Çagalarda içgeçme

29 Aprel 2021
1269

Içgeçmäni döredýän mikroblar, bakteriýalar, wiruslar, esasan, et, süýt, miwe ýaly azyk önümlerinde bolýar, olar suwda ýaşaýar hem köpelýär. Şonuň üçin suwuň gaýnadylman içilmegi, gök önümleriň ýuwulman iýilmegi, çagalaryň nädogry iýmitlendirilmegi içgeçmäniň ýüze çykmagyna getirýär. Bu sökellik şahsy arassaçylygyň düzgünleriniň berjaý edilmezligi zerarly ýokuşyp bilýär. Içgeçme keseli wagtlaýyn nähoşluk bolup, howanyň maýyl we yssy pasyllarynda, aýratyn hem, kiçi ýaşly çagalarda ýygy duşýar. Içgeçmä ýolugan çaganyň bimazalygy artýar, aglaýar, işdäsi bozulýar, özüni keýpsiz duýýar. Gyzgyny galýar, içi ýellenýär, iýen-içen zadyny gaýtarýar, täreti suwuk bolýar. Syrkawyň endamyndaky suwuň, mineral duzlaryň düzümi azalyp, gyzgyny ýokarlanýar.

Ýokançdan başga-da, çagalarda içgeçme döredýän käbir sebäpler bolup biler. meselem çaga bedeninde laktoza fermentiniň ýetmezçiligi ýüze çykanda (çaganyň emen ýa-da içen süýdüni özleşdirip bilmezligi) bolup bilýär. Çagada enteropatik dermatiti bellige alnan ýagdaýynda, ol enesini emip bolan badyna täreti bozulýar.

Gülsoltan GADAMOWA,
Ahal welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany.