Argentinaly super ýyldyz Lionel Messiniň öňki topardaşlaryndan ýene biri «Inter Maýami» toparyna geçdi. Köp wagtdan bäri gürrüňi edilýän transfer ahyry amala aşyp, urugwaýly ýyldyz hüjümçi Luis Suares MLS-niň «Inter Maýami» topary bilen 1+1 ýyllyk şertnama baglaşdy.
Karýerasy boýunça «Nasional», «Groningen», «Aýaks», «Liwerpul», «Barselona», «Atletiko Madrid», ýene-de «Nasional» hem-de «Gremio» klublarynda oýnan Luis Suares ady agzalan şu toparlarda 800 duşuşykda 489 gezek tapawutlandy.