«Re­al Mad­ri­diň» 1000-nji ýeň­şi we VAR

26 Ýanwar 2024
406

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­ty «La Li­ga­da» 21-nji tap­gy­ryň çä­gin­de «Re­al Mad­rid» öz meý­dan­ça­syn­da iň aşa­ky orun­da bar­ýan we şu möw­süm­de ýe­ke ge­zek hem ýe­ňiş ga­za­nyp gör­me­dik «Al­me­ri­ýa­ny» ka­bul et­di. Dart­gyn­ly we je­del­li pur­sat­la­ra baý bo­lan du­şu­şy­gyň eý­ýäm 1-nji mi­nu­tyn­da «Al­me­ri­ýa» Ra­ma­za­ni­niň go­ly bi­len öňe geç­di. Myh­man­lar 43-nji mi­nut­da Ed­gar Gon­za­le­siň owa­dan go­ly bi­len ha­sa­by 2–0-a çy­kar­dy. 2-nji ýa­ry­ma 3 oýun­çy çal­şy­gy bi­len baş­lan «Re­al Mad­ri­diň» ýe­ňiş ga­zan­ma­gyn­da VAR uly rol oý­na­dy. 57-nji mi­nut­da VAR-yň gör­kez­me­si bi­len eminiň «Rea­lyň» peý­da­sy­na bel­län pe­nal­ti­si­ni Bel­lin­gam dürs urup, 1 aý­dan soň gol ge­çir­me­gi ba­şar­dy. 61-nji mi­nut­da «Al­me­ri­ýa» to­pa­ry ýe­ne bir gol ge­çir­di. Ýö­ne VAR-yň gör­kez­me­si bi­len bu go­luň baş­lan­gy­jyn­da oý­nuň düz­gü­ni bo­zu­lan­dy­gy üçin ol ha­sa­ba alyn­ma­dy. 67-nji mi­nut­da Wi­ni­si­us Ju­nio­ryň «eli/eg­ni» bi­len ge­çi­ren go­lu­ny emin il­ki ha­sap et­me­se-de, VAR-da ge­çi­ri­len sel­jer­me­den soň gol ha­sa­ba alyn­dy we ha­sap deň­len­di. Du­şu­şy­ga 11 mi­nut go­şu­lyp, 90+9-njy mi­nut­da Da­ni­el Kar­wa­hal Bel­lin­ga­myň pa­syn­dan soň to­py der­we­zä gi­ri­zip, «Rea­la» ýe­ňiş ge­ti­ren oýun­çy bol­dy. Şun­luk­da, «Re­al Mad­rid» kyn­lyk bi­le­nem bol­sa «Al­me­ri­ýa­ny» 3–2 ha­sa­byn­da ýe­ňip, çem­pio­nat­da 14 oýun­dan bä­ri ýe­ňil­män gel­ýär. «Re­al Mad­rid» to­pa­ry «La Li­ga­nyň» ta­ry­hyn­da öz meý­dan­ça­syn­da gar­şy­daş­la­ry­nyň 1-nji ýa­rym­da 2–0 öňe saý­la­nan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, 4-nji ge­zek ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Mad­rid­li­ler mun­dan öň 1943-nji, 1981-nji hem-de 2007-nji ýyl­lar­da 1-nji ýa­rym­da 2–0 utu­lyp bar­ýar­ka ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Şeý­le-de, «Re­al Mad­rid» to­pa­ry «La Li­ga­nyň» ta­ry­hyn­da öz meý­dan­ça­syn­da­ky 1000-nji ýeň­şi­ni ga­za­nan il­kin­ji to­par bol­dy. «Re­al Mad­rid» «San­tia­go Ber­na­beu­da­ky» 1000-nji ýeň­şi­ne 1297-nji du­şu­şy­gyn­da ýet­di. «Wa­len­si­ýa­nyň» «Mes­tal­ýe­de» 906 (1455 oýun­da), «Bar­se­lo­na­nyň» «Kamp Nou­da» 889 ýeň­şi (1175 oýun­da) bar.

Sa­na­wyň li­de­ri «Ži­ro­na» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da «Se­wil­ýa­ny» ka­bul et­di. Ýer eýe­le­ri­niň do­ly ar­tyk­maç­ly­gyn­da ge­çen du­şu­şyk­da myh­man­lar il­kin­ji bo­lup ha­sa­by aç­sa­la­ram, olar uly ha­sap bi­len utul­dy. 6 mi­nut­da 3 ge­zek ta­pa­wut­la­nan Dow­by­gyň, şol san­da Sy­gan­ko­wyň hem-de Stua­ni­niň gol­la­ry bi­len 5–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan «Ži­ro­na­nyň» li­der­li­gi do­wam ed­ýär.