Möwsümleýin dümewden ägä boluň!

29 Aprel 2021
1094

Her paslyň öz gözelligi bar. Ýaz ýylyň iň ajaýyp pasly bolup, onda bütin tebigat janlanyp, ýaşyl donuny geýýär, ekinzarlyklar gül-pürçük bolýar, giň sähralar läle-reýhan nagyşly owadan hala meňzeýär. Ýaz paslyna howanyň ýygy-ýygydan üýtgäp durmagy mahsus. Şeýle ýagdaý käbir adamlaryň saglygyna öz täsirini ýetirýär. Şu pasylda ynsan bedeni sowuklama duýgur bolýar.

Ýaz-güýz sowuklamasyndan we wirus infeksiýasyndan habardar bolmaly. Ýagyş, güýçli ýel hem-de howanyň çyglylygynyň üýtgäp durmagy adamyň immun ulgamynyň goragyny pese düşürýär. Sowuklamanyň öňüni almagyň iň ygtybarly usuly ýörite sanjym almakdyr. Sowuklamadan we dümewden goranmagyň iň aňsat hem ähmiýetli usuly agyz-burun örtügini ulanmakdyr. Eliňi tiz-tizden sabynlanyp ýuwmaly, sebäbi ýokanç keselleriň 80 göteriminiň galtaşmak arkaly geçýändigini ýatda saklamaly.

Amanmuhammet GURBANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň dosenti.