"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Azi­ýa­da-da, Af­ri­ka­da-da ýer eýe­le­ri çem­pi­on bol­dy

Bir aýa go­laý wagt­lap do­wam eden iki uly yk­ly­myň — Azi­ýa­nyň hem-de Af­ri­ka­nyň no­bat­da­ky fut­bol çem­pio­nat­la­ry ta­mam­lan­dy. Bir­nä­çe gör­ke­zi­ji ba­bat­da bir­meň­zeş bo­lan çem­pio­na­tyň iki­sin­de hem ýer eýe­le­ri çem­pi­on­lyk ga­zan­ma­gy ba­şar­dy.

Samboçylaryň üstünligi

Ýakynda Türkmenistanyň sambo boýunça milli ýygyndysynyň wekilleri Belarus Respublikasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirip, onuň çäklerinde dostlukly döwletiň Prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşa-da gatnaşdylar. Öňde duran dünýä we yklym çempionatyna taýýarlygyň möhüm tapgyryna öwrülen bu çäre türgenlerimiziň fiziki we taktiki taýýarlygynyň ýokarlanmagyna şert döretdi. Olar abraýly ýaryşda dürli derejeli medallaryň 15-sini gazanyp, toparlaýyn hasapda üçünji orna mynasyp boldular. 28-nji gezek geçirilen halkara ýaryşa Ermenistandan, Belarusdan, Bolgariýadan, Germaniýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Hytaýdan, Russiýadan, Täjigistandan we Türkmenistandan türgenleriň 200-den gowragy gatnaşdy. Şolaryň 37-si türkmenistanly samboçylardyr. Türgenler iki günläp bu oýnuň iki görnüşi boýunça medallaryň 21 toplumy üçin göreşdiler. Halkara sambo federasiýasynyň ýyllyk meýilnamasyndan orun alan ýaryşda ildeşlerimiziň dördüsi çempion bolmagy başardy. Has takygy, erkekleriň arasynda 71 kilograma çenli agram derejesinde Köýtendag etrabynyň 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Möminjan Arzykulowa, 79 kilograma çenli agram derejesinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Maksat Annagylyjowa, 88 kilograma çenli derejede Türkmenistanyň Söweş sungatlary boýunça milli federasiýasynyň türgeni Agasapar Muhadowa, 98 kilograma çenli derejede Aşgaba

Sport

Sport — sagdynlygyň binýady Ynsanyň saglygyny goramakda, bedenini berkitmekde we bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny üpjün etmekde iň ygtybarly serişde sport bilen meşgullanmak, gün tertibinde bedenterbiýe maşklaryna orun bermek hasaplanylýar. Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýaşlarymyzy sporta, köpçülikleýin bedenterbiýä çekmek, döwletimiziň sport abraýyny halkara derejede belentliklere götermek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň garamagyndaky edaralar bilen bilelikde guramagynda degişli işler yzygiderli alnyp barylýar.

Ýaş türgenler woleýbol meýdançasynda

Saýat etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň sport zaly bu gezek etrabymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryndan düzülen toparlaryň türgenleriniň ygtyýaryna berildi. Bu ýerde oglanlaryň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Bäsleşik ilki zonalar boýunça geçirilip, olarda öňe saýlanan toparlar jemleýji tapgyrda duşuşdylar. Ýiti bäsdeşlik ýagdaýynda geçen ýaryşda etrabymyzdaky 6-njy orta mekdebiň topary ýeňiji boldy. Topary ýaryşa mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Polat Tyllaýew taýýarlady. 51-nji orta mekdebiň topary ikinji orna mynasyp boldy. Olary ýaryşa özüm taýýarladym. Üçünji orny bolsa bedenterbiýe mugallymy Lebap Baýramow tarapyndan tälim berilýän 47-nji orta mekdebiň topary eýeledi. Ýaryşda üstünlikli çykyş eden toparlara «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Samboçylar umumytoparlaýyn bäsleşigiň hormat münberine çykdylar

2024-nji ýylyň 24-nji ýanwar – 13-nji fewraly aralygynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde sportuň sambo we söweş sambo görnüşleri boýunça geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde guralan Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysy üstünlikli çykyş etdi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy 7 ― 10-njy fewral aralygynda dowam eden ýaryşyň dowamynda jemi 15 medal (4 altyn, 3 kümüş, 8 bürünç) gazanyp, umumytoparlaýyn bäsleşikde 3-nji orny eýeledi.

Ýaş pälwanlar bäsleşdi

Änew şäherindäki sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde türkmen milli göreşi boýunça ýaryşyň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa etrap tapgyrlarynda öňe saýlanan okuwçy oglanlar gatnaşdy. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşda ýaş pälwanlar 40; 45; 48; 52; 57; 62; 68; 74 kilogram agram derejeleri boýunça özara bäsleşdiler. Çekeleşikli we gyzykly geçen ýaryşda her agram derejesi boýunça güýçlüler öňe saýlanyp, ýeňijiler toparlaýyn kesgitlendi. Netijede, Gökdepe etrabynyň topary birinji, Tejen etrabynyň topary ikinji, Babadaýhan etrabynyň topary bolsa üçünji orna mynayp boldy. Ýeňijilere hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Aziýa çempionatyndan medallar

Özbegistanda geçirilen Aziýanyň çempionaty türkmenistanly agyr atletikaçylar üçin şu ýylyň tomsunda Fransiýada geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň möhüm tapgyry boldy. Bu ýaryş, bir tarapdan, ildeşlerimiziň halkara tejribesini artdyrsa, ikinji bir tarapdan, olara Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin zerur bolan utuklary gazanmaga mümkinçilik berdi. Yklym ýaryşyna ýurdumyzyň iň güýçli agyr atletikaçylary gatnaşdy. Şolardan Gaýgysyz Töräýew we Änamjan Rustamowa medallara mynasyp boldy.

Sport

ERJELLER ÖŇE SAÝLANDYLAR Hormatly Prezidentimiziň sport syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Döwrebap stadionlar, sport mekdepleri hem sport desgalary bu günki günde ýaşlaryň arzyly mekanyna öwrüldi. Indi olarda sportuň dürli görnüşleri boýunça ukyp-başarnyklaryny artdyrýan türgenleriň sany artýar.

Samboçy gyzlarymyzyň üstünligi

Şu ýylyň 2 — 10-njy fewraly aralygynda Minsk şäherinde sambo boýunça Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşa biziň ýurdumyzyň türgenleri hem gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Ýaryşyň netijeleri boýunça milli ýygyndymyz jemi 15 — 4 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç medal gazanyp, umumy toparlaýyn bäsleşikde 3-nji orny eýeledi. Biziň mekdebimiziň pälwan gyzlary hem ýaryşda 1 kümüş, 2 bürünç medala eýe bolup, milli ýygyndymyzyň nobatdaky üstünligine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdular. Ýagny, Aziza Nazarowa 50 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, ikinji orny eýeledi. Şeýle hem şu agram derejesinde ýeňiş gazanan türgenlerimiziň ýene-de biri Bägül Nuryýewadyr. Ol ýaryşda 3-nji orny eýeläp, bürünç medala mynasyp boldy. Türgenlerimiziň ýene-de biri Saodat Işmuradowa 80 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, ýaryşyň bürünç medalyny gazandy.

«Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi

«7/24. tm» № 07 (194), 12.02.2024 Aşgabatda «Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi. Festiwalyň dowamynda 10 — 12 ýaş aralygyndaky çagalardan düzülen futbol toparlary guramaçylar tarapyndan ýörite guralan türgenleşik işlerine, dürli ugurlardaky bäsleşiklere gatnaşdylar. Çagalar futbol festiwalynyň esasy maksady ýurdumyzda çagalar futbolyny ösdürmekden ybaratdyr.

Wagyz-nesihat çäresi

Sport — sagdynlygyň gözbaşy Golaýda etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TDP-niň etrap komitetiniň guramagynda etrabyň sport mekdeplerine gatnaýan türgenleriň hem-de halypa tälimçileriň gatnaşmagynda “Sport — sagdynlygyň gözbaşy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Sport

ÝEŇIL ATLETIKAÇYLAR BÄSLEŞDILER Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, ilaty, öňi bilenem, ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda gazanylýan üstünliklere sport mekdebimizde bitirilýän işleriň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Sport mekdebimiziň türgenleri dürli ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, şowly çykyş edýärler.

Ta­ry­hy ýeňi­ş

«7/24. tm» № 07 (194), 12.02.2024 Türk­me­nis­ta­nyň fut­zal bo­ýun­ça ze­nan­lar ýy­gyn­dy­sy «CAFA Wo­men’s Fut­sal Cham­pions­hip-2024» ýa­ry­şyn­da­ky il­kin­ji ýeň­şi­ni ga­zan­dy­lar.

Ganaýlanyşy kadalaşdyrmak isleseň...

Kadaly ganaýlanyş diňe ýürek üçin däl, eýsem, bedeniň ähli agzalary üçin hem örän wajypdyr. Ganaýlanyşy kadalaşdyrmak üçin maşklar ýerine ýetirilende şu maslahatlary berjaý etmeli: — maşklar ýerine ýetirilende howlukmaly däl we birden hereket etmeli däl;

Tennisçi gyzlarymyzyň üstünligi

Türkmen türgenleriniň halkara giňişliginde gazanýan üstünlikleri milli sportumyzyň ösüşiň täze belentliklerine uzaýan menzilleriniň möhüm tapgyryny emele getirýär. Şeýle netijelerde ýetginjekleriň hem mynasyp ornunyň bardygy bolsa berk binýada daýanýan türkmen sportunyň geljeginiň has-da uludygyndan nyşandyr. Golaýda Omanyň paýtagty Maskat şäherinde geçirilen Halkara Tennis federasiýasynyň Aziýa sebiti boýunça 14 ýaşly we şondan kiçi türgenleriň arasyndaky ösüş çempionatynyň Günbatar hem-de Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin saýlama tapgyrynda gazanylan üstünlik bu hakykatyň aýdyň görkezijisine öwrüldi. Günbatar hem-de Merkezi Aziýanyň 13 döwletinden iň zehinli ýetginjekleri jemlän ýaryşa türkmen tennisçileriniň bäşisi gatnaşdy. Olary bu ýaryşa tejribeli tälimçi Igor Zubkow taýýarlady.

Üstünligiň açary

Biler bolsaňyz, «Güneş» žurnaly öz ýaşajyk okyjylaryny dünýäniň dürli künjeginde geçirilýän halkara ýaryşlarda altyndyr kümüş medallary gazanýan ýaşajyk türgenler bilen yzygiderli tanyş edýändir. Bu gezekki sanymyzda biziň size tanyşdyrjak türgenimiz Perhat Bagtyýarow hakynda bolar. Ol «Olimp» orta sport mekdebiniň 11-nji synpynda okaýar. Ýaş türgen 12 ýaşyndan bäri sportuň agyr atletika görnüşi bilen meşgullanýar. Onuň bu ugurdan gazanan ýeňişleri, üstünlikleri sanardan kän. Olaryň käbirleri hakynda aýdyp geçsek, Perhat jigimiz 2023-nji ýylyň mart aýynda Albaniýa döwletiniň Durres şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşdy. Ol bu ýaryşda 61 kilogram agramda çykyş edip, silterläp götermek boýunça 114 kilogram netije bilen altyn medala, itekläp götermek boýunça 144 kilogram agram netije bilen kümüş medala eýe boldy. Jemi 258 kilogram agramy göterip, umumy netije boýunça 2-nji orna mynasyp boldy. Şeýlelikde, ýaş türgenimiz halkara ýaryşyň jemi 3 sany — 1 altyn, 2 kümüş medalyny eýeledi. Geçen ýylyň awgust aýynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda Aziýa çempionaty geçirildi. Perhat Bagtyýarow bu çempionata hem 61 kilogram agram derejesinde gatnaşyp, 3 sany kümüş medala mynasyp boldy. Ol ştangany silterläp götermek boýunça 112 kilogram, itekläp götermek boýunça 144 kilogram netijeleri görkezip

Türkmenistan – sport ýurdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, Olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda milli maksatnamalar, toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Aýratyn-da, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. «Sport we bedenterbiýe döredijilik başlangyçlaryny, olary durmuşa geçirmäge bolan maksada okunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň hem-de güýjüň esasy çeşmesidir» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ajaýyp zamanamyzda jemgyýetimizde köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak, sport ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynda hemişe esasy üns berilýän ugurlaryň biri bolup durýar. Bedenterbiýe hem-de sport ulgamlaryny ösdürmek we kadalaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň kämil kanunçylyk binýadynyň döredilendigi hem aýratyn bellärliklidir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän oňyn özgertme-ler, maksatnamalaýyn işler Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, ýurdumyzyň kanunlarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda öz aýdyň beýanyny tapýar.

Ussadyň şägirdi

Paýtagtymyzdaky 6-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Akmyrat Akmyradow — Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 2-nji sport mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasynyň türgeni. Akmyrat sportuň söweş sungatyna çagalykdan höwes ederdi. Şonuň üçin ol sportuň kikboksing görnüşine 1-nji synpdan bäri gatnaýar hem-de ussat tälimçi Orazmuhammet Kömekowyň elinde tälim alýar. Halypanyň şägirtleriniň içinde iň güýçli türgenleriň biri bolan, 67 kg agramda çykyş edýän Akmyrat birnäçe gezek Ahal, Lebap, Mary, Daşoguz, Balkan welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň, şeýle-de, Türkmenistanyň çempionatlarynda, kubogynda ýeňiji bolmagy başardy.

Aziýa çempionatynyň bürünç medaly

7-nji fewralda talyp türgenimiz Gaýgysyz Töräýew Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkentde geçirilýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp boldy. Ýaryşa 34 ýurtdan 239 türgeniň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Belli hünärmen Mansur Rejepowyň ýolbaşçylygynda bu ýaryşa ykjam taýýarlanan türkmen türgeni 81 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Gaýgysyz iki görnüşiň jemi boýunça 337 kilogram netije görkezmegiň hötdesinden geldi. Onuň ştangany silterläp galdyrmakdaky netijesi 148 kg, itekläp galdyrmakdaky görkezijisi 189 kg agrama deň boldy. Ildeşimiz itekläp galdyrmakda hem kiçi bürünç medal gazandy.

Watanyň buýsanjy ýaşlar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň özboluşly jemine öwrülen halkara ylmy-amaly maslahatyň hem-de ugurdaş serginiň işiniň esasy ugry boldy. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar forumynyň geçirilen günlerinde elimize gowşan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitaby biziň her birimiz üçin nusgalyk gollanma boldy. Mälim bolşy ýaly, täze eýýamymyzda ruhy taýdan kämil, ýokary hünärli, watansöýüji ýaş nesliň kemala getirilmegi döwlet syýasatynyň uzak geljegi nazarlaýan wezipeleriniň biridir. Ýaşlar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de durnukly we hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde, dünýädäki abraýynyň has-da belende galdyrylmagynda kesgitleýji orun eýeleýärler. Diýarymyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty jemgyýetimiziň iň işjeň böleginiň sagdyn ösmegi hem-de şahsyýet hökmünde kemala gelmegi üçin has amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.