96-njy Os­kar baý­rak­la­ry­nyň da­laş­gär­le­ri mä­lim edil­di

26 Ýanwar 2024
360

Ki­no sun­ga­ty­nyň iň uly baý­ra­gy ha­sap­lan­ýan Os­ka­ryň, has ta­ky­gy, Aka­de­mi­ýa baý­rak­la­ry­nyň da­laş­gär­le­ri mä­lim edil­di. Iň köp da­laş­gär­lik ga­za­nan film ýy­lyň en­çe­me baý­ragyny çöp­län «Op­pen­haý­mer» kinosy bol­dy. Film 13 ugur bo­ýun­ça da­laş­gär­li­ge hö­dür­len­di. Kris­to­fer No­la­nyň bu fil­mi Aka­de­mi­ýa­nyň ta­ry­hyn­da azyn­dan 13 ugur­dan da­laş­gär gör­ke­zi­len 14-nji ki­no hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Gre­si­ýa­ly re­žiss­ýor Ýor­gos Lan­ti­mo­syň «Gör­gü­li bet­bagt­lar» fil­mi 11, Mar­tin Skor­se­ze­niň «Do­lan Aý gan­hor­la­ry» ki­no­sy-da 10 ugur bo­ýun­ça Os­ka­ryň heý­kel­jik­le­ri­ne hy­ry­dar gör­ke­zil­di. 1,5 mil­liard dol­la­ra go­laý gir­de­ji ga­za­nan «Bar­bi» fil­mi­niň 8, «Maest­ro» fil­mi­niň 7 da­laş­gär­li­gi bar.

Kom­po­zi­tor Jon Wil­liams 54-nji ge­zek da­laş­gär gör­ke­zi­lip, ol bu ugur­da Wolt Dis­neý­den soň iň köp da­laş­gär­li­gi bo­lan, şol san­da 91 ýa­ş bilen Os­ka­ra da­laş­gär gör­ke­zi­len iň ýa­şu­ly şah­sy­ýet­dir.