"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Sport. Sport. Sport.

Ezberler öňe saýlandylar Golaýda ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmek, olary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen etrap häkimliginiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap bedenterbiýe we sport baradaky komitetiniň bilelikde guramagynda etrapdaky 2-nji sport mekdepde sportuň şaşka görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

Bedenterbiýe we sport

«7/24. tm» № 05 (192), 29.01.2024 Türk­men hal­ky­nyň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry öç­me­jek ru­hy we ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­na eýe bo­lup, adam­la­ryň ru­hy dün­ýä­sin­de, dur­mu­şyn­da, ola­ryň aňyn­da ba­ky yşk bo­lup or­naş­dy. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň goş­gu­la­ry yn­san­per­wer­li­giň, wa­tan­çy­ly­gyň, ag­zy­bir­li­giň se­na­sy bo­lup, köp ýurt­lar­da alym­lar we şa­hyr­lar üçin gol­lan­ma bo­lup hyz­mat ed­ýär. Bu mi­ras türk­men hal­ky­nyň we tu­tuş tür­ki halk­la­ryň, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ede­bi­ýa­ty­nyň dil­den-di­le ge­çen seý­rek gol­ýaz­ma­la­ry­dyr.

Sport habarlary

«7/24. tm» № 05 (192), 29.01.2024 XXXIII olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk

Dört ýyldan bir gezek gaýtalanýan gün

«7/24. tm» № 05 (192), 29.01.2024 Yn­ha, ýe­ne san­ly­ja gün­den gyş pas­ly­nyň ikin­ji aýy, ýy­lyň ker­wen­ba­şy­sy bo­lan ýan­war ta­mam­lan­ýar. Onuň yzyn­dan bol­sa few­ral ge­ler. Onuň ady hem la­tyn­ça­dan ter­ji­me ede­niň­de, «aras­sa­laý­jy aý», «tä­miz­le­ýän aý» diý­me­gi aň­lad­ýar. Few­ral on iki aýyň için­de iň gys­ga aý ha­sap­lan­ýar. Şa­hyr aýt­myş­la­ýyn, few­ral gys­ga­ly­gy­na utan­ýar, ýö­ne ol ba­ha­ra how­lu­gyp, üç gü­ni kem alyp­dyr. Şu aý­ra­tyn­ly­gy bi­len hem ol beý­le­ki aý­la­ryň hem­me­sin­den ta­pa­wut­lan­ýar. Onuň iň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy bol­sa few­ra­lyň her dört ýyl­da bir ge­zek 29 gün­den yba­rat bol­ma­gy­dyr. Şol dör­dün­ji ýyl, ýag­ny few­ra­lyň 29 gü­ni öz içi­ne al­ýan ýy­ly-da şu ýyl­dyr — 2024-nji ýyl.

Sport sagdynlygyň gözbaşy

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy we saý­lap alan ugur­la­ryn­da kä­mil­leş­me­gi ba­bat­da giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ýaş ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, netijeli iş­ler durmuşa ge­çi­ril­ýär. Be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň ösen dü­züm­le­ri­ni dö­ret­mek­de çalt dep­gin­li öz­gert­me­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän me­ka­ny­na öw­rül­di. Sport ul­ga­my­nyň hal­ka­ra de­re­je­sin­de ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi onuň döw­re­bap hu­kuk esas­la­ry­nyň ber­ki­dil­me­gi bi­len şert­len­di­ril­ýär. Sag­dyn­ly­gyň gi­re­wi bo­lan, şah­sy­ýe­ti ter­bi­ýe­le­mä­ge gö­nük­di­ri­len sport ul­ga­my­nyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy Esa­sy Ka­nu­ny­myz­da döw­le­ti­mi­ziň sport ba­bat­da ýar­dam ed­ýän­di­gi­ni kes­git­le­ýän ka­da­lar­dan göz­baş al­ýar. «Be­den­ter­bi­ýe we sport ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny hem jem­gy­ýe­ti­miz­de ila­tyň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ke­ma­la ge­tir­me­gi, ra­ýat­la­ryň be­den­ter­bi­ýe hem-de sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gy­ny, ola­ryň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­de be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da

Ýetginjek tennisçilerimiziň üstünligi

Golaýda Omanyň Maskat şäherinde geçirilen Halkara tennis federasiýasynyň Aziýa sebiti boýunça 14 ýaşly we ondan kiçi türgenleriň arasyndaky ösüş çempionatynyň Günbatar hem-de Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin saýlama tapgyry geçirildi. Ýaryşda Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň türgenleri guwandyryjy netije gazandylar. Ilki bilen Halkara tennis federasiýasynyň Aziýa sebiti boýunça 14 ýaşly we ondan kiçi türgenleriň arasyndaky ösüş çempionatynyň birinji ýaryşy guraldy. Ýekelikdäki bäsleşikde ildeşimiz Ilima Guseýnowa altyn medala mynasyp boldy. Ildeşimiz aýgytlaýjy duşuşykda Eýran Yslam Respublikasynyň türgeni Hana Shabanpoury ýeňmegi başardy. Jübütlikdäki bäsleşigiň jemleýji oýnunda bolsa Ilima Guseýnowa bilen Aýlara Kakabaýewa bilelikde Eýran Yslam Respublikasynyň türgenlerinden asgyn geldiler. Şeýlelikde, türkmenistanly ýetginjek gyzlar kümüş medallary eýelediler.

Ähmiýetli dabara

Paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň, TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň bilelikde geçiren dabarasy hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň elimize gowuşmagyna hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlandy.

Halkara ýaryşyň goşa medaly

Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen kýokuşinkaý karate boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda türkmen türgenleri iki medal gazandylar. Bäsleşikde 80 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň hünärmeni Ýazmuhammet Aşyrmyradow hem-de 90 kilograma çenli agram derejesinde Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Myrat Ekäýew altyn medallara mynasyp boldular.

Ýurdumyzyň birinjiligi ugrunda

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň guramagynda Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynda ýaşlaryň hem-de ýetginjekleriň arasynda gylyçlaşmak boýunça ýurdumyzyň birinjiligi geçirildi. Diýarymyzyň dürli künjeginden zehinli türgenleriň gatnaşan birinjiliginde 17 ýaşdan uly bolmadyk ýaşlaryň arasynda gylyçlaşmagyň şpaga görnüşi boýunça guralan ýaryşda oglanlaryň arasynda Aşgabatdan Arslan Agaýew, gyzlaryň arasynda Balkan welaýatyndan Ýelizaweta Prytkowa ýurdumyzyň çempiony diýen ada eýe boldular. Bu ýaşdakylaryň arasynda rapira boýunça geçirilen ýaryşda balkanly türgenlere taý tapylman, oglanlaryň arasynda Şatlyk Orazow, gyzlaryň arasynda Çynar Goşungeldiýewa ähli garşydaşlaryndan üstün çykdylar. Gylyç görnüşinde bolsa Mary welaýatyndan Guwanç Gurdow hem-de Ýelizaweta Wodopýanowa hormat münberiniň ýokary basgançagyna çykdylar.

Bedenterbiýe we sport

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 8-nji sport mekdebi Büzmeýin etrabynyň Gökje ýaşaýyş toplumynda ýerleşýär. Bu ýerde häzirki wagtda ýaşajyk türgenleriň 600-e golaýy tälim alýar. Olar sportuň birnäçe görnüşi bilen meşgullanýarlar. Häzirki wagtda bu ýerde sportuň woleýbol, futbol, söweş sungaty bolan taýboks, milli göreş görnüşleri hereket edýär. Her günde iki wagtyna geçirilýän okuw-türgenleşik işleri türgenleriň meşgullanýan sport görnüşleriniň inçe tilsimlerini ele almaklaryna ýardam berýär. Etrabymyzyň çagalaryny sporta höweslendirmek maksady bilen, «Men sporty saýladym», «Sport we saglyk» ýaly birnäçe mowzuklardan wagyz-nesihat ähmiýetli gürrüňdeşlikleri häli-şindi geçirýäris. Sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryny bilim alýan orta mekdebine baryp, Hormat hatlaryny, sowgatlary köpçülik ýerinde gowşurmak bilen höweslendirýäris.

Watan goragçylarynyň gününe

Golaýda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň guramagynda karate we dzýudo boýunça ýaryşlar geçirildi. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan ýaryşlarda watan goragçylary ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şeýlelikde, karate boýunça geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Türkmen edermen» topary öňdeligi eýeledi. Toparyň türgenleri 15 altyn, 6 kümüş, 8 bürünç medal gazandylar. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Gala» topary ikinji orny eýeledi. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhetçi» toparynyň türgenleri umumylykda üçünji orna mynasyp boldular.

Umumymilli spartakiadanyň çäklerinde

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilýän «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII Umumymilli spartakiada dowam edýär. 25-nji ýanwarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda woleýbol bäsleşiginiň jemleýji duşuşyklary geçirildi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýaýbaňlandyrylan ýaryşda ezberler öňe saýlandy.Şeýlelikde, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary birinji orny eýeledi. Topar finalda Türkmenistanyň IIM-niň

Täze üstünlikleriň ýolunda

Bu gün bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegi jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbidine ýaşlaryň mümkinçiliklerini ýokary derejede peýdalanmaga gönükdirilen ýaşlar we sport syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Biz hem bu işlere öz mynasyp goşandymyzy goşmak üçin yhlasly zähmet çekýäris. Ýurdumyzyň sport abraýyny belende galdyrjak ýaş türgenleri taýýarlap ýetişdirmek biziň öňümizde goýlan esasy wezipe bolup durýar. Häzirki wagtda ýokary derejede alnyp barylýan okuw-türgenleşikleri ýaşlaryň saýlap alan sport görnüşlerinden kämilleşmeklerine şert döredýär. Karatedo boýunça Zakirbek Ýuldaşow, dzýudo boýunça Wladimir Widýasow, Näzikjemal Sopyýewa, boks boýunça Azat Yklymow, kikboks boýunça Salyh Mamekow ýaly tejribeli tälimçilerimiz şägirtleri bilen yzygiderlid türgenleşik geçýärler.

Çekeleşikli geçen ýaryşlar

64 öýjükli şaşka boýunça 10, 14, 18 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa oglan-gyzlaryň 70-si gatnaşdy. Netijede, 10 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Alekseý Makarow, gyzlaryň arasynda Maral Ýusubowa öňdäki orunlary eýelediler. 14 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Ahmet Köşüliýew, gyzlaryň arasynda Oguljennet Öweznepesowa ýeňiji bolmagy başardy. 18 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Dawut Köşüliýew tapawutlandy. Şol ýaşda gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde Aksoltan Hemraýewa birinji orny eýeledi.

Taryhda şu gün

2007-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda «Uly tuwulga» bäsleşikleriniň hataryna girýän Awstraliýanyň Açyk çempionatynda zenan tennisçileriň arasynda final duşuşygy geçirilip, onda ABŞ-ly Serena Wilýams bilen russiýaly tennis ussady Mariýa Şarapowa duşuşdylar. Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň taryhyndaky iň çalt tamamlanan final duşuşygynda 6:1, 6:2 hasabynda ABŞ-ly tennisçi ýeňiş gazandy.

Şaşka ýaryşy geçirildi

Okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň başlanmagy mynasybetli Tejen etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda 41-nji orta mekdepde şaşka ýaryşy geçirildi. Ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden toparlar gatnaşdy. Ýaryşda birinji orny 23-nji orta mekdebiň, ikinji orny 41-nji orta mekdebiň, üçünji orny 33-nji orta mekdebiň okuwçylary eýelemegi başardylar. Ýeňiji bolan toparlara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

96-njy Os­kar baý­rak­la­ry­nyň da­laş­gär­le­ri mä­lim edil­di

Ki­no sun­ga­ty­nyň iň uly baý­ra­gy ha­sap­lan­ýan Os­ka­ryň, has ta­ky­gy, Aka­de­mi­ýa baý­rak­la­ry­nyň da­laş­gär­le­ri mä­lim edil­di. Iň köp da­laş­gär­lik ga­za­nan film ýy­lyň en­çe­me baý­ragyny çöp­län «Op­pen­haý­mer» kinosy bol­dy. Film 13 ugur bo­ýun­ça da­laş­gär­li­ge hö­dür­len­di. Kris­to­fer No­la­nyň bu fil­mi Aka­de­mi­ýa­nyň ta­ry­hyn­da azyn­dan 13 ugur­dan da­laş­gär gör­ke­zi­len 14-nji ki­no hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Gre­si­ýa­ly re­žiss­ýor Ýor­gos Lan­ti­mo­syň «Gör­gü­li bet­bagt­lar» fil­mi 11, Mar­tin Skor­se­ze­niň «Do­lan Aý gan­hor­la­ry» ki­no­sy-da 10 ugur bo­ýun­ça Os­ka­ryň heý­kel­jik­le­ri­ne hy­ry­dar gör­ke­zil­di. 1,5 mil­liard dol­la­ra go­laý gir­de­ji ga­za­nan «Bar­bi» fil­mi­niň 8, «Maest­ro» fil­mi­niň 7 da­laş­gär­li­gi bar. Kom­po­zi­tor Jon Wil­liams 54-nji ge­zek da­laş­gär gör­ke­zi­lip, ol bu ugur­da Wolt Dis­neý­den soň iň köp da­laş­gär­li­gi bo­lan, şol san­da 91 ýa­ş bilen Os­ka­ra da­laş­gär gör­ke­zi­len iň ýa­şu­ly şah­sy­ýet­dir.

Liga Kubogynyň fi­naly: «Çel­si» – «Li­wer­pul»

Ang­li­ýa­nyň Li­ga Ku­bo­gy­nyň fi­na­ly­na çy­kan to­par­lar bel­li bol­dy. Ýa­rym fi­na­lyň jo­gap du­şu­şyk­la­ryn­da «Çel­si» öz meý­dan­ça­syn­da «Middlsb­ro» to­pa­ry­ny 6–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. 1-nji du­şu­şyk­da 1–0 ha­sa­byn­da utu­lan «Çel­si­niň» gol­la­ry­ny How­son (15 ö.d.), Fer­nan­des (29), Di­sa­si (36), Pal­mer (42, 77) hem-de Ma­due­ke (81) ge­çir­di. Ku­bo­gy 5 ge­zek eýe­län «Çel­si» 10-njy ge­zek fi­na­la çyk­dy. «Çel­si­niň» fi­nal­da­ky gar­şy­da­şy «Li­wer­pul» bo­lup, Klop­puň şä­girt­le­ri myh­man­çy­lyk­da «Ful­ham» bi­len 1–1 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. 11-nji mi­nut­da Lu­iz Dia­zyň go­lu­na ýer eýe­le­ri 76-njy mi­nut­da Dio­pyň go­ly bi­len jo­gap ber­di. 1-nji du­şu­şyk­da «Li­wer­pul» 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňip­di. «Li­wer­pul» bu ku­bo­gy 9 ge­zek eýe­läp, olar 14-nji ge­zek fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy.

16 ýyldan soň «Bawariýany» ýeňdi

Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «Ba­ýer» myh­man­çy­lyk­da «Le­ip­sig» bi­len du­şu­şyp, güýç­li gar­şy­da­şy­ny soň­ky mi­nut­da ýeň­me­gi ba­şar­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da «Le­ip­si­giň» gol­la­ry­ny Si­mons (7) bi­len Open­da (56), «Ba­ýe­riň» gol­la­ry­ny bol­sa Tel­la (47), Ta (63) hem-de In­ka­pie (90+1) ge­çir­di. «Ba­ýer» äh­li ýa­ryş­la­ry ha­sa­ba ala­nyň­da 27 oýun­dan bä­ri ýe­ňil­män gel­ýär we bu ugur­da «Ba­wa­ri­ýa­nyň» re­kor­dy­na go­laý­lap bar­ýar (32 du­şu­şyk). Çem­pi­on «Ba­wa­ri­ýa» öz meý­dan­ça­syn­da «Wer­der» bi­len du­şu­şdy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da «Wer­der» Mit­çell Waý­ze­riň 59-njy mi­nut­da­ky go­ly esa­syn­da 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. «Ba­wa­ri­ýa» to­pa­ry 16 ýyl­dan soň «Wer­der­den» utul­dy. Soň­ky ge­zek «Wer­der­den» 2008-nji ýyl­da utu­lan «Ba­wa­ri­ýa» şon­dan bä­ri 28 oý­nuň 24-sin­de ýe­ňiş ga­zan­dy. Dort­mun­dyň «Bo­rus­si­ýa­sy» bol­sa Ma­le­niň 2 gol ge­çi­ren oý­nun­da myh­man­çy­lyk­da «Köl­ni» 4–0 ha­sa­byn­da utup, bas­syr 2-nji du­şu­şy­gyn­da üs­tün çyk­dy.

«Re­al Mad­ri­diň» 1000-nji ýeň­şi we VAR

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­ty «La Li­ga­da» 21-nji tap­gy­ryň çä­gin­de «Re­al Mad­rid» öz meý­dan­ça­syn­da iň aşa­ky orun­da bar­ýan we şu möw­süm­de ýe­ke ge­zek hem ýe­ňiş ga­za­nyp gör­me­dik «Al­me­ri­ýa­ny» ka­bul et­di. Dart­gyn­ly we je­del­li pur­sat­la­ra baý bo­lan du­şu­şy­gyň eý­ýäm 1-nji mi­nu­tyn­da «Al­me­ri­ýa» Ra­ma­za­ni­niň go­ly bi­len öňe geç­di. Myh­man­lar 43-nji mi­nut­da Ed­gar Gon­za­le­siň owa­dan go­ly bi­len ha­sa­by 2–0-a çy­kar­dy. 2-nji ýa­ry­ma 3 oýun­çy çal­şy­gy bi­len baş­lan «Re­al Mad­ri­diň» ýe­ňiş ga­zan­ma­gyn­da VAR uly rol oý­na­dy. 57-nji mi­nut­da VAR-yň gör­kez­me­si bi­len eminiň «Rea­lyň» peý­da­sy­na bel­län pe­nal­ti­si­ni Bel­lin­gam dürs urup, 1 aý­dan soň gol ge­çir­me­gi ba­şar­dy. 61-nji mi­nut­da «Al­me­ri­ýa» to­pa­ry ýe­ne bir gol ge­çir­di. Ýö­ne VAR-yň gör­kez­me­si bi­len bu go­luň baş­lan­gy­jyn­da oý­nuň düz­gü­ni bo­zu­lan­dy­gy üçin ol ha­sa­ba alyn­ma­dy. 67-nji mi­nut­da Wi­ni­si­us Ju­nio­ryň «eli/eg­ni» bi­len ge­çi­ren go­lu­ny emin il­ki ha­sap et­me­se-de, VAR-da ge­çi­ri­len sel­jer­me­den soň gol ha­sa­ba alyn­dy we ha­sap deň­len­di. Du­şu­şy­ga 11 mi­nut go­şu­lyp, 90+9-njy mi­nut­da Da­ni­el Kar­wa­hal Bel­lin­ga­myň pa­syn­dan soň to­py der­we­zä gi­ri­zip, «Rea­la» ýe­ňiş ge­ti­ren oýun­çy bol­dy. Şun­luk­da, «Re­al Mad­rid» kyn­lyk bi­le­nem bol­sa «Al­me­ri­ýa­ny» 3–2 ha­sa­byn­da ýe­ňip, çem­pio