Artýan islegler kanagatlandyrylýar

22 Awgust 2024
128

Bazarlary ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek öňde goýlan esasy wezipeleriň biridir. Şoňa görä-de, täzeden-täze önümler halka ýetirilýär, olaryň görnüşleri artdyrylýar. Şeýle işleri amal etmäge Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli fabriklerdir toplumlar hem önjeýli goşant goşýarlar. Munuň şeýledigine Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň alyp barýan işleri bilen tanşanyňda-da, anyk göz ýetirmek bolýar.

«Ýeňiş» tikin fabrigi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen ýarym ýylyny zähmet üstünliklerine besledi. Şol döwürde bu ýerde dürli görnüşli köýnekleriň 180 müň 360-sy tikildi. Bu görkeziji meýilnamanyň 105 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar.

Baýnazar BAÝHANOW.
«Türkmenistan».