Angliýanyň çempionatynda 19-njy tapgyrda «Nýukasl» öz meýdançasynda «Nottingam Forestden» 3-1 hasabynda asgyn geldi. Kris Wuduň het-trigi bilen ýeňşini baýram eden «Nottingam Forest» topary «Nýukasly» 1988-nji ýyldan soň ilkinji sapar utdy. «Arsenal» bilen öz meýdançasynda deňme-deň oýnan «Liwerpul» 19-njy tapgyrda «Börnlini» Nunýes hem-de Žotanyň gollary esasynda 2–0 hasabynda ýeňdi. Tapgyryň çekeleşikli geçen oýnunda «Aston Willa» myhmançylykda «Mançester Ýunaýted» bilen duşuşdy. Birmingem şäheriniň wekili 1-nji ýarymda Makginn hem-de Dendonkeriň gollary bilen 2–0 hasabynda öňe saýlansa-da, 2-nji ýarymda ýer eýeleri ýaş oýunçylarynyň gollary bilen ýeňiş gazanmagy başardy. 59-njy we 71-nji minutlarda Garnaço tapawutlanyp, hasaby deňlese, Heýlunn 82-nji minutda toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy. Rasmus Heýlunn APL-däki ilkinji goluny geçirip, ol bu arzuwyna 15 oýunda ýetmegi başardy. «Şeffild Ýunaýted» bilen «Luton Tawnyň» arasyndaky oýunda ýer eýeleri 4 gol geçirse-de, 3–2 hasabynda utuldy. Başgaça aýdylanda, «Luton Tawn» toparynyň geçiren 3 golunyň soňky 2-sini «Şeffild Ýunaýted» toparynyň oýunçylary öz derwezesinden girizdi. «Fulhamy» 3–0 hasabynda ýeňen «Bornmut» topary soňky 7 duşuşykda 6-njy gezek ýeňiş gazanmagy başardy. London derbisinde «Çelsi» öz meýdançasynda «Kristal Palasdan» 2–1 hasabynda üstün çykdy. «Mançester Siti» bolsa myhmançylykda «Ewerton» bilen duşuşyp, garşydaşynyň öňe saýlanandygyna garamazdan, 3–1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy.
«Inter» bilen «Ýuwentus» arany açýar