Kämillik ýolundaky ädimler

5 Noýabr 2021
995

Göräýmäge sportuň gyşky görnüşleri güneşli Diýarymyz üçin täzeçillik ýaly görünse-de, türkmenistanly ýaşlaryň ençemesi hokkeý, figuralaýyn typmak we şort-trek ýaly görnüşlere uly gyzyklanma bildirip, milli we halkara derejedäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler. Ýakynda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Gyşky oýunlar sport toplumynda guralan görkezme çykyşlary hem ýaşlaryň buz üstündäki sport görnüşlerinde başarnyklaryny barha ýokarlandyrýandyklaryny görkezdi.

Bu çykyşlar bäsleşik häsiýetinde bolmasa-da, gatnaşyjylar oňa uly jogapkärçilik bilen çemeleşip, türgenleşiklerde ele alan ähli başarnyklaryny aýan etmek ugrunda yhlasyny gaýgyrmadylar. Çykyşlaryň öň ýanynda tälimçileriň şägirtlerine jan edip ýetirmäge synanyşýan görkezmeleri we çykyşlaryň dowamynda olaryň her bir hereketini üns bilen synlap baha bermekleri öz kärini söýýän adamlar üçin meşgullanýan işiniň juda ähmiýetlidigini aňladýar. Bu ýerde K.Mowsesýan, Ý.Wahitowa, I.Agzamowa, A.Gulamalyýewa ýaly tejribeli tälimçiler ýaş gyzlardan hakyky türgenleri taýýarlamak ugrunda jan aýaman zähmet çekýärler.

Rejepmuhammet ORAZMUHAMMEDOW,
«Türkmen sporty».