"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Piramida ýyladyşhanalary

Soňky ýyllarda ýüze çykan piramida şekilli ýyladyşhanalar oba hojalykçylaryň ünsüni barha özüne çekýär. Ýyladyşhanalaryň bu görnüşi gözbaşyny geçen asyryň ýetmişinji ýyllaryndan alyp gaýdýar. Olary amerikaly oba hojalykçy Bill Warren oýlap tapypdyr. Müsür piramidalaryny ýadyňa salýan ýyladyşhanalaryň ilkinji nusgalary 24 inedördül metr meýdanda ýerleşýärdi. Bill Warren onda pomidor, kädi, noýba, burç ýaly ekinleri ösdürip ýetişdirdi.

400 ýaşly kompaniýa

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu Hempşir Ştatynda ýerleşýän «Tuttle’s Red Barn» kompaniýasy häzirki wagtda iň irki kompaniýalaryň biridigine garamazdan, mekgejöwenden we miweleriň dürli görnüşlerinden önüm öndürmegini ýokary depgin bilen dowam etdirýär. Kompaniýa ýene 11 ýyldan 400-nji ýaşyny bellär. Ol häzir Ýer ýüzünde hereket edýän iň irki bäş kompaniýanyň biridir.

Mallar dok, başy tükel

Maldarlaryň aladasyna gutarma ýok. Hemişe mallaryň bakysyny ýetirmeli. Maldarçylykdaky möwsümleri talabalaýyk geçirmeli. Elbetde, bu irginsizligi, köp zähmeti talap edýär. Gyş pasly bolsa maldarlar üçin uly synagdyr. Mallaryň baş sanyny köpeltmek, önümliligini artdyrmak köp babatda şu möwsümiň talabalaýyk geçirilişine baglydyr. Bu babatda Türkmenbaşy etrabyndaky «Balkan» maldarçylyk hojalygynda möhüm çäreler görlüpdir. Şu gyşam gaýly, çapgyn şemally günler azlyk etmedi, garam ýagdy. Otuň ätiýaçlyk gorunyň bolmagy, ýyly kaşarlardan peýdalanylmagy mallary gyşdan dok we tükel alyp çykmaga täsirini ýetirýär.

«Tolkun atan rysgal ummany, bugdaý!»

Hormatly Prezidentimiziň meşhur şygryndan alnan şu ýekeje setir bugdaýa mahsus aýratynlygy doly beýan edýär. Bu şygryň beýleki setirlerinde nygtalyşy ýaly, bu «umman», «Ýeriň mährinden, Arşyň rehmetinden, jepakeş iliň zähmetinden» döreýär. Onsoň biziň halkymyzda hoş sözüň, gül meňziň bugdaýa deňelmegi ýönelige däl. Farap etrabynyň ekin meýdanlary Amyderýanyň sag kenaryndan başlap, gündogardaky ümmülmez giňişliklere çenli uzaýar. Şu günler olaryň käsinde täze hasylyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görlüp ýörülse, käsinde eýýäm ekişe girişilendir. Beýleki bir atyzlardaky ýaşyl maýsalar bolsa heniz fewral tamamlanmanka, ýaz ýakymyny bagyşlaýar. Bu işjeňlik etrabyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginde hem göze ilýär.

Etrabyň batly gadamlary

Golaýda Daşoguz welaýatynyň Bagtyýar zaman obasynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraba mynasyp bolan baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. Dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýatyň hem-de etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Iň gowy etrap diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň netijeleri Türkmenistany 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwarynda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen maglumatlar bilen tanşyp, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimligini pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.

Rowaçlanýan özgertmeler

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen üstünliklere beslenen “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlandy. Bu ýyl Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň şanly toýunyň dabarasy bilen taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen döwlet ähmiýetli, halk bähbitli ägirt uly işler durmuşa geçirildi. 2020-nji ýylda halk hojalygyny durmuş ykdysady taýdan ösdürmekde belent üstünliklere eýe bolundy. 2021-nji ýyly uly şatlyk, dabara bilen garşy alan merdana türkmen halkymyz, täze ýyla ýokary ruhubelentlik, uly ynam, aýdyň maksatlar bilen gadam basdy. Mähriban halkymyz döredijilikli zähmeti bilen ýurdumyzyň kuwwatyny has-da artdyrmakda uly işleri durmuşa geçirmegi maksat edinip, belent sepgitleri nazarlaýar. Üstümizdäki ýylda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň yglan edilenine 30 ýyl dolýar. Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi taryhy wakalara, toý-dabaralara beslener. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyz uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar.

Daýhanyň ygtybarly daýanjy

Şu günler ähli ýerlerde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem golaýlap gelýän gowaça ekişine taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Şoňa görä, tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda tehnikalary abatlamak, gözden geçirmek işleri talaba laýyk guralýar. Baýramaly etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynda- -da tehnikalary we olaryň gurallarynyň — gowaça ekijileriň, kultiwatorlaryň ekiş möwsümine doly taýýar edilip goýulmagy üçin irginsiz aladalar edilýär. Bu ýerde kärhananyň baş hünärmeni Nurmuhammet Goşaýew, bejeriji ussalar Şadurdy Taganow, Begenç Ataýew, Berdi Bazarow, Rahman Guljaýew, Kyýas Mämmedow, Begnazar Täçliýew, Merdan Joraýew dagy gije-gündiz irginsiz zähmet çekýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp berýän tehnikalarynyň daýhanlaryň ygtybarly daýanjydygyna örän oňat düşünýärler. Şoňa görä hem bejeriji ussalar iş depginlerini gowşatmaýarlar.

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem ak ekine ideg etmek işleri giň gerimde ýaýbaňlanýar. Ýolöten etrabynyň «Momotaý» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Güljan Gurbanowa hojalykda ýylyň-ýylyna bereketli hasyl öndürmegi başarýan kärendeçileriň biri. Ol Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň bugdaý hasylynyň ýokary bolmagy üçin yhlasly aladalanýar. Kärendeçi zenan her bir alyp barýan işinde gaýynatasy Ýazmuhammet aganyň berýän maslahatlaryna eýerýär.

Jogapkärli wezipeler

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda oba hojalyk pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyz daýhanlaryň, maldarlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, möhüm çözgütleri we il-ýurt bähbitli taryhy ähmiýetli kararlary yzygiderli kabul edýär. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzy maldarçylyk önümleri bilen üpjün etmegi has-da ýokarlandyrmagy göz öňünde tutup, ýurdumyzyň maldarlarynyň öňünde mallaryň baş sanyny artdyrmagy wezipe edip goýdy. Şu wezipäni berjaý etmek üçin dowardarçylykda olaryň baş sanyny tükel hem abat saklap, gowy ideg edilmegini gazanmak gerek.

Jogapkärli wezipeler

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda oba hojalyk pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyz daýhanlaryň, maldarlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, möhüm çözgütleri we il-ýurt bähbitli taryhy ähmiýetli kararlary yzygiderli kabul edýär. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzy maldarçylyk önümleri bilen üpjün etmegi has-da ýokarlandyrmagy göz öňünde tutup, ýurdumyzyň maldarlarynyň öňünde mallaryň baş sanyny artdyrmagy wezipe edip goýdy. Şu wezipäni berjaý etmek üçin dowardarçylykda olaryň baş sanyny tükel hem abat saklap, gowy ideg edilmegini gazanmak gerek.

Meýdan işleri gyzyşýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şu günlerinde oba hojalyk pudagynda meýdan işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Gökdepe etrabynda ak bugdaýyň idegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ösüş suwlary, mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi ýaş maýsalaryň kadaly boý almagyna uly itergi berýär. Etrabymyzda ýaz ekişine-de taýýarlykly barylýar. Ekin meýdanlaryny ekişe taýýarlamak, ýerleri gurplandyrmak işlerine jogapkärli çemeleşilýär. Tehnikalaryň, gowaça tohumlarynyň taýýarlygyna bolsa uly üns gönükdirilýär.

Sagdyn köşekleri almagyň aladasy

Bäherden etrabynyň «Kirpili» maldarçylyk hojalygynda düýe mallarynyň önümliligini ýokarlandyrmakda we başsanyny artdyrmakda ýylyň-ýylyna guwandyryjy görkezijilere eýe bolunýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesiniň giňden belleniljek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem hojalygyň sarwanlary yhlas bilen zähmet çekýärler. Olar şu günler düýeleri gyşdan abat alyp çykmak üçin döredilen mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak bilen bir hatarda, mallardan köşek almak möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlykly barýarlar. «Gultakyr», «Gyzyltakyr», «Çerkezli», «Güdekli» ýaly ýaýlalarda bakylýan mallary orta we ýokary semizlikde, dok we ýyly gyşlatmakda sarwanlaryň edýän yhlasy ýerine düşýär. Ol ýerlerde çopan toparlarynyň 48-si işlerini birkemsiz alyp barýar. Goçmyrat Gazakow, Bäşguly Myratnyýazow, Baýrammyrat Çopanow ýaly sarwanlaryň atlary göreldelileriň hatarynda agzalýar. Üstümizdäki möwsümde ene düýelerden köşegiň 655-sini almagy meýilleşdirýän maldarlar düýeleri dok we ýyly gyşlatmagyň hem-de olardan sagdyn köşek almagyň aýratynlygy, şeýle-de düýedarçylygyň inçe syrlaryny ýaş çopanlaryň hem içgin bilmegi üçin olara kömek-goldawlaryny, maslahatlaryny gaýgyrmaýarlar.

Özgertmeler ýol alýar

Çopançylygyň ody bilen girip, küli bilen çykýan merdanalaryň hemişe işi ilerleýär. “Mal eýesiniň gözünden suw içer” diýleni. Çopan goýun-geçisini orta semizlikde, başbütin, tükel saklaýar. Şeýle maldarlar S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagyndaky, maldarçylyk ylmy-önümçilik hojalygynyň “Galaýmor” maldarçylyk ylmy-önümçilik hojalygynda hem bar. Her ýyly ýokary görkezijiler bilen jemläp, mallaryň baş sanyny artdyryp, tohumlylygyny gowulandyryp gelýän maldarlaryň gadamlary batly, ümzükleri öňe. Ylmy-önümçilik hojalygyna guramaçy, ýokary bilimli baş hünärmen Reýhan Muhadow ýolbaşçylyk edýär. Ol bize şu günlerki alnyp barylýan işler barada şeýle gürrüň berdi: — Häzirki wagt Tagtabazar etrabynyň “Saryja” maldarçylyk hojalygy we Serhetabat etrabynyň “Galaýmor” maldarçylyk hojalygy birleşdirilip S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagyndaky maldarçylyk ylmy-önümçilik hojalygyna degişli edildi.

Yhlasly zähmet — gowy netije

Murgap etrabynyň Hyrslan Jumaýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileri Watanymyza ak bugdaýyň bol hasylyny tabşyrmak ugrunda aladalanyp, şu günler agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg işlerini alyp barýarlar. Hojalykda bugdaý, gowaça, gant şugundyry ekin dolanyşygy esasynda ekilýär. Toprakdan bol hasyl almagyň girewini kärendeçiler işe bolan höwesiň bilen birlikde ekin dolanyşygynyň alnyp barylýandygynda görýärler. Daýhan birleşiginde «Daýhan— — mert, ýer — — jomart» diýlenine eýerip, jomart ýeriň dilini tapyp, toprakdan bol hasyl öndürmegi başarýan kärendeçilerden Muhammetbaýram Mämmedowy, Şaguly Jumaýewi, Gülşemşat Hümmedowany agzamak bolar.

Toprak — eklenç çeşmesi

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, ilatymyzy ekologiýa taýdan arassa ýokumly önümler bilen üpjün etmek babatda uly tagalla edýär. Bu ugurdaky tagallalaryň netijesinde oba hojalyk ekinleriniň ekilýän meýdanlary giňeldilýär, döwrebap ýyladyşhanalar gurulýar. Soňky sanlyja ýylyň içinde welaýatymyzyň çäginde hususy pudagyň wekilleri tarapyndan döwrebap ýyladyşhanalaryň ençemesi gurlup, ulanylmaga berildi. Bu gün olarda pomidoryň, hyýaryň, bulgar burçunyň, ýertudanyň bol hasyly ýetişdirilip, ildeşlerimize ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda, ýakynda «Welaýatlar boýunça 2021-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy» tassyklanyldy. Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň oba hojalyk puda­gynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmekde, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmekde, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmakda hem-de ekinleriň hasyllylygyny ýokarlan­dyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmakda bu resminamanyň ähmiýeti uly bolup durýar. Şundan ugur alnyp, welaýatymyzyň ekerançylary häzirki wagtda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekilişine aýratyn üns gönükdirýärler. Bu işleriň ýokary hil derejesinde alnyp barylmag

Zähmeti goramak we howpsuz iş şertleri

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Babadaýhan etrap komitetiniň guramagynda etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa kärhananyň işçi-hünärmenleri gatnaşdy. Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň öňdengörüji baştutanlygy netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli özgertmeler, beýik işler we gülläp ösüşler barada buýsanç bilen gürrüň etdiler. Zähmeti goramak boýunça kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilişine jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmak babatdaky tagallalaryň çäklerinde işçi-hünärmenlere sagdyn we howpsuz zähmet şertleriniň döredilişi, tehniki we ekologiýa howpsuzlygy barada wagyz-nesihatyň edilmegi duşuşygyň ähmiýetini artdyrdy.

Ýerler eýelerine gowuşýar

Daýhan ýere, suwa ähli ukybyny, yhlasyny siňdirýär. Hyzmaty ýetirilen ýer şoňa görä-de hasyl eçilýär. Gahryman Arkadagymyz 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde eden çykyşynda obasenagat toplumynyň işini üýtgedip guramagyň anyk ýollaryny salgy berip, bu babatda möhüm teklipleri hödürledi. Şol teklipler esasynda Halk Maslahatynda kabul edilen kararlar oba hojalyk ulgamynda amala aşyrylmaly işleri anyk kesgitledi. Öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, Lebap welaýatynda hem bu ulgamda uly işler durmuşa geçirilýär. Welaýatda, ilki bilen, oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasy döredilip, ol hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabryndaky degişli Karary bilen tassyklandy. Ýeriň gadyr-gymmatyna gowy düşünýän daýhanlar bu ýerleri 99 ýyllyk möhlet bilen kärendesine aldylar. Ýere eýeçilik etmegiň bu usuly gowy netijesini-de berip başlady. Milli Liderimiz geçen ýylyň 30-njy noýabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda «Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Pudakda geçirilýän özgertmeleri has-da çaltlandyrmak maksady bilen, daýhan birleşikleriniň ekerançylyk meýdanlarynyň 40 müň 677 gektary döwletiň ýer gaznasyna geçirildi. Ony hususyýetçilere, isleg bildirýän ildeşlerimize bölüp bermek işine-de günübirin girişildi. Netijede, döwlet ýer gaznasyn

Kämil tehnikalara daýanylýar

Ýurdumyzda ýyladyşhana toplumlaryny ösdürmekde, önümleri öndürmekde ýerli telekeçiler, daýhanlar mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Muňa mysal hökmünde Balkanabat şäheriniň golaýynda, «Düzmergen» ýaýlasynda ýerleşýän döwrebap ýyladyşhanany görkezmek bolar. Ýyladyşhananyň ähli işleriniň döwrebap tehnologiýalara, kämil kompýuterlere daýanmagy ýylylyk, çyglylyk, suwaryş ulgamlarynyň işlerini talabalaýyk ýola goýmakda uly ähmiýete eýedir. Gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen, ekerançylyk meýdany dört gektara barabar bolan ýyladyşhanada ýetişdirilen pomidor şitilleriniň ilkinji hasyly geçen ýylyň noýabr aýynyň soňky günlerinden başlap, ak bazarlara çykaryldy.

Gyş suwy tutulýar

Bäherden etrabynyň tejribeli gallaçylary geçen ýylyň güýzünde ekerançylyk meýdanlarynyň 21 müň 100 gektaryna däne ekişini geçirdiler. Häzirki günlerde ekerançylyk meýdanlaryndaky ak ekinlere ideg etmek işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Boý alýan maýsalara 3-nji ösüş suwy tutulýar. Bu işde gallaçy kärendeçiler daýhançylykda giňden ulanylýan suw tutmagyň ders-şerbet usulyndan peýdalanýarlar. Şeýle hem olar ak ekinleri ösüşi kadalaşdyryjy witaminler bilen hem iýmitlendirýärler. Bu işler etrabyň Şaja Batyrow, S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiklerinde hem-de «Zähmet» daýhan birleşiginde ýokary guramaçylykda alnyp barylýar.

Käşiriň damjalaýyn usulda suwarylyşy

Käşir sowuga durnukly ekindir. Medeni käşir sary we ak hem-de mämişi-gyzyl reňkli sortlary öz içine alýar. Ösümlik birinji ýylynda ýapraklaýar we etlek düýp miweli kök emele getirýär. Ösümlik ikinji ýylynda ilki bilen ýapraklaýar, soňra baldak, gül we tohum emele getirýär. Dökünli ýerde käşir düýpleri has iri, gabarasy we agramy boýunça birmeňzeş bolýar. Mundan başga-da, kadaly dökünlenen käşiriň düzüminde witaminleriň möçberi artýar.