"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Özygtyýarlylyk we Garaşsyzlyk — durnukly ösüşiň ýoly

Watanymyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk toýy halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýan halkymyz Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyny uly joşgun we dabara bilen toýlamaga taýýarlyk görýär. Şeýle günlerde ýurdumyzyň durnukly ösüş ýoly bilen öňe gitmeginiň düýp esaslary hakda söhbet etmek buýsançlydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüşleri ulgamlaşdyryp, taryhyň beýik işler, halk bilen bilelikde, halk üçin edilen beýik amallar bilen ýazylýandygyny bellemek bilen: «Ýaşaýyş hemişe täze başlangyçlaryň muşdagy. Ösüş elmydama täzeçil pikirlenmelere, çynlakaý çemeleşmelere intizar. Durmuş her pursatda aýgytly gadamlara garaşýar, gerek ýerinde töwekgellikleri halaýar. Gadymdan gelýän hakykatlar täze döwrüň ruhy bilen utgaşanda, ýaşaýşyň hörpi başgaça bolýar. Ynsanlar her pursatda bagtyň, her günde özüne mahsus rysgyň, her ýagşy hereketde berekediň bardygyna ynanyp, uýup hem-de şol aýratynlygy duýup ýaşaýar» diýen, döwrümiziň waspyny beýan edýän, çuň manyly gysgaça häsiýetlendirmesiniň nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň we Garaşsyzlygynyň ähmiýetini, mazmunyny, oňyn netijelerini görmek bolýar. Bu filosofik kesgitlemede taryhy wakalaryň özara baglanyşygy, maksada ýetmegiň strat

Artýan islegler kanagatlandyrylýar

Bazarlary ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek öňde goýlan esasy wezipeleriň biridir. Şoňa görä-de, täzeden-täze önümler halka ýetirilýär, olaryň görnüşleri artdyrylýar. Şeýle işleri amal etmäge Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli fabriklerdir toplumlar hem önjeýli goşant goşýarlar. Munuň şeýledigine Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň alyp barýan işleri bilen tanşanyňda-da, anyk göz ýetirmek bolýar. «Ýeňiş» tikin fabrigi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen ýarym ýylyny zähmet üstünliklerine besledi. Şol döwürde bu ýerde dürli görnüşli köýnekleriň 180 müň 360-sy tikildi. Bu görkeziji meýilnamanyň 105 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna

Halkymyzyň çüwen ykbaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda we halkara derejede ençeme üstünliklere beslenmek bilen dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň altyn güýzüniň ilkinji aýynda halkymyz öz naýbaşy baýramyny, ata Watanymyzyň Garaşsyzlyga eýe bolmagynyň otuz üç ýyllyk toýuny ýokary derejede belläp geçýär. Ata-babalarymyzyň gözüniň göreji deýin ezizlän mukaddes topragynda 33 ýyl mundan öň berkararlyk ýaňy bolup dogan «Garaşsyzlyk» atly bagtynyň Hydyr gezen çöllerde, Kowus gezen daglarda ykbalyny, rysgyny, ömrüni, onuň manysyny ata Watanyna baglan şol gadymy kowumyň nesillerine eçilýän nury has ýalkymlydyr.

Täzelikler

Welaýatymyzda üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynda ýükleriň 61 million 429 müň tonnadan gowragy daşaldy, ýolagçylaryň bolsa 95 million 773 müňüsi gatnadyldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli artykdyr. Bu möhüm işe «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň welaýatymyzdaky kärhanalarynyň sürüjileri netijeli gatnaşýarlar. Olaryň yhlasly zähmet çekmekleri netijesinde şu ýylyň tamamlanan döwründe ýük we ýolagçy dolanyşygy geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä degişlilikde, 4,5 göterim hem-de 12,5 göterim artdy.

Yhlasly zähmetiň mynasyp miwesi

Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan belent wezipelerini üstünlikli berjaý etmek her bir zähmetkeşler köpçüliginiň watançylyk borjudyr. Welaýatymyzyň senagat kärhanalarynyň öz borjuna wepaly işgärleri hem şanly ýylda ýokary netijeli zähmet çekmegiň gowy nusgasyny görkezýärler. Munuň şeýledigine üstümizdäki ýylyň tamamlanan ýedi aýynyň önümçilik görkezijilerine nazar aýlanyňda hem doly göz ýetirip bolýar. Has takygy, şu ýylyň geçen döwründe öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 14 milliard 610,3 million manada barabar boldy. Şonça önümiň 3,6 milliard manatlykdan gowragy döwlet böleginde öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iri we orta kärhanalarda öndürilen senagat önümleriniň artyş depginleri himiýa, un üweýji-ýarma we dürüşdelenen iým, azyk senagaty kärhanalarynda emele geldi.

Döwletli işlere badalga

Şanly ýylymyzda toýlanyljak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy halkymyzyň hakydasynda ebedilik orun aljak buýsançly wakalar bilen utgaşar. Çünki şol baýramçylyk günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi diňe bir Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhynyň gatlaryny altyn harplar bilen bezemän, eýsem, watandaşlarymyzyň kalbyna aýratyn ýakym çaýjak wakalaryň biri bolar. Bu hakykata ählihalk forumynyň geçen mejlislerinde kabul edilen çözgütlerdir kararlara laýyklykda durmuşa geçirilýän beýik işleriň mysalynda hem anyk göz ýetirýäris. Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň syýasy ulgamyny kämilleşdirmäge, döwrüň öňe çykarýan meselelerini giň halk köpçüliginiň gatnaşmagynda, aç-açanlyk ýagdaýynda ara alyp maslahatlaşmaga, anyk çözgütleri kabul etmäge uly mümkinçilik döredýär. Şeýle hem pederlerimiziň asylly däp-dessurlaryna, jemgyýetimiziň milli demokratik ýörelgelerine esaslanyp, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň döwletimizi dolandyrmaga işjeň gatnaşmaklary gazanylýar. Bagtyýarlyk döwrümizde üstünlikli dowam etdirilýän bu demokratik ýörelgeler öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Şöhratly ata-babalarymyzyň döreden beýik döwletleriniň taryhyna ser salanymyzda, döwlet dolandyryşynda maslahata, geňeşe aýratyn ornuň berlendigine göz ýetirýäris. Bu gün bolsa Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli syýasaty netijesin

Özgerişler mekany

Hemmämize mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 9-njy fewralyndaky Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul eden «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» boýunça welaýatymyzyň çäginde hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Maksatnama, ilki bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri şu ýyl üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen taýýarlanyldy. Maksatnamanyň esasy maksatlary boýunça eýýäm birtopar işler ýerine ýetirildi. Milli ykdysadyýetimiziň innowasion-senagatlaşma derejesini has-da pugtalandyrmak hem şolaryň biridir.

Dünýäni özgerdýän ýollar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşleriň halkymyzyň ruhuny belende göterýän täze tapgyrlaryna geçilýär. Diýarymyzy gülledýän, ykballary özgerdýän, halkymyzyň ýaşaýşyna barha täze eşretleri getirýän, mähriban Watanymyzyň mertebesini günsaýyn beýgeldýän we gözelleşdirýän taryhy işleriň sanawy artýar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly hem şolaryň biridir. Bu ýoluň esasy bölegi Türkmenabatda tamamlanýar we ol goňşy ýurtlara uzaýan ýollara birleşýär. Ýoluň Mary — Türkmenabat bölegi hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1 aprelinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda aýdyşy ýaly, örän möhümdir. Bu ýol Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýurdumyzyň döwrebap ulag geçelgelerini birleşdirmek boýunça möhüm wezipäni amala aşyrýar. Umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan döwrebap görnüşde dikeldilýändigi bilen hem guwandyryjydyr.

Şahyryň görelde alan ussatlary

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýeti Gündogar edebiýatynyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol orta asyr edebiýatynyň iň görnükli wekilleriniň eserlerini, halk döredijiligini ymykly öwrenipdir. Öz döredijiliginde olara telim gezek ýüzlenipdir. Olardan ylham alypdyr, ussatlaryň edebi mirasyny nusga edinipdir, şolaryň hatarynda bolmagy arzuwlapdyr. Şahyryň sekiz bentden ybarat bolan «San bolsam» atly goşgusyny mysal getireýin. Goşguda gadymy we orta asyryň belli şahsyýetleriniň otuza golaýynyň atlary tutulýar. Şolaryň ençemesi dünýä belli bolan ussat şahyrlar hem-de filosoflar. Ine, şol goşgynyň bir bendi:

Watan şahyry

Setirleri müň ykbal, şygyrlary aýdyň ýoldur,Sözlernden doýup bolmaz, göýä olar misli baldyr, Bossanyna seýl etmeseň, kalbyňa dünýe dardyr,Sözden gaýdýan akaba bar, görünmeýär ahyry,«Watan» diýlen bu döwletiň Şahyry bar Şahyry. Bütin dünýä oňa aşyk, doýma ýokdur hiç haçan,Waspyna şygyr ýazyber, kalbyň açyp aç-açan,Göýä Gökden inmiş gudrat, bu äleme nur saçan,Ýüreklerde orun goýdy şygryýetiň zahyry,«Watan» diýlen bu döwletiň Şahyry bar Şahyry.

Halk Maslahaty: agzybirligiň we jebisligiň nusgasy

Berkarar Watanymyzda agzybir hem bagtyýar halkymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna barýar. Indi däp bolşy ýaly, her ýyl bu mukaddes baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär. Mejlis Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilip, onda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we ruhy-medeni ösüşinde ýeten derejesi hem-de döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Il-ýurt bähbitli permanlardyr kararlar, çözgütler kabul ediler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Milli Liderimiziň baý durmuş we syýasy tejribesine, eziz Watanymyza hem-de mähriban halkymyza bolan beýik söýgüsinden kemala gelýän beýik başlangyçlaryna esaslanýan ýokary derejedäki guramaçylykly işler döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky sazlaşykly hereketi emele getirýär. Şu ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi onuň aýdyň mysalydyr. Mejlisiň gün tertibinde Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa

Milletiň ruhy keşbi

Goja taryhymyza ser salanymyzda, şu günki türkmen Tugunyň geçen ýolunyň hem halkymyzyň özi ýaly, gadymyýetden gaýdýandygyna göz ýetirmek bolýar. Dürli döwürlerde ýaşap geçen dünýä meşhur akyldarlar, haýsam bolsa bir döwletiň geçmişini, şu gününi, geljekki tutumlaryny bilmek, halkynyň ruhy dünýäsine düşünmek isleseň, şol döwletiň baýdagyny içgin synlamalydygyny aýdypdyrlar. Hut şoňa görä-de, baýdak tutuş döwletiň ýüzüniň tuwagy, milletiň ruhy keşbiniň aýnasy hasaplanylýar. Ol her bir özbaşdak döwletiň durmuşynda, onuň halkynyň ykbalynda baş nyşanlaryň biri hökmünde möhüm orny eýeleýändir. Döwlet baýdagy döwletiň häkimiýetini, garaşsyzlygyny we agzybirligini janlandyrýan, halkyň hatyrasyny, mertebesini, onuň azatlyga we özbaşdaklyga bolan arzuwlaryny suratlandyrýan nyşan bolup, ýurduň geçmişini, şu gününi we geljegini özünde jemleýär. Baýdak taryhy gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdyp, ilkinji tuglar Müsürde we Hytaýda peýda bolupdyr. Tuglar, tuwulgalar goşunbaşylara söweşde ugurlaryny kesgitlemäge, soňlugy bilen bolsa döwletleri parhlandyrmakda ýardam beripdirler. Döwlet baýdagynyň ýokary galdyrylmagy, täze döwletiň döremegi jar edilenden soň, geçirilýän ilkinji dabaraly çäre bolupdyr.

Bileniň — baýlygyň

Dünýä çöllükleri √ Siriýa çöllügi — Siriýanyň, Iordaniýanyň, Yragyň we Saud Arabystanynyň çäklerinde ýerleşýär. Umumy meýdany 1 million inedördül kilometr. Ortaça temperaturasy: gyşyna -70 С, tomsuna +300 С. Siriýa çöllügi esasan çägelik ýerlerdir. Ir döwürlerde düýe kerwenleri Ortaýer deňzi bilen Mesopotamiýanyň arasynda gatnaw edipdirler. Häzir bu çöllügiň üstünden goňşy ýurtlary birleşdirýän ýokary tizlikli awtoýollary geçýär.

Taryhy tutumlara beslenýän döwür

Durmuşyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilmegi, üstünlikleriň üstünliklere ulaşmagy berkarar Watanymyzyň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini dünýä ýaýýar. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara bileleşikdäki ornuny berkidip, abraý-mertebesini has-da belende göterýär. «Öňümizde bu mukaddes Watanyň has abadan geljegi üçin bilelikde, birlikde — agzybirlikde geçmeli ýollarymyz, külterlemeli menzillerimiz, dowam etmeli döwlet dessurlarymyz bar» diýip nygtaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary ajaýyp zamanamyzda rowaçlyga beslenýär. Peder ýörelgesini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gazanylýan ägirt uly ösüşler, ýetilýän täze sepgitler bu mizemez hakykatyň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, köňüllerdäki buýsanjy goşalandyrýar, durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alan döredijilikli zähmeti has-da joşdurýar. Hawa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Milli ykdysadyýeti ösdürmegiň netijeli ugurlarynyň kemala gelmegi durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işleri ýokary depginlerde alyp barmaga mümkinçilik berýär. Dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklara işjeň häsiýetiň mahsus bolmagy, iri halkara taslamalara köp möçberde maýa goýumlaryň gönükdirilmegi bilen bir hatarda, milli ykdy

Kuwwatly döwlet — bagtyýar halk

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleriň netijesinde berkarar Watanymyzyň dünýäniň kuwwatly döwletleriniň hataryndaky orny ýylsaýyn pugtalanýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda durmuşa geçirilýän  döwletli tutumlar her bir türkmenistanlynyň buýsançly başyny has-da belende göterýär. Taryhy jähetden alanyňda, örän gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, syýasy durnuklylygyny pugtalandyrmakda, halkymyzyň bagtyýar, abadan, eşretli durmuşyny üpjün etmekde ýetilen belent sepgitler dünýä nusgalykdyr. Ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda gazanylýan ýokary görkezijileriň, eziz Diýarymyzyň has-da gözelleşen şäherleriniň, şäherçeleriniň, obalarynyň binagärlik keşbiniň, ýylba-ýyldan sany artýan medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň, döwrebap zawod-fabrikleriň mysalynda bu hakykata aýdyň göz ýetirmek bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwrümiziň, durmuşymyzyň bezegine öwrülen döwletli tutumlaryň, özgertmeleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda dowamat-dowam bolýandygyny nygtamak aýratyn ýakymlydyr.

Garaşsyzlyk bagty

Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýy barha golaýlaýar. Bu toýa halkymyzyň aýratyn ähmiýet bermegi ýönelige däl. Çünki Garaşsyzlyk külli türkmen halkynyň baş baýramydyr, naýbaşy toýudyr. Bu sene bagtyýar ulus-ilimizde has giňden bellenýär, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde şatlyk-şagalaňa beslenýän dabaralar geçirilýär. Garaşsyzlygyň geçen ýyllary içinde ýurdumyzda asyrlara barabar işleriň amala aşyrylandygyny çäksiz buýsanç bilen aýdyp bilýäris. Gysga taryhy döwürde Diýarymyzyň giňişliklerinde täze, döwrebap obalar, şäherdir şäherçeler peýda boldy, ilatly nokatlarda häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş, önümçilik maksatly desgalar guruldy. Bu zatlar raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň düýpgöter ýokarlanmagyna täsirini ýetirdi.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Ýokumly we datly miweler

Bagtyýar çagalar — eşretli ertirimiziň eýeleri

Şu hepdäniň duşenbe güni, ýagny 19-njy awgustda gözel paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän, kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň ýanyndaky giň açyk meýdançada säher bilen başlan baýramçylyk şowhuny, çagalar döredijilik toparlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary daş-töwerege şirinden-şirin owazlary bilen ýaň salyp, bu ýerde ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň açylyşyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Il-ýurt bähbitli möhüm ädimler

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda halk bilen häkimiýetiň jebisligini üpjün etmek, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn kämil jemgyýeti kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda taryhy özgertmeler amala aşyrylyp, uly üstünliklere ýetilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynda ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek barada ileri tutulýan wezipelere garalar. Eziz Watanymyzyň iň täze taryhynda biziň ýetýän belent sepgitlerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň, halkymyzyň durmuşynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ajaýyp esasy bar. Ol bolsa döwlet Garaşsyzlygymyzdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyza 33 ýyl dolýar.

Halk häkimiýetiniň dabaralanmasy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we onuň mejlisleriniň yzygiderli geçirilmegi raýat jemgyýetini has-da kämilleşdirmäge, halk häkimiýetiniň milli nusgasyny kemala getirmäge giň mümkinçilikleri açdy. Şeýle hem döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek meseleleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde durýan esasy wezipeler bolup, bu ugurda dünýä nusgalyk işler üstünlikli dowam edýär. Bular dogrusynda şu günler etrabymyzyň edara-kärhanalarynda guralýan maslahatlarda we duşuşyklarda hem buýsançly çykyşlar diňlenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alnyp geçirilýän şeýle ähmiýetli işlere ildeşlerimiz uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Çünki watandaşlarymyzyň bagtyýar şu gününi we nurana ertirlerini berkarar etmek ugrundaky özgertmelere goşant goşmak biziň her birimiz üçin mukaddes borç we belent mertebedir. Ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda edilýän aladalardan ruhlanyp, ilatyň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä nusgalyk işlerini yzygiderli wagyz ederis.