Watanyň buýsanjy ýaşlar

9 Fewral 2024
484

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň özboluşly jemine öwrülen halkara ylmy-amaly maslahatyň hem-de ugurdaş serginiň işiniň esasy ugry boldy.

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar forumynyň geçirilen günlerinde elimize gowşan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitaby biziň her birimiz üçin nusgalyk gollanma boldy. Mälim bolşy ýaly, täze eýýamymyzda ruhy taýdan kämil, ýokary hünärli, watansöýüji ýaş nesliň kemala getirilmegi döwlet syýasatynyň uzak geljegi nazarlaýan wezipeleriniň biridir. Ýaşlar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de durnukly we hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde, dünýädäki abraýynyň has-da belende galdyrylmagynda kesgitleýji orun eýeleýärler. Diýarymyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty jemgyýetimiziň iň işjeň böleginiň sagdyn ösmegi hem-de şahsyýet hökmünde kemala gelmegi üçin has amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Jennet PAÝTYKOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.