Milli lukmançylygyň takyk teswiri ýa-da melhemler hazynasy

9 Noýabr 2021
1200

Döwlet Baştutanymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly nusgawy kitabynyň 13-nji tomunyň elimize gowuşmagy bizi diýseň begendirdi we buýsandyrdy. Çünki hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby dünýäniň lukmançylyk ylmynyň ösüşine, ynsanlaryň ömrüniň uzalmagyna ýardam ediji, sagdyn durmuşyň mynasyp wagyzy, türkmen milli lukmançylygynyň abraý-mertebesini dünýä ýaýýan ajaýyp eserdir.

Lukman Liderimiziň bu ajaýyp kitabynyň ähli tomlarynda Abu Aly ibn Sina, Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Muhammet Gaýmaz Türkmen, Abu Reýhan Biruny, Muhammet Hüseýin ýaly milli lukmançylygymyzyň beýik sütünleri hasaplanýan alymlaryň, tebipleriň işine aýratyn sarpa we hormat goýulýar.

Jumadurdy SOPYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň dosenti.