Tutanýerli talyp

11 Noýabr 2021
1127

Türkmenistanyň gandbol we futzal boýunça milli ýygyndysynda çykyş etmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde mugallym bolup işlemek hemme kişä miýesser edýän bagt däl. Şu ýazgylary kagyza geçirmegime bolsa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda mugallym bolup işlän döwrümdäki wakalar sebäp boldy. Geljekki tälimçileri we sport ulgamyna zerur hünärmenleri taýýarlaýan institutyň ýokary derejeli sport atly topary bolup, ol ýerde kileň halkara ýaryşlarynda netijeli çykyş edip ýören türgenler bilim alýarlar. Olaryň arasynda soňlugy bilen agyr atletika boýunça dünýä çempiony bolan Ýulduz Jumabaýewa, Tokio Olimpiadasynda kümüş medal gazanan Polina Gurýewa hem bardy.

Talyp türgenleriň erjelligi, tutanýerliligi özüne çekýärdi. Olaryň zähmetsöýerliginiň belent derejelere ýetirýändigine hemmämiz şaýat bolup ýörüs. Meniň okadan talyplarymyň arasynda Ýulduz Jumabaýewa bilen Polina Gurýewanyň has tapawutlanandyklaryny ýatlap, professional sportuň nämedigini bilýän türgen hökmünde olara diýseň buýsanýaryn.

Ogulbahar HALYLOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Bedenterbiýe kafedrasynyň mugallymy, sport ussady.