Tennisçi gyzlarymyzyň üstünligi

10 Fewral 2024
488

Türkmen türgenleriniň halkara giňişliginde gazanýan üstünlikleri milli sportumyzyň ösüşiň täze belentliklerine uzaýan menzilleriniň möhüm tapgyryny emele getirýär. Şeýle netijelerde ýetginjekleriň hem mynasyp ornunyň bardygy bolsa berk binýada daýanýan türkmen sportunyň geljeginiň has-da uludygyndan nyşandyr. Golaýda Omanyň paýtagty Maskat şäherinde geçirilen Halkara Tennis federasiýasynyň Aziýa sebiti boýunça 14 ýaşly we şondan kiçi türgenleriň arasyndaky ösüş çempionatynyň Günbatar hem-de Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin saýlama tapgyrynda gazanylan üstünlik bu hakykatyň aýdyň görkezijisine öwrüldi.

Günbatar hem-de Merkezi Aziýanyň 13 döwletinden iň zehinli ýetginjekleri jemlän ýaryşa türkmen tennisçileriniň bäşisi gatnaşdy. Olary bu ýaryşa tejribeli tälimçi Igor Zubkow taýýarlady.

Güljahan MYRADOWA,
«Güneş».