"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Sport halkara hyzmatdaşlygyň esasydyr

Bitarap döwletimiziň oňyn, hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, Türkmenistan – halkara sport hereketiniň ýokary ynsanperwerlik taglymatlaryna ygrarly bolmak bilen, dünýä, yklym we sebit derejesinde iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sportuň ösen milli ulgamyny döretmek, halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, Türkmenistan döwletimizde olimpiýa hereketini, ýokary derejedäki milli sporty ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatynda uly işler amala aşyrylýar.

Emin bolmak aňsat däl

Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görülýän döwürde guramaçylar bilen häli-şindi iş salşyp duruldy. Dünýä çempionatynyň resmi saýtyna jogapkärler bilen bolsa Türkmenistanyň agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi Çarygeldi Mämmedow işleşdi. Soň-soňlar Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýty üçin agyr atletika bilen bagly habardyr maglumata zerurlyk dörese, Çarygeldi Mämmedowa ýüz tutýardyk. Günüň islendik wagtynda habarlaşsaňam, onuň äheňinden seniň jaň ederiňe garaşyp oturan ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Türkmenistanly Olimpiýaçylaryň Tokio ugramaly wagty golaýlanda türgenler we tälimçiler bilen birlikde eminiň hem gatnaşýandygy baradaky habary eşidip, bir begendik. Tokio Olimpiadasynda agyr atletika ýaryşlaryna eminlik etjek şol eminiň köne tanşymyz Çarygeldi Mämmedowdygyny bilip, iki begendik. Tomusky Olimpiadalaryň taryhynda ilkinji gezek agyr atletika ýaryşlaryna türkmen hünärmeniniň eminlik edendigi bolsa ýene-de bir gezek begenmegimize we oňa guwanmagymyza sebäp boldy.

Ýa balam sen, ýa balamy görüp sen...

Ýazyjy Kömek Kulyýewiň «Ömür kerweni» powesti şeýleräk jümle bilen jemlenýär: «Iki atdaş ara bir ömri goýup, wagtlaýynça hoşlaşdylar». Ajaýyp gerek?! Ýöne men bu gezek şu jümläni biraz üýtgedip ulanmaly boldum. «Bir ömre ýerleşen iki şahsyýet ara bir müçäni salyp, ýene duşuşdy». Hawa, bir ömürde iki şahsyýeti ýerleşdirip bolýan ekeni. Nädip diýýäňizmi? Geliň, yzarlap göreliň!

Gymmaty gaçýan gollar

2021-nji ýylyň iýun aýyndan UEFA-nyň baýdagy astyndaky ýaryşlarda myhmançylykdaky gollar gymmatyny ýitirdi.

Tutanýerli talyp

Türkmenistanyň gandbol we futzal boýunça milli ýygyndysynda çykyş etmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde mugallym bolup işlemek hemme kişä miýesser edýän bagt däl. Şu ýazgylary kagyza geçirmegime bolsa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda mugallym bolup işlän döwrümdäki wakalar sebäp boldy. Geljekki tälimçileri we sport ulgamyna zerur hünärmenleri taýýarlaýan institutyň ýokary derejeli sport atly topary bolup, ol ýerde kileň halkara ýaryşlarynda netijeli çykyş edip ýören türgenler bilim alýarlar. Olaryň arasynda soňlugy bilen agyr atletika boýunça dünýä çempiony bolan Ýulduz Jumabaýewa, Tokio Olimpiadasynda kümüş medal gazanan Polina Gurýewa hem bardy. Talyp türgenleriň erjelligi, tutanýerliligi özüne çekýärdi. Olaryň zähmetsöýerliginiň belent derejelere ýetirýändigine hemmämiz şaýat bolup ýörüs. Meniň okadan talyplarymyň arasynda Ýulduz Jumabaýewa bilen Polina Gurýewanyň has tapawutlanandyklaryny ýatlap, professional sportuň nämedigini bilýän türgen hökmünde olara diýseň buýsanýaryn.

Beýik ynam

Türkmen sportunyň olimpiýa üstünliklerini nazarlaýan ynamly geljegi bar Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýe we sport babatda oýlanyşykly döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda döwrebap milli sport düzümleri döredildi. Ata Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagaldyş hereketiniň hem-de ýokary netijeler sportuň ösdürilmegi ugrunda uzakmöhletli umumymilli maksatnamalaryň berk binýady tutuldy.

Ýeňşe ýeke pökgi ýeterlik boldy

Futbol Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary hepdäniň duşenbe güni geçirilip, Balkanabadyň «Nebitçisi» paýtagtymyzyň «Aşgabat» toparyny kabul etdi. Myhmanlarda hem, ýer eýelerinde hem hasaby üýtgetmäge mümkinçilikler az bolmadyk duşuşygyň ykbalyny derwezä girizilen ýeke-täk pökgi çözdi. «Nebitçiniň» düzüminde ätiýaçdan oýna giren Süleýman Derýaýewiň 73-nji minutda jerime meýdançasyna amatly edip geçiren pökgüsini tejribeli Guwanç Abylow kellesi bilen derwezä dürs gönükdirip, balkanabatlylaryň möwsümdäki ilkinji ýeňişlerini gazanmagyna uly goşandyny goşdy.

Küştçülerimiz kämilleşýärler

Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek, türkmen ýaşlaryny ylymly-bilimli, gujurly-gaýratly, beden taýdan berk, fiziki taýdan sagdyn ruhda terbiýelemek ugrunda ýadawsyz aladalar edilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, sportda-da gazanylýan üstünlikler, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň bu ugra berýän üns-aladalarynyň netijesidir. Sportuň küşt görnüşiniň etrabymyzda baý taryhy bar. Ol uly nesliň asyrlaryň dowamynda bu akyl-paýhas oýnuna uly sarpa goýandygy bilen baglanyşyklydyr. Bu oýna ýaşlarda söýgi döretmekde köp hyzmatlary bitiren halypalary häzirki günlerde uly hormat bilen ýatlaýarys. Olaryň biri-de zehinli küştçi, talapkär tälimçi Şakir Hakimow bolupdy. Ol ýurdumyzda, dünýäde tanalýan türgenleriň birnäçesini ýetişdirdi. Şeýle küştçüleriň arasynda halkara grossmeýstri Babakuly Annakow, FIDE-niň ussady Mehriban Rasulowa, sport ussady Atajan Ýoldaşow bar.

Milli lukmançylygyň takyk teswiri ýa-da melhemler hazynasy

Döwlet Baştutanymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly nusgawy kitabynyň 13-nji tomunyň elimize gowuşmagy bizi diýseň begendirdi we buýsandyrdy. Çünki hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby dünýäniň lukmançylyk ylmynyň ösüşine, ynsanlaryň ömrüniň uzalmagyna ýardam ediji, sagdyn durmuşyň mynasyp wagyzy, türkmen milli lukmançylygynyň abraý-mertebesini dünýä ýaýýan ajaýyp eserdir. Lukman Liderimiziň bu ajaýyp kitabynyň ähli tomlarynda Abu Aly ibn Sina, Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Muhammet Gaýmaz Türkmen, Abu Reýhan Biruny, Muhammet Hüseýin ýaly milli lukmançylygymyzyň beýik sütünleri hasaplanýan alymlaryň, tebipleriň işine aýratyn sarpa we hormat goýulýar.

Sagdyn durmuş ýörelgeleri

Köpçülik ýerlerinde 2 metr aralygy saklaň.  * * *

Döredijilikli zähmete ruhlandyrýar

Türkmenistan özüniň Garaşsyzlygyny alanyndan soň özbaşdak ösüşiň sazlaşykly ýoluna düşdi. Ykdysady pudaklar bilen bir hatarda medeni-durmuş, sport ulgamlarynda hem öň görlüp-eşidilmedik özgertmeler bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde eden çykyşynda ähli ugurlarda geçilen ýola syn bermek bilen, sporty ösdürmek boýunça amala aşyrylan işler, olaryň oňyn netijeleri barada hem durup geçdi. Biziň sport mekdebimiz Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň, ýagny, 2013-nji ýylda ulanylmaga tabşyryldy. Şondan bäri bu ýerde türgenleriň müňlerçesi sportuň dürli görnüşlerinden tälim aldy. Mekdebimize gatnaýan ýaşlar sportuň 8 görnüşi — tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis, kik-boksing, badminton, gylyçlaşmak, boks, dzýu-do, erkin göreş boýunça tälim alýarlar. Tälimçileriň 17-si olara saýlap alan ugurlarynyň inçe tilsimlerini öwredýär, ýaşlaryň ussatlyklaryny kämilleşdirýär. Olaryň 4-si sport ussatlary, 7-si sport ussatlygyna dalaşgärlerdir. Işläp başlan gününden bäri sport mekdebimizde oglanlaryň we gyzlaryň 4 müň 880-den gowragynyň tälim alandygyny göz öňünde tutsak, ýaşlary diňe bir netijeli sporta çekmekde däl-de, eýsem, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmakda-da ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyna göz ýetirmek bolýar. Olar özleriniň dürli derejeli ýaryşlarda gazanan üstünlikleri bilen hem täli

Çärýek finalyň çekeleşikli oýny

Geçen anna güni Türkmenistanyň Kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşyň çärýek finalynyň duşuşyklary geçirilip, olaryň iň çekeleşiklisi Balkanabat şäherinde boldy. Aşgabadyň «Altyn Asyryny» kabul eden «Nebitçiniň» tejribeli garşydaşyndan birjigem pes oýnamandygyny bellemek gerek. Hasaby myhmanlar açýar. 12-nji minutda Myrat Ýagşyýewiň jerime meýdançasynyň çep tarapyndan özüne geçiren pökgüsini Begmyrat Baýow ýakyn aralykdan batly urgy bilen derwezä dürs gönükdirmegi başarýar — 0:1. Şondan soňra ýer eýeleriniň hüjümleri ýygjamlaşyp ugraýar we 26-njy minutda olar öz maksatlaryna ýetýärler. Şol minutda Guwanç Abylowyň sag tarapdan jerime meýdançasyna geçiren pökgüsini derwezäniň agzynda eýelän Süleýman Derýaýew owadan urgy bilen hasabyň deňleşmegini üpjün edýär — 1:1.

Sport syýasatynyň gadamlary

Ýeňişli ýoluň ynamy Ýurt Baştutanymyzyň öňe sürýän sport syýasatynyň düýp maksady ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bilen halkyň saglygyny goramakdan ybaratdyr. Şeýle hem ajap eýýamymyzda sportuň ösdürilmegi bilen Garaşsyz Türkmenistanymyzyň halkara sport abraýy buýsançly belentliklere çykdy. Galyberse-de Diýarymyzda sportuň halk köpçüliginiň, öňi bilenem, ýaşlaryň arasynda meşhurlyga eýe bolmagy ýene bir bähbitli meseläniň çözgüdine ýardam etdi. Sport bilen meşgullanmagyň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň berkararlygyny üpjün etmäge itergi berdi.

Sport we ýaşlaryň durmuşy

«7/24.tm», №45 (76), 08.11.2021. Ata Watanymyzda sporty ösdürmäge we ony dünýä derejesine çykarmaga uly üns berilýär. Milli Liderimiziň şahsy göreldesine eýerip, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höwesekleriň sany gün-günden artýar. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Sport dünýäsine syýahat

«7/24.tm», №45 (76), 08.11.2021. Türkmenistanyň kubok ugrundaky bäsleşige badalga berildi. Bu ýaryşy we onuň aýratynlyklaryny sport synçysy Rozybaý Şatlykow teswirleýär.

Sambonyň iň meşhur suratynyň taryhy

«7/24.tm», №45 (76), 08.11.2021. Sportuň sambo görnüşi bilen meşgullanýanlar we ony söýüjiler bu surat bilen öňden tanyşdyrlar. Ol öň saýtlarda, afişalarda, diplomlarda, kuboklarda, ýaryşlaryň medallarynda, hatda sport klublarynyň resmi nyşanlarynda hem dürli görnüşlerde şekillendirildi. Ony gözleg ulgamlarynda «sambo» sözüni ýazmak arkaly ýeňillik bilen tapyp bolýar. Ýöne onuň taryhyny welin hemmeler bilenok.

Kubok ýaryşyna badalga berildi

Geçen hepdäniň anna güni futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň çärýek final duşuşyklary geçirildi. Olarda «Nebitçi» bilen «Altyn asyr», «Aşgabat» bilen «Ahal», «Merw» bilen «Şagadam», «Energetik» bilen bolsa «Köpetdag» duşuşdy. Çempionatda şowsuz çykyş edýän häzirki çempion Kubok ýaryşy bilen hem çärýek finalda hoşlaşyp bilerdi. Çünki duşuşygyň esasy wagty deňlik bilen tamamlandy. Hernä «Altyn asyry» 11 metrlik jerime urgularyndaky şowlulyk halas etdi.

Ertirki nesliň sagdynlygy — şu günüň aladasy

Çagalar üçin sport görnüşleri saýlananda, olaryň bedeniniň fiziki aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulmagy maksadalaýykdyr. Eger siziň çagaňyz daş-töwerekde hemişe ylgaýan, bir ýerde durmak islemeýän hereketli we çeýe çaga bolsa, ony ýeňil atletika, suwda ýüzmek ýaly sport görnüşlerine ugrukdyrmagyňyz netijeli bolar. Ýa-da çagaňyz çepiksi bolup, agaja ýa beýleki ýerlere dyrmyşmagy söýýän bolsa, onda gaýa çykmakda (alpinistlikde) üstünlik gazanyp biler. Şeýlelikde, her bir çaganyň tebigy başarnygy, olara sportuň özleri üçin dogry görnüşini saýlamakda göz öňünde tutulmalydyr. Çagalaryň isleglerini diňlemegi hem ýadyňyzdan çykarmaň. Käbir ene-atalar çagalaryny özleriniň ýaşlykda gatnan sport görnüşine ýa-da özleriniň janköýerlik edýän sportuna gönükdirýärler. Emma sport bilen yzygiderli meşgullanmakda, geljekde ezber türgen bolup ýetişmekde, aýratyn-da sport dünýäsine ýeňil girişmekde çaganyň islegi, tebigy ukyby möhümdir.

Okuw-türgenleşikler dowam edýär

21-nji oktýabr – 18-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäheriniň Gökdere jülgesindäki «Nebitçi» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde agyr atletika boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygy geçirilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçi-mugallymlary Mansur Rejepowyň, Meretguly Sähetmyradowyň we Gurbandurdy Amanowyň ýolbaşçylygyndaky okuw-türgenleşikler günde iki wagtyna alnyp barylýar.

Kämillik ýolundaky ädimler

Göräýmäge sportuň gyşky görnüşleri güneşli Diýarymyz üçin täzeçillik ýaly görünse-de, türkmenistanly ýaşlaryň ençemesi hokkeý, figuralaýyn typmak we şort-trek ýaly görnüşlere uly gyzyklanma bildirip, milli we halkara derejedäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler. Ýakynda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Gyşky oýunlar sport toplumynda guralan görkezme çykyşlary hem ýaşlaryň buz üstündäki sport görnüşlerinde başarnyklaryny barha ýokarlandyrýandyklaryny görkezdi. Bu çykyşlar bäsleşik häsiýetinde bolmasa-da, gatnaşyjylar oňa uly jogapkärçilik bilen çemeleşip, türgenleşiklerde ele alan ähli başarnyklaryny aýan etmek ugrunda yhlasyny gaýgyrmadylar. Çykyşlaryň öň ýanynda tälimçileriň şägirtlerine jan edip ýetirmäge synanyşýan görkezmeleri we çykyşlaryň dowamynda olaryň her bir hereketini üns bilen synlap baha bermekleri öz kärini söýýän adamlar üçin meşgullanýan işiniň juda ähmiýetlidigini aňladýar. Bu ýerde K.Mowsesýan, Ý.Wahitowa, I.Agzamowa, A.Gulamalyýewa ýaly tejribeli tälimçiler ýaş gyzlardan hakyky türgenleri taýýarlamak ugrunda jan aýaman zähmet çekýärler.