Kesellere garşy göreş

30 Aprel 2021
1068

Her ýylyň aprel aýynda Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Onuň dowamynda dürli ýaşdaky adamlara sanjymlar, bejeriş işleri geçirilýär. Immunizasiýa ýokanç keselleriň öňüni almagyň, ýaş çagalaryňdyr ýetginjekleriň saglygyny goramagyň, dogrumdan öňki kömegiň hilini ýokarlandyrmagyň we bäbeklere kömek etmegiň esasyny düzýär. Lukmançylygyň esasy ugurlarynyň biri waksinalar arkaly keselleriň öňüni almakdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda waksinalar bilen öňüni alyp bolýan ýokanç keselleriň azalmagynda, birnäçesiniň düýbünden ýok edilmeginde uly üstünlikler gazanyldy. Sanjymlaryň geçirilmegi ýokanç keselleriň öňüni almakda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.

Ýurdumyzda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň güwänamasyny alan waksinalar bilen çagalara yzygiderli sanjymlar geçirilýär. Milli sanjym tertibine laýyklykda, häzirki döwürde wirusly gepatitiň B görnüşine, inçekesele, poliomiýelite, difteriýa, gökbogma, bürmä, gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja, Hib ýokanjyna, adamyň papilloma wirusynyň döredýän howply döremelerine, şeýle-de pnewmokokk, rotawirus, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy öňüni alyş sanjymlary geçirilýär. Häzirki wagtda kombinirlenen, düzüminde bir wagtda birnäçe ýokanç kesellere garşy immunitetiň döremegine ýardam berýän waksinalary satyn almaga üns berilýär. ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda satyn alnan sanjymlar çagalary öňüni almasy mümkin bolan 14 keselden goramaga mümkinçilik berýär. Öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilmegi diňe bir ýokanç keselleriň däl, eýsem, şol keselleriň netijesinde ýüze çykýan agyr gaýraüzülmeleriň hem öňüni almaga ýardam edýär.

Şemşat ANNAMUHAMMEDOWA,
Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň maşgala lukmany.