Ganazlyk

29 Aprel 2021
1157

Ganazlyk — ganyň düzüminde gemoglobiniň az bolmagydyr. Aýallarda gemoglobiniň ortaça derejesi bir desilitre 12—16 gram, erkeklerde ortaça bir desilitre 14 — 18 gram, çagalarda bolsa bir desilitre 11 — 16 gram bolmalydyr. Ganyň düzüminde köp sanly gyzyl gan öýjükleri bolup, olar bedende aýlanyp, bedeni gemoglobin bilen üpjün edýärler. Gemoglobin gyzyl gan öýjükleriň düzüminde bolup, bedeniň ähli ýerlerine aýlanýar. Gemoglobin adam üçin örän möhümdir, çünki ol bedeni we öýjükleri zerur bolan kislorod bilen üpjün edýär. Kislorod bedeniň öýjüklerini herekete getirýär. Ganda gemoglobiniň pes derejede bolmagy kislorodyň ýeterlik derejede ýokdugynyň alamatydyr.

Ganda gemoglobiniň ortaça derejesiniň az bolmagy bedende demir ýetmezçiliginden emele gelýär. Demir bedeniň öýjüklerini kislorod bilen üpjün edýän gemoglobini emele getirýän esasdyr. Adamyň bedeninde demir bolmasa gemoglobini emele getirip bilmeýär. Ysgynsyzlyk we ýadawlyk, işjeňligiň peselmegi, dem ýetmezçiligi, deriň solgun bolmagy, dyrnaklaryň portlaşmagy, baş aýlanmagy ganazlygyň alamatlarydyr.

Ogulbossan MÖWLAMOWA,
Tejen şäher hassahanasynyň lukmany.