Milletiň ruhy keşbi

21 Awgust 2024
113

Goja taryhymyza ser salanymyzda, şu günki türkmen Tugunyň geçen ýolunyň hem halkymyzyň özi ýaly, gadymyýetden gaýdýandygyna göz ýetirmek bolýar. Dürli döwürlerde ýaşap geçen dünýä meşhur akyldarlar, haýsam bolsa bir döwletiň geçmişini, şu gününi, geljekki tutumlaryny bilmek, halkynyň ruhy dünýäsine düşünmek isleseň, şol döwletiň baýdagyny içgin synlamalydygyny aýdypdyrlar. Hut şoňa görä-de, baýdak tutuş döwletiň ýüzüniň tuwagy, milletiň ruhy keşbiniň aýnasy hasaplanylýar. Ol her bir özbaşdak döwletiň durmuşynda, onuň halkynyň ykbalynda baş nyşanlaryň biri hökmünde möhüm orny eýeleýändir. Döwlet baýdagy döwletiň häkimiýetini, garaşsyzlygyny we agzybirligini janlandyrýan, halkyň hatyrasyny, mertebesini, onuň azatlyga we özbaşdaklyga bolan arzuwlaryny suratlandyrýan nyşan bolup, ýurduň geçmişini, şu gününi we geljegini özünde jemleýär.

Baýdak taryhy gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdyp, ilkinji tuglar Müsürde we Hytaýda peýda bolupdyr. Tuglar, tuwulgalar goşunbaşylara söweşde ugurlaryny kesgitlemäge, soňlugy bilen bolsa döwletleri parhlandyrmakda ýardam beripdirler. Döwlet baýdagynyň ýokary galdyrylmagy, täze döwletiň döremegi jar edilenden soň, geçirilýän ilkinji dabaraly çäre bolupdyr.

Maýsa KURBANOWA,
Mary welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.