Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen üstünliklere beslenen “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlandy. Bu ýyl Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň şanly toýunyň dabarasy bilen taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen döwlet ähmiýetli, halk bähbitli ägirt uly işler durmuşa geçirildi. 2020-nji ýylda halk hojalygyny durmuş ykdysady taýdan ösdürmekde belent üstünliklere eýe bolundy.
2021-nji ýyly uly şatlyk, dabara bilen garşy alan merdana türkmen halkymyz, täze ýyla ýokary ruhubelentlik, uly ynam, aýdyň maksatlar bilen gadam basdy. Mähriban halkymyz döredijilikli zähmeti bilen ýurdumyzyň kuwwatyny has-da artdyrmakda uly işleri durmuşa geçirmegi maksat edinip, belent sepgitleri nazarlaýar. Üstümizdäki ýylda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň yglan edilenine 30 ýyl dolýar. Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi taryhy wakalara, toý-dabaralara beslener. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyz uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar.