Samboçy gyzlarymyzyň üstünligi

12 Fewral 2024
518

Şu ýylyň 2 — 10-njy fewraly aralygynda Minsk şäherinde sambo boýunça Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşa biziň ýurdumyzyň türgenleri hem gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Ýaryşyň netijeleri boýunça milli ýygyndymyz jemi 15 — 4 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç medal gazanyp, umumy toparlaýyn bäsleşikde 3-nji orny eýeledi.

Biziň mekdebimiziň pälwan gyzlary hem ýaryşda 1 kümüş, 2 bürünç medala eýe bolup, milli ýygyndymyzyň nobatdaky üstünligine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdular. Ýagny, Aziza Nazarowa 50 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, ikinji orny eýeledi. Şeýle hem şu agram derejesinde ýeňiş gazanan türgenlerimiziň ýene-de biri Bägül Nuryýewadyr. Ol ýaryşda 3-nji orny eýeläp, bürünç medala mynasyp boldy. Türgenlerimiziň ýene-de biri Saodat Işmuradowa 80 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, ýaryşyň bürünç medalyny gazandy.

Leýla ARSLANOWA,
Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň müdiri.