Halk Maslahaty: agzybirligiň we jebisligiň nusgasy

21 Awgust 2024
96

Berkarar Watanymyzda agzybir hem bagtyýar halkymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna barýar. Indi däp bolşy ýaly, her ýyl bu mukaddes baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär. Mejlis Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilip, onda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we ruhy-medeni ösüşinde ýeten derejesi hem-de döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Il-ýurt bähbitli permanlardyr kararlar, çözgütler kabul ediler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Milli Liderimiziň baý durmuş we syýasy tejribesine, eziz Watanymyza hem-de mähriban halkymyza bolan beýik söýgüsinden kemala gelýän beýik başlangyçlaryna esaslanýan ýokary derejedäki guramaçylykly işler döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky sazlaşykly hereketi emele getirýär. Şu ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi onuň aýdyň mysalydyr. Mejlisiň gün tertibinde Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine seredildi. Mejlisiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň eden maksatnamalaýyn taryhy çykyşy, seredilen meseleler, kabul edilen il-ýurt bähbitli çözgütler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda çykaran 4-nji belgili Karary bilen, Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde 2024-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi ähli halkymyzyň ünsüni özüne çeken uly syýasy-jemgyýetçilik wakasyna öwürdi.

Amangeldi ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.