Ertirki nesliň sagdynlygy — şu günüň aladasy

7 Noýabr 2021
1179

Çagalar üçin sport görnüşleri saýlananda, olaryň bedeniniň fiziki aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulmagy maksadalaýykdyr. Eger siziň çagaňyz daş-töwerekde hemişe ylgaýan, bir ýerde durmak islemeýän hereketli we çeýe çaga bolsa, ony ýeňil atletika, suwda ýüzmek ýaly sport görnüşlerine ugrukdyrmagyňyz netijeli bolar. Ýa-da çagaňyz çepiksi bolup, agaja ýa beýleki ýerlere dyrmyşmagy söýýän bolsa, onda gaýa çykmakda (alpinistlikde) üstünlik gazanyp biler. Şeýlelikde, her bir çaganyň tebigy başarnygy, olara sportuň özleri üçin dogry görnüşini saýlamakda göz öňünde tutulmalydyr.

Çagalaryň isleglerini diňlemegi hem ýadyňyzdan çykarmaň. Käbir ene-atalar çagalaryny özleriniň ýaşlykda gatnan sport görnüşine ýa-da özleriniň janköýerlik edýän sportuna gönükdirýärler. Emma sport bilen yzygiderli meşgullanmakda, geljekde ezber türgen bolup ýetişmekde, aýratyn-da sport dünýäsine ýeňil girişmekde çaganyň islegi, tebigy ukyby möhümdir.

Döwran Baýrammyradow,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň bedenterbiýe kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.