hereket edýär. Şäher merkezlerinde, şeýle hem oba ýerlerinde ilata saglyk öýleri hyzmat edýär. Şol saglyk öýlerinde tejribeli lukmanlardyr şepagat uýalary zähmet çekýärler. Tagtabazar etrabyndaky oba saglyk öýünde maşgala lukmany hem-de müdir bolup zähmet çekýän Annamyrat Gelenow indi halypa lukmanlaryň hatarynda tanalýar. Ol bu ugurda 54 ýyl bäri zähmet çekip gelýär we bu saglyk merkezinde 41 ýyl bäri müdir bolup işleýär. Annamyrat Gelenowyň ýanyna ýüz tutup gelýän oba adamlary onuň işinden örän hoşal bolýarlar.

Kesellere garşy göreş

Her ýylyň aprel aýynda Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Onuň dowamynda dürli ýaşdaky adamlara sanjymlar, bejeriş işleri geçirilýär. Immunizasiýa ýokanç keselleriň öňüni almagyň, ýaş çagalaryňdyr ýetginjekleriň saglygyny goramagyň, dogrumdan öňki kömegiň hilini ýokarlandyrmagyň we bäbeklere kömek etmegiň esasyny düzýär. Lukmançylygyň esasy ugurlarynyň biri waksinalar arkaly keselleriň öňüni almakdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda waksinalar bilen öňüni alyp bolýan ýokanç keselleriň azalmagynda, birnäçesiniň düýbünden ýok edilmeginde uly üstünlikler gazanyldy. Sanjymlaryň geçirilmegi ýokanç keselleriň öňüni almakda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň güwänamasyny alan waksinalar bilen çagalara yzygiderli sanjymlar geçirilýär. Milli sanjym tertibine laýyklykda, häzirki döwürde wirusly gepatitiň B görnüşine, inçekesele, poliomiýelite, difteriýa, gökbogma, bürmä, gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja, Hib ýokanjyna, adamyň papilloma wirusynyň döredýän howply döremelerine, şeýle-de pnewmokokk, rotawirus, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy öňüni alyş sanjymlary geçirilýär. Häzirki wagtda kombinirlenen, düzüminde bir wagtda birnäçe ýokanç kesellere garşy immunitetiň döremegine ýardam berýän waksinalary satyn almaga üns berilýär. ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda satyn alnan sanjymlar çagalary öňüni almasy mümkin bolan 14 kese

Saglygy goramagyň hukuk binýady

Eziz Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny goramakda bimöçber işler amala aşyrylýar. Pasyllaryň çalyşmagy, howply ýokanç keselleriň öňüni almakda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ilat arasynda çagalardan başlap, ýaşululara çenli halk köpçüligine ýiti ýokanjyň aralaşmagynyň öňüni almak üçin degişli hünärmenler bilen bilelikde dogry iýmitlenmek, witaminlere baý gök önümleri we miweleri köpräk iýmek, her günde azyndan 2 litr arassa suw içmek, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, daşardan gelnende, nahardan öň we soň elleri sabynlap ýuwmak, 8 sagatdan az bolmadyk kadaly ukyny almak, jemgyýetçilik ýerlerinde howpsuz 2 metr aralygy saklamak, öý we iş otaglarynda penjireleri açyp, ýelejiredip, howasyny çalşyp durmak, üzärlik tütedip, çygly arassaçylyk işlerini yzygiderli geçirmek, agyz-burun örtüklerini talabalaýyk dakynmak, ähli adamlaryň oksolin melhemini ulanmagy ýaly meseleler boýunça yzygiderli wagyz-nesihat, düşündiriş işleri geçirilýär. Prokuratura edaralary tarapyndan diňe bir düşündiriş işlerini geçirmek bilen çäklenmän, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň kanuny talaplarynyň, şeýle hem «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 4-nji bendinde: «Pudaklaýyn dolandyryş edaralary özleriniň garamagyndaky çäkde raýatlaryň saglygynyň goralyp saklanylmagy we berkidilme

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmaly. * * *

Müň derde dermandyr üsti bedewiň

Meşhur Gippokrat hem dertden tiz sagalasyň gelse, atda gezelenç etmelidigini aýdyp geçipdir. Fransuz pelsepeçisi Deni Didro bolsa at münmegiň peýdasy barada uly bir ylmy iş ýazypdyr. Ol at münmegi fiziki maşklaryň arasynda iň peýdalysy hasaplapdyr. At münmegiň peýdasyna şeýle uly üns berilmegi ýöne ýerden däldir. Sebäbi eýerde oturan adam, bir minutyň dowamynda tutuş göwresi bilen dürli ugurlara 100-den gowrak dürli hereketleri amala aşyrýar. Bu bolsa bedeniň her bir gymyldy-hereketiniň ünsde saklanylmagyny talap edýär. Şeýlelikde, ol hereketlere bedeniň ähli myşsalary goşulyşýar. Iň täsin ýeri, eýerde saklanmak üçin edilýän hereketlere bedeniň diňe sagat däl, eýsem, şikes ýeten myşsalary-da mejbury goşulyşmaly bolýar. Iň wajyp ýeri-de, adam at münmegiň lezzetinden göwni göterilip, bedeniň amala aşyrýan çylşyrymly işlerine kän bir ünsem bermeýär. Bu bolsa oňurgalaryň, bogunlaryň, süňkleriň dürli şikesleriniň has şowly we tiz geçmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň ýaly-da at münmekde düşýän agramyň netijesinde oňurgalaryň daşynda özboluşly myşsa gurşawy emele gelýär, gan aýlanyşyk gowulanýar.

Möwsümleýin dümewden ägä boluň!

Her paslyň öz gözelligi bar. Ýaz ýylyň iň ajaýyp pasly bolup, onda bütin tebigat janlanyp, ýaşyl donuny geýýär, ekinzarlyklar gül-pürçük bolýar, giň sähralar läle-reýhan nagyşly owadan hala meňzeýär. Ýaz paslyna howanyň ýygy-ýygydan üýtgäp durmagy mahsus. Şeýle ýagdaý käbir adamlaryň saglygyna öz täsirini ýetirýär. Şu pasylda ynsan bedeni sowuklama duýgur bolýar. Ýaz-güýz sowuklamasyndan we wirus infeksiýasyndan habardar bolmaly. Ýagyş, güýçli ýel hem-de howanyň çyglylygynyň üýtgäp durmagy adamyň immun ulgamynyň goragyny pese düşürýär. Sowuklamanyň öňüni almagyň iň ygtybarly usuly ýörite sanjym almakdyr. Sowuklamadan we dümewden goranmagyň iň aňsat hem ähmiýetli usuly agyz-burun örtügini ulanmakdyr. Eliňi tiz-tizden sabynlanyp ýuwmaly, sebäbi ýokanç keselleriň 80 göteriminiň galtaşmak arkaly geçýändigini ýatda saklamaly.

Görer gözüň gymmaty

Sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilen iş şertlerimiz barha ýeňilleşdi. Kompýuterler, mobil enjamlar durmuşymyza işjeň ornaşdy. Işde, öýde, ýolda olaryň hyzmatyndan yzygiderli peýdalanýarys. Emma sanly tehnologiýalardan gereginden artyk peýdalanmagyň, köplenç halatda, astenopiýa eltip bilýändigini unutmaly däldiris. Astenopiýa — bu gözleriň ýadamagy. Göz ýadawlygy bilen häzirki zaman adamlaryň aglabasy ýüzbe-ýüz bolýar. Çünki biziň ýaşaýyş-durmuş şertlerimiz sanly tehnologiýalar bilen galtaşykly. Köpler işden öýüne baransoň hem kompýutere ýa-da mobil enjamyna güýmenýär. Bu bolsa ozal hem ýadaw gözlere has-da agram salyp bilýär. Kompýuteriň ekranynyň öňünde gereginden artyk oturmak gözleri ýadadýar. Soňy bilen göz ýadawlygy owalarda guraklygyň döremegine getirýär. Mundan başga-da, astenopiýa kellagyry, baş aýlanma hem döredip bilýär.

Göz gyrpmak

Her bir adam 2—10 sekunt aralykda gözüni gyrpýar. Çünki gözleriň tiz-tizden gyrpylyp durmagy bilen dideler daşky tozandyr kirşenlerden goralýar we owalar çyglylanyp durýar. Oftalmolog lukmanlaryň barlaglaryna görä, sagdyn adam bir günüň dowamynda 11-12 müň gezek, bir ýylyň dowamynda bolsa 4 milliondan gowrak gezek gözüni gyrpýar. Haçan-da adam tolgunan pursadynda, onuň gözleriniň gyrpylmasy tizleşýär. Emma bir zada ünsüni berip işlände, surat çekende, kitap okanda, kino görende gözleriniň gyrpylmasy haýallaşýar. Kompýuteriň ekranynyň öňünde dümtünip işlenilende gözleriň gyrpylmasy iki esse peselýär. Bu bolsa gözleriň owalarynyň çyglanmagyny peseldýär, owalarda guraklygy döredýär.

Çagalarda içgeçme

Içgeçmäni döredýän mikroblar, bakteriýalar, wiruslar, esasan, et, süýt, miwe ýaly azyk önümlerinde bolýar, olar suwda ýaşaýar hem köpelýär. Şonuň üçin suwuň gaýnadylman içilmegi, gök önümleriň ýuwulman iýilmegi, çagalaryň nädogry iýmitlendirilmegi içgeçmäniň ýüze çykmagyna getirýär. Bu sökellik şahsy arassaçylygyň düzgünleriniň berjaý edilmezligi zerarly ýokuşyp bilýär. Içgeçme keseli wagtlaýyn nähoşluk bolup, howanyň maýyl we yssy pasyllarynda, aýratyn hem, kiçi ýaşly çagalarda ýygy duşýar. Içgeçmä ýolugan çaganyň bimazalygy artýar, aglaýar, işdäsi bozulýar, özüni keýpsiz duýýar. Gyzgyny galýar, içi ýellenýär, iýen-içen zadyny gaýtarýar, täreti suwuk bolýar. Syrkawyň endamyndaky suwuň, mineral duzlaryň düzümi azalyp, gyzgyny ýokarlanýar. Ýokançdan başga-da, çagalarda içgeçme döredýän käbir sebäpler bolup biler. meselem çaga bedeninde laktoza fermentiniň ýetmezçiligi ýüze çykanda (çaganyň emen ýa-da içen süýdüni özleşdirip bilmezligi) bolup bilýär. Çagada enteropatik dermatiti bellige alnan ýagdaýynda, ol enesini emip bolan badyna täreti bozulýar.

Ganazlyk

Ganazlyk — ganyň düzüminde gemoglobiniň az bolmagydyr. Aýallarda gemoglobiniň ortaça derejesi bir desilitre 12—16 gram, erkeklerde ortaça bir desilitre 14 — 18 gram, çagalarda bolsa bir desilitre 11 — 16 gram bolmalydyr. Ganyň düzüminde köp sanly gyzyl gan öýjükleri bolup, olar bedende aýlanyp, bedeni gemoglobin bilen üpjün edýärler. Gemoglobin gyzyl gan öýjükleriň düzüminde bolup, bedeniň ähli ýerlerine aýlanýar. Gemoglobin adam üçin örän möhümdir, çünki ol bedeni we öýjükleri zerur bolan kislorod bilen üpjün edýär. Kislorod bedeniň öýjüklerini herekete getirýär. Ganda gemoglobiniň pes derejede bolmagy kislorodyň ýeterlik derejede ýokdugynyň alamatydyr. Ganda gemoglobiniň ortaça derejesiniň az bolmagy bedende demir ýetmezçiliginden emele gelýär. Demir bedeniň öýjüklerini kislorod bilen üpjün edýän gemoglobini emele getirýän esasdyr. Adamyň bedeninde demir bolmasa gemoglobini emele getirip bilmeýär. Ysgynsyzlyk we ýadawlyk, işjeňligiň peselmegi, dem ýetmezçiligi, deriň solgun bolmagy, dyrnaklaryň portlaşmagy, baş aýlanmagy ganazlygyň alamatlarydyr.

Almanyň ýokumy

Miweleriň adam saglygy üçin peýdasy uludyr. Olaryň düzümindäki witaminler, ýokumly minerallardyr maddalar adamyň sagdyn bolmagy üçin örän ähmiýetlidir. Maglumatlara görä, miweleriň arasynda has köp ulanylýany almadyr. Almanyň sekiz müňe golaý görnüşi bardyr. Şeýle-de dünýäde her ikinji agaç alma agajydyr we bu miwe ýylyň ähli paslynda-da elýeterlidir. Munuň özi almanyň dünýäde iň kän ýaýran we halklar tarapyndan höwes bilen sarp edilýän miwedigini subut edýär. Ýakymly ysy we süýji tagamy bilen alma uly-kiçi ähliniň halaýan miwesidir. Onuň düzüminiň dürli witaminlere we minerallara, esasan-da, demre baýdygyny bellemeli. Şeýle-de miwede organiki turşulyklar, glýukoza, fruktoza, efir ýaglary, A, K, C, E, B6 witamini, kletçatka, pektin maddalary, mineral duzlar, fitonsidler we beýleki maddalar saklanýar. Almanyň ýokuma baý düzümi bedeniň keselden goranyjylyk ukybyny artdyrýar, sowuklama, dümewleme keselleriniň öňüni almaga oňat täsirini ýetirýär, bedendäki alyş-çalyş ýagdaýyny kadalaşdyrýar. Almadaky ýokumly serişdeler deriniň, süňküň, görüş ulgamynyň sagdynlygyny üpjün edýär. Kalsiý boýuň ösmegine, süňküň berk bolmagyna gowy ýardam edýär. Almanyň ýürek-damar keselleriniň öňüni almak ukybynyň bardygyny aýratyn bellemelidir.