Sport

14 Fewral 2024
444

Sport — sagdynlygyň binýady

Ynsanyň saglygyny goramakda, bedenini berkitmekde we bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny üpjün etmekde iň ygtybarly serişde sport bilen meşgullanmak, gün tertibinde bedenterbiýe maşklaryna orun bermek hasaplanylýar. Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýaşlarymyzy sporta, köpçülikleýin bedenterbiýä çekmek, döwletimiziň sport abraýyny halkara derejede belentliklere götermek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň garamagyndaky edaralar bilen bilelikde guramagynda degişli işler yzygiderli alnyp barylýar.

Ýörite habarçymyz.