Taryhy tutumlara beslenýän döwür

21 Awgust 2024
170

Durmuşyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilmegi, üstünlikleriň üstünliklere ulaşmagy berkarar Watanymyzyň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini dünýä ýaýýar. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara bileleşikdäki ornuny berkidip, abraý-mertebesini has-da belende göterýär. «Öňümizde bu mukaddes Watanyň has abadan geljegi üçin bilelikde, birlikde — agzybirlikde geçmeli ýollarymyz, külterlemeli menzillerimiz, dowam etmeli döwlet dessurlarymyz bar» diýip nygtaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary ajaýyp zamanamyzda rowaçlyga beslenýär. Peder ýörelgesini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gazanylýan ägirt uly ösüşler, ýetilýän täze sepgitler bu mizemez hakykatyň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, köňüllerdäki buýsanjy goşalandyrýar, durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alan döredijilikli zähmeti has-da joşdurýar.

Hawa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Milli ykdysadyýeti ösdürmegiň netijeli ugurlarynyň kemala gelmegi durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işleri ýokary depginlerde alyp barmaga mümkinçilik berýär. Dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklara işjeň häsiýetiň mahsus bolmagy, iri halkara taslamalara köp möçberde maýa goýumlaryň gönükdirilmegi bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagy, senagat-innowasion özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi muňa şaýatlyk edýär.

«Balkan».