Özgertmeler ýol alýar

17 Fewral 2021
2419

Çopançylygyň ody bilen girip, küli bilen çykýan merdanalaryň hemişe işi ilerleýär. “Mal eýesiniň gözünden suw içer” diýleni. Çopan goýun-geçisini orta semizlikde, başbütin, tükel saklaýar. Şeýle maldarlar S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagyndaky, maldarçylyk ylmy-önümçilik hojalygynyň “Galaýmor” maldarçylyk ylmy-önümçilik hojalygynda hem bar. Her ýyly ýokary görkezijiler bilen jemläp, mallaryň baş sanyny artdyryp, tohumlylygyny gowulandyryp gelýän maldarlaryň gadamlary batly, ümzükleri öňe. Ylmy-önümçilik hojalygyna guramaçy, ýokary bilimli baş hünärmen Reýhan Muhadow ýolbaşçylyk edýär. Ol bize şu günlerki alnyp barylýan işler barada şeýle gürrüň berdi:

— Häzirki wagt Tagtabazar etrabynyň “Saryja” maldarçylyk hojalygy we Serhetabat etrabynyň “Galaýmor” maldarçylyk hojalygy birleşdirilip S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagyndaky maldarçylyk ylmy-önümçilik hojalygyna degişli edildi.