Boks boýunça Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda geçirilen boks agşamynda agyr agramyň ägirtleri ringe çykdy. Köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşan tutluşygynda angliýaly Antoni Joşua bilen şwesiýaly Otto Walin duşuşdy. 5-nji raundyň 3-nji minutynda garşydaşyny burça gaban Joşua ýeňiş gazanmagy başardy. Bu onuň 30-njy tutluşygyndaky 27-nji ýeňşi boldy. 34 ýaşly boksçy 3 gezegem ýeňlipdi. Şol boks agşamynda Täze Zelandiýanyň meşhur boksçusy Ýosef Parker bilen amerikaly belli boksçy Deonteý Waýlder duşuşdy. 12 raundda tamamlanan tutluşykda Parker güýçli garşydaşyny urgularyň sany boýunça ýeňmegi başardy. Bu onuň 37-nji duşuşykdaky 34-nji ýeňşi boldy. 38 ýaşyndaky tejribeli Waýlder bolsa 47-nji tutluşygynda 3-nji sapar garşydaşlaryndan asgyn geldi.