Türkmenistan — sport ýaryşlaryny geçirmekde nusgalyk ýurt
«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Dünýäde sport ýurdy hökmünde tanalýan Türkmenistanda halkara derejeli türgenleri taýýarlamak ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bilen baglanyşykly kabul edilýän maksatnamalaryň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Ilkinji nobatda, türgenler üçin zerur bolan ähli şertleri döretmek maksady bilen, sport ulgamyny ösdürmäge uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär, ulgamyň düzümine ylmyň täze gazananlary we öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň bildirýän talaplaryna laýyklykda, düzümine sport zallary, futbol, basketbol we woleýbol meýdançalary, howuzlar, tennis meýdançalary girýän bilim hem-de mekdebe çenli edaralary gurmak hökmany şert bolup, bu ýurdumyzda sportuň esasyny düzýär. Diňe Diýarymyzyň şäherlerinde däl-de, eýsem, obalarda hem dünýä ölçeglerine kybap gelýän köpugurly stadionlar we sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri guruldy.