Bedenterbiýe we sport

26 Ýanwar 2024
528

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 8-nji sport mekdebi Büzmeýin etrabynyň Gökje ýaşaýyş toplumynda ýerleşýär. Bu ýerde häzirki wagtda ýaşajyk türgenleriň 600-e golaýy tälim alýar. Olar sportuň birnäçe görnüşi bilen meşgullanýarlar. Häzirki wagtda bu ýerde sportuň woleýbol, futbol, söweş sungaty bolan taýboks, milli göreş görnüşleri hereket edýär. Her günde iki wagtyna geçirilýän okuw-türgenleşik işleri türgenleriň meşgullanýan sport görnüşleriniň inçe tilsimlerini ele almaklaryna ýardam berýär.

Etrabymyzyň çagalaryny sporta höweslendirmek maksady bilen, «Men sporty saýladym», «Sport we saglyk» ýaly birnäçe mowzuklardan wagyz-nesihat ähmiýetli gürrüňdeşlikleri häli-şindi geçirýäris. Sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryny bilim alýan orta mekdebine baryp, Hormat hatlaryny, sowgatlary köpçülik ýerinde gowşurmak bilen höweslendirýäris.