Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy we saýlap alan ugurlarynda kämilleşmegi babatda giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bedenterbiýäniň we sportuň ösen düzümlerini döretmekde çalt depginli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyz dünýä derejesindäki halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi.
Sport ulgamynyň halkara derejesinde rowaçlyklara beslenmegi onuň döwrebap hukuk esaslarynyň berkidilmegi bilen şertlendirilýär. Sagdynlygyň girewi bolan, şahsyýeti terbiýelemäge gönükdirilen sport ulgamynyň kanunçylyk binýady Esasy Kanunymyzda döwletimiziň sport babatda ýardam edýändigini kesgitleýän kadalardan gözbaş alýar. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem jemgyýetimizde ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmegi, raýatlaryň bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagyny, olaryň saglygyny berkitmekde bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak üçin hukuk binýadyny hem-de zerur şertleri döretmegi maksat edinýär.