Görer gözüň gymmaty

29 Aprel 2021
1142

Sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilen iş şertlerimiz barha ýeňilleşdi. Kompýuterler, mobil enjamlar durmuşymyza işjeň ornaşdy. Işde, öýde, ýolda olaryň hyzmatyndan yzygiderli peýdalanýarys. Emma sanly tehnologiýalardan gereginden artyk peýdalanmagyň, köplenç halatda, astenopiýa eltip bilýändigini unutmaly däldiris.

Astenopiýa — bu gözleriň ýadamagy. Göz ýadawlygy bilen häzirki zaman adamlaryň aglabasy ýüzbe-ýüz bolýar. Çünki biziň ýaşaýyş-durmuş şertlerimiz sanly tehnologiýalar bilen galtaşykly. Köpler işden öýüne baransoň hem kompýutere ýa-da mobil enjamyna güýmenýär. Bu bolsa ozal hem ýadaw gözlere has-da agram salyp bilýär. Kompýuteriň ekranynyň öňünde gereginden artyk oturmak gözleri ýadadýar. Soňy bilen göz ýadawlygy owalarda guraklygyň döremegine getirýär. Mundan başga-da, astenopiýa kellagyry, baş aýlanma hem döredip bilýär.

Allaberdi ARTYKOW,
Ahal welaýat köpugurly hassahanasynyň göz lukmany.