Döredijilikli zähmete ruhlandyrýar

8 Noýabr 2021
1026

Türkmenistan özüniň Garaşsyzlygyny alanyndan soň özbaşdak ösüşiň sazlaşykly ýoluna düşdi. Ykdysady pudaklar bilen bir hatarda medeni-durmuş, sport ulgamlarynda hem öň görlüp-eşidilmedik özgertmeler bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde eden çykyşynda ähli ugurlarda geçilen ýola syn bermek bilen, sporty ösdürmek boýunça amala aşyrylan işler, olaryň oňyn netijeleri barada hem durup geçdi.

Biziň sport mekdebimiz Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň, ýagny, 2013-nji ýylda ulanylmaga tabşyryldy. Şondan bäri bu ýerde türgenleriň müňlerçesi sportuň dürli görnüşlerinden tälim aldy. Mekdebimize gatnaýan ýaşlar sportuň 8 görnüşi — tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis, kik-boksing, badminton, gylyçlaşmak, boks, dzýu-do, erkin göreş boýunça tälim alýarlar. Tälimçileriň 17-si olara saýlap alan ugurlarynyň inçe tilsimlerini öwredýär, ýaşlaryň ussatlyklaryny kämilleşdirýär. Olaryň 4-si sport ussatlary, 7-si sport ussatlygyna dalaşgärlerdir. Işläp başlan gününden bäri sport mekdebimizde oglanlaryň we gyzlaryň 4 müň 880-den gowragynyň tälim alandygyny göz öňünde tutsak, ýaşlary diňe bir netijeli sporta çekmekde däl-de, eýsem, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmakda-da ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyna göz ýetirmek bolýar. Olar özleriniň dürli derejeli ýaryşlarda gazanan üstünlikleri bilen hem tälimçilerini begendirýärler. Mekdep açylanyndan bäri stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça türgenleriň 7-si Türkmenistanyň birinjiligini we kubok almak ugrundaky ýaryşlarda öňdäki orny eýelediler. Türgenleriň 18-si ikinji, 20-si bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Tennis boýunça welaýat derejesinde geçirilen duşuşyklarda mekdebimiziň türgenleriniň 68-si birinji, 72-si ikinji we 84-si üçünji orunlary eýelediler. Gylyçlaşmak boýunça Türkmenistanyň birinjiligini, kubogyny almak ugrundaky ýaryşlardan, çempionatlaryndan türgenlerimiziň 2-si birinji, 7-si ikinji we 10-sy üçünji orunlar bilen dolandylar. Bu ugurdan welaýat derejesinde geçirilen ýaryşlarda bolsa biziň tälim beren ýaşlarymyzyň 10-sy birinji, şonçasy ikinji we 20-si bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Adylbek ÝAKUBOW,
Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebiniň usulyýetçisi.