"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Bedenterbiýe we sport

2006-2007-nji ýyl­lar­da dog­lan­la­ryň ara­syn­da boks bo­ýun­ça Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň bi­rin­ji­li­gi ug­run­da ýa­ryş ge­çi­ril­di. Da­şo­guz şä­he­ri­niň 5-nji sport mek­de­bin­de gu­ra­lan bäs­le­şige Bol­dum­saz et­ra­by­nyň Gu­ba­dag şä­he­ri­niň, Şa­bat et­ra­by­nyň, Da­şo­guz şä­he­ri­niň ýy­gyn­dy to­par­la­ry gat­naş­dy­lar. Bi­rin­ji­li­giň ne­ti­je­sin­de Da­şo­guz şä­he­ri­niň ýy­gyn­dy to­pa­ry umu­my ha­sap­da bi­rin­ji or­ny eýe­le­di. Ikin­ji, üçün­ji orun­lar­da de­giş­li­lik­de Bol­dum­saz hem-de Şa­bat et­rap­la­ry­nyň ýy­gyn­dy to­par­la­ry or­naş­dy­lar. Bäs­le­şik­de ýe­ňiş ga­za­nan boks­çu­la­ra Dä­de­baý Gel­di­na­za­row, Ata­bek Ha­ýi­tow, Ber­ko­mal Ýol­da­şow, Alym­baý Sa­bu­row, Aman Hu­da­ber­ge­now, Ik­ram Se­ýi­dow ýa­ly tej­ri­be­li tä­lim­çi-mu­gal­lym­la­ryň ha­ly­pa­lyk eden­dik­le­ri­ni bel­le­mek ge­rek.

Sport sagdynlygyň gözbaşy

Aş­ga­ba­dyň dok­ma top­lu­mynda hem ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni giň­den or­naş­dyr­mak, türk­men spor­tu­nyň ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­mek, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport we sa­gal­dyş çä­re­le­ri­ni ýaý­baň­lan­dyr­mak bo­ýun­ça äh­mi­ýet­li iş­le­r dur­mu­şa ge­çir­ilýär. Köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport we sa­gal­dyş çä­re­le­ri­ni ýaý­baň­lan­dyr­mak, ýaş nes­liň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­me­gi­ni ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len, Aş­ga­ba­dyň dok­ma top­lu­my­nyň mej­lis­ler za­lyn­da ýaş­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da «Sport – sag­dyn­ly­gyň göz­ba­şy» di­ýen at bi­len ge­çi­ri­len yl­my-ama­ly mas­la­hat hem bu ha­ky­ka­tyň be­ýa­ny­na öw­rül­di.

Çe­ke­le­şik­li bäsleşik

Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň Küşt fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň Ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bin­de 20 ýa­şa çen­li og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da küşt bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň bi­rin­ji­li­gi ge­çi­ril­di. Küşt spor­tu­ny wa­gyz et­mek hem-de ýaş­lar ýy­gyn­dy to­par­la­ry­na my­na­syp tür­gen­le­ri saý­lap al­mak mak­sa­dy bi­len ge­çi­ri­len ýa­ryş­lar çe­ke­le­şik­li hä­si­ýe­te eýe bol­dy.

Suw ýodalarynda

Paýtagtymyzdaky Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumy ösüp gelýän ýaş nesliň uly höwes bilen gatnaýan ýeridir. Toplumda ýaşlar sportuň erkin usul, brass, baterflýaý, arkanlygyna ýüzmek ýaly görnüşleri boýunça türgenleşip, paýtagtymyz we döwlet derejelerinde geçirilýän ýaryşlarda üstünlikli çykyşlary bilen begendirýärler. Bu ýere gatnaýan ýaş türgenleriň arasynda ýörite tassyklanylan maksatnamalar we meýilnamalar esasynda yzygiderli amaly sapaklar hem-de türgenleşikler guralýar we bu sapaklaryň, türgenleşikleriň netijesini ýüze çykarmak maksady bilen dürli ýaryşlar geçirilýär. Muňa ýakynda Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumyna gatnaýan ýaş türgenleriň arasynda «Sagdyn bedenli ýaşlar ýurdumyzyň aýdyň geljegidir» diýen at bilen geçirilen ýaryş hem aýdyň mysaldyr. Bu ýaryşda dürli ýaşdaky türgenler suwda ýüzmegiň görnüşleri boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. 50 mert aralyga erkin usulda ýüzmekde tälimçi Bezirgen Annaýewiň şägirdi Bezirgen Rejepow ýeňiji boldy. Arzuw Ahmedow (tälimçisi Mähri Nurmuhammedowa) ikinji, Dawut Nurmuhammedow (tälimçisi Muhammet Annamuhammedow) üçünji orunlary eýelediler. Brass görnüşinde 50 metr aralygy Rüstem Merişew (tälimçisi Arslan Merişew) ilkinji bolup geçdi. Hezret Tejenow (tälimçisi Mähri Nurmuhammedowa) ikinji, Nurgeldi Ataýew (tälimçisi Batyr Agabaýew) üçünji netije görkezdi. Bu aralykda baterflýaýda Keril Sewinýan (tälimçisi

Taryhda şu gün

Top bilen oýnalýan hokkeý boýunça 2013-nji ýylda Şwesiýada guralan dünýä çempionatynyň final duşuşygy şu güne gabat geldi. Wenersborg şäherinde geçirilen duşuşykda ýer eýeleri bilen Russiýanyň milli ýygyndysy duşuşdy. Bu duşuşykda 4:3 hasabynda üstün çykan russiýaly hokkeýçiler ýedinji gezek dünýä çempiony diýen ada mynasyp boldular. Mundan öňki dünýä birinjiliginde hem hut şu iki milli ýygyndynyň duşuşandygyny bellemek gerek. Şol gezekki final 5:4 hasabynda şwedleriň peýdasyna tamamlanypdy.

Aziýadyr Afrikada çärýek final duşuşyklary

Ka­tar­da do­wam ed­ýän fut­bol bo­ýun­ça 18-nji Azi­ýa Ku­bo­gyn­da 1/8 fi­na­lyň du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ri­lip, çär­ýek fi­na­la çy­kan­lar bel­li bol­dy. Af­ri­ka Mil­let­ler Li­ga­sy­na ga­ra­nyň­da, ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je­le­ri az­rak bo­lan çem­pio­nat­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň ýy­gyn­dy­sy­na çär­ýek fi­na­la çyk­mak ba­şart­ma­dy. Il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýan Tä­ji­gis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy bol­sa ýa­ry­şy do­wam et­dir­ýär. 1/8 fi­nal­da Awst­ra­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syna il­kin­ji ýo­la to­par­ça­dan çyk­ma­gy ba­şa­ran In­do­ne­zi­ýa­ny ýeň­mek kyn düş­me­di. 4–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Awst­ra­li­ýa­nyň gol­la­ry­ny Bag­gott (ö.d.), Boýl, Gud­win hem-de Sut­tar ge­çir­di. Awst­ra­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 5-nji ge­zek gat­naş­ýan ýa­ry­şyn­da her sa­pa­ram çär­ýek fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy.

«Liwerpulyň» ynamly ýeňşi

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da du­şu­şyk­lar en­çe­me wagt­dan soň ada­ty ýag­daý­da ge­çi­ri­lip, tap­gy­ryň mer­ke­zi oý­nun­da «Li­wer­pul» öz meý­dan­ça­syn­da «Çel­si­ni» 4–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Žo­ta, Bred­li, So­bos­lai hem-de Dia­zyň gol­la­ry bi­len uly ha­sap­ly ýe­ňiş ga­za­nan «Li­wer­pul­da» 42-nji mi­nut­da Nun­ýe­siň uran pe­nal­ti­si sü­tü­ne deg­di. Tap­gy­ryň baş­ga bir ün­si çe­ken du­şu­şy­gyn­da-da «Nýu­kasl» myh­man­çy­lyk­da «As­ton Wil­la­ny» Şe­riň (2) hem-de Mo­re­no­nyň (ö.d.) go­llary bi­len 3–1 ha­sa­byn­da ut­dy. Çem­pi­on «Man­çes­ter Si­ti» 2-nji li­ga­nyň çem­pio­ny «Börn­li­ni» 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Şä­her­li­le­riň gol­la­ry­nyň 2-si­ni Al­wa­res, beý­le­ki­si­ni-de Rod­ri ge­çir­di. «Ar­se­na­lyň» myh­man­çy­lyk­da «Not­tin­gam Fo­res­ti» 2–1 ha­sap bi­len ýe­ňen tap­gy­ryn­da Lon­don der­bi­sin­de «Tot­ten­ham» gar­şy­da­şy­nyň öňe saý­la­nan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, «Brent­ford­dan» 3–2 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Tap­gy­ryň iň geň gal­dy­ry­jy ne­ti­je­si «Lu­ton Taw­nyň» öz meý­dan­ça­syn­da «Braý­to­nyň» der­we­ze­sin­den jo­gap­syz 4 gol gi­riz­me­gi bol­dy. Eý­ýäm 3-nji mi­nut­da 2–0 ha­sa­byn­da öňe saý­la­nan «Lu­ton Taw­nyň» gol­la­ry­nyň 3-si­ni Ade­ba­ýo öz ady­na ýaz­dyr­dy. Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «In­ter» myh­man­çy­lyk­da «Fio­ren­ti­na­ny» Lau­ta­ra Mar­ti­ne­siň ýe­ke-täk go­

Klopp «Li­wer­pul­dan», Ha­wi «Bar­se­lo­na­dan» gid­ýär

Ge­çen hep­dä­niň ahy­ryn­da Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy 2 klu­bun­dan bir­meň­zeş ha­bar ge­lip go­wuş­dy. «Pre­mi­er Li­ga­da» çem­pi­on­ly­ga ym­tyl­ýan «Li­wer­pul» to­pa­ry­nyň hem-de «La Li­ga­da» ge­çen möw­sü­miň çem­pio­ny «Bar­se­lo­na­nyň» tä­lim­çi­le­ri möw­sü­miň ahy­ryn­da tä­lim­çi­lik ed­ýän klub­la­ryn­dan git­jek­dik­le­ri­ni aýt­dy­lar. «Pre­mi­er Li­ga­da» hä­zir­ki wagt­da sa­na­wyň 1-nji or­nun­da bar­ýan «Li­wer­pul» to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­si Ýur­gen Klopp möw­sü­miň ahy­ryn­da klub­dan gid­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. 56 ýa­şyn­da­ky ger­ma­ni­ýa­ly hü­när­me­niň we­zi­pe­si­ni taş­la­jak­dy­gy klu­buň so­si­al me­dia ul­ga­my ar­ka­ly ha­bar be­ril­di. Klopp: — Bu ha­ba­ry eşi­de­ni­ňiz­de kö­pi­ňiz geň ga­lyp bi­ler­si­ňiz. Ýö­ne mu­ny si­ze dü­şün­dir­mek­çi. Men «Li­wer­pu­ly» go­wy gör­ýän, bu şä­he­ri, to­pa­ry, jan­kö­ýer­le­ri, to­pa­ryň dü­zü­mi­ni ha­la­ýa­ryn. Ýö­ne şeý­le ne­ti­jä gel­dim. Güý­jüm gu­tar­ýar. Hä­zir­ki wagt­da me­se­le ýok. Em­ma şu ha­ba­ry ber­me­li­di­gi­mi köp wagt­dan bä­ri bil­ýä­rin. Şu wagt ýag­da­ýym go­wy, ýö­ne... — di­ýip, be­ýa­nat ber­di.

«Bar­se­lo­na» 61 ýyl­dan soň 5 gol ge­çirt­di

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «Ži­ro­na» myh­man­çy­lyk­da «Sel­ta» to­pa­ryn­dan Por­tu­nyň 20-nji mi­nut­da ge­çi­ren ýe­ke-täk go­ly esa­syn­da üs­tün çyk­dy. «Re­al Mad­rid» myh­man­çy­lyk­da «Las Pal­mas» bi­len du­şu­şyp, ýer eýe­le­ri­niň öňe ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, Wi­ni­si­us Ju­ni­or hem-de Tçua­me­ni­niň gol­la­ry esa­syn­da 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Tap­gy­ryň iň köp ün­si çe­ken du­şu­şy­gy Bar­se­lo­na şä­he­rin­de bo­lup, ka­ta­lon­lar öz meý­dan­ça­syn­da «Wil­ýar­re­al­dan» 5–3 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Mo­re­no hem-de Aho­ma­şyň gol­la­ry bi­len öňe saý­la­nan «Wil­ýar­rea­la» «Bar­se­lo­na» to­pa­ry Gün­do­ga­nyň, Ped­ri­niň hem-de Be­ýi­niň (aw­to­gol) gol­la­ry bi­len jo­gap be­rip, ha­sa­by 3–2-ä çy­kar­dy. Ýö­ne 84-nji mi­nut­da tä­ze trans­fer Ge­de­şiň go­ly bi­len ha­sa­by deň­län «Wil­ýar­re­al» 90-njy mi­nut­dan soň 2 gol ge­çi­rip, ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Gar­şy­lyk­la­ýyn hü­jüm­ler­de gol­la­ry 90+9-njy mi­nut­da Ser­lot, 90+12-nji mi­nut­da-da Mo­ra­les öz at­la­ry­na ýaz­dyr­dy­lar. «Bar­se­lo­na» çem­pio­nat­da 61 ýyl­dan soň öz meý­dan­ça­syn­da 5 gol ge­çirt­di. Soň­ky sa­par «Re­al Mad­rid» 1963-nji ýyl­da «Kamp Nou­da» «Bar­se­lo­na­nyň» der­we­ze­sin­den 5 gol ge­çi­rip­di (5–1). 20-nji tap­gy­ryň gal­dy­ry­lan du­şu­şy­gyn­da-da «Bar­se­lo­na» öz meý­dan­ça­syn­da «Osa­su­na­ny» tä­ze trans­fer Wi

Möw­sü­miň il­kin­ji «Uly tu­wul­ga» ten­nis ýa­ry­şy ta­mam­lan­dy

Möw­sü­miň il­kin­ji «Uly tu­wul­ga» ten­nis ýa­ry­şy bo­lan «Awst­ra­li­ýa Açyk» ta­mam­lan­dy. 112-nji ge­zek ge­çi­ri­len ýa­ryş­da er­kek­le­riň ara­syn­da tä­ze çem­pi­on ýü­ze çy­kan bol­sa, ze­nan­lar­da ge­çen ýy­lyň ýe­ňi­ji­si çem­pi­on­ly­gy­ny go­ra­ma­gy ba­şar­dy. Esa­san hem, ze­nan­la­ryň ara­syn­da ýaş ten­nis­çi­le­riň öňe saý­la­nan ýa­ry­şyn­da er­kek­le­riň ara­syn­da ita­li­ýa­ly Ýan­nik Sin­ner ta­ry­hy çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. Ze­nan­lar­dan bol­sa be­la­rus­ly Ary­na Sa­ba­len­ka bas­syr 2-nji ge­zek çem­pi­on di­ýen ady eýe­le­di. Çem­pi­on bo­lan ten­nis­çi­le­riň her­si­ne aý­ra­tyn­lyk­da 2,1 mil­li­on ame­ri­kan dol­lary (3 mil­li­on 150 müň awst­ra­li­ýa dol­lary) pul baý­ra­gy be­ril­di. Ilkinji italýan tennisçisi

Noý­will Tä­ze möw­sü­me ýe­ňiş bi­len baş­la­dy

Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­ty­nyň tä­ze 52-nji möw­sü­mi­ne ba­dal­ga be­ril­di. Möw­sü­miň il­kin­ji ýa­ry­şy adat­ça bol­şy ýa­ly, Mo­na­ko­nyň paý­tag­ty Mon­te-Kar­lo­da ge­çi­ril­di. 17 tap­gyr­dan yba­rat bo­lan 324,44 ki­lo­metr­lik ýa­ryş­da «Hy­un­dai Shell Mo­bis» to­pa­ry­nyň bel­gi­ýa­ly sü­rü­ji­si Ti­er­ri Noý­will ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 3 sa­gat 9 mi­nut 30,9 se­kunt­da ýa­ry­şy ta­mam­lap, kar­ýe­ra­syn­da­ky 20-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Ýa­ryş­da 2–3-nji orun­la­ry «Toyo­ta Ga­zoo» to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­le­ri eýe­läp, ýe­ňi­ji­den 16,1 se­kunt yza ga­lan fran­si­ýa­ly Se­bas­ti­an Ožie 2-nji, 45,2 se­kunt soň pel­le­ha­na ge­len bri­ta­ni­ýa­ly El­fin Ewans 3-nji ýe­re my­na­syp bol­dy.

Ýaş pälwanlar bäsleşdiler

Görogly etrabyndaky 2-nji sport mekdebinde türkmen milli göreşi boýunça welaýat çempionaty geçirildi. Gyzykly geçen ýaryşa welaýatymyzyň ähli etraplaryndan ýaş pälwanlaryň ençemesi gatnaşdylar. Ýaryş 8 agram derejesinde geçirildi. Çekeleşikli geçen ýaryş türgenleriň ýokary derejede taýýarlykly gelendigini görkezdi. Ýaryşyň netijesine görä, ýeňiş gazanan türgenleriniň sany boýunça Görogly etrabynyň topary birinji, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň topary ikinji, Akdepe etrabynyň topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiş gazanan türgenlere Hormat hatlary we baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Mümkinçilikleriň gurşawynda

Türkmenabat şäheriniň 5-nji sport mekdebinde sportuň akrobatika görnüşi boýunça täze ugur döredildi. Häzirki wagtda bu görnüş boýunça türgenleşik toparyna kabul edişlik dowam edýär. Häzirki günlerde bu mekdepde oglan-gyzlaryň 580-den gowragy gimnastika, welosiped sporty, adaty karate, taekwando, dzýudo bilen meşgullanýar. Olara ussat tälimçiler sportuň inçe syrlaryny öwredýärler. Netijede, mekdebiň türgenleri welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler. Sportuň ýene bir görnüşi boýunça türgenleşigiň geçirilip başlanmagy bilen, akrobatika boýunça ökde oglanlary we gyzlary saýlap almaga hem-de dürli ýaryşlara gatnaşdyrmaga mümkinçilik açylar.

Başarjaňlara ýeňiş ýaran

Çärjew etrabyndaky 1-nji sport mekdepde erkin göreş boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden, Çärjew, Saýat, Dänew we Darganata etraplaryndan 2009—2010-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň 200-e golaýy gatnaşdy. Tutluşyklar ýaş pälwanlara öz ussatlyklaryny ýüze çykarmaga uly mümkinçilik açdy. Dürli agram derejeleri boýunça geçirilen ýaryşyň dowamynda türkmenabatly türgenler üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlaryň 29-syna mynasyp boldular. Şeýlelikde welaýat merkeziniň topary toparlaýyn birinji orny eýeledi. Toparyň düzüminde Türkmenabat şäherindäki 2-nji sport mekdebiň türgenleri çykyş etdiler. Çärjew we Saýat etraplarynyň toparlary degişlilikde ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular.

Welaýatyň çempionaty geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 1-nji sport mekdepde futzal boýunça welaýatyň çempionaty geçirildi. 2006-njy ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda guralan ýaryşa toparlaryň 11-si gatnaşdy. Çekeleşikli geçen duşuşyklaryň netijesi boýunça welaýat merkeziniň «Garagum» topary çempionlygy gazandy. Toparyň bu ýeňşinde tälimçi Zarif Ereşowyň mynasyp paýy bar. Welaýat polisiýa müdirliginiň «Köpetdag-Lebap» topary bolsa ýaryşyň ikinji baýrakly ornuna mynasyp boldy. Saýat we Çärjew etraplarynyň toparlary üçünjiligi eýelediler. Ýeňijilere welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Basketbol ýaryşy guraldy

Golaýda Daşoguz şäherindäki 29-njy orta mekdepde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» ady bilen geçirilýän XIII spartakiadanyň çäklerinde oglanlaryň hem-de gyzlaryň arasynda sportuň basketbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ony Daşoguz welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi, welaýatyň baş bilim müdirligi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölümi, TDP-niň şäher komiteti, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşi bilelikde gurady. Sport ýaryşyna Daşoguz şäherindäki orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdy. Oglanlaryň arasynda geçen gyzykly hem-de çekeleşikli ýaryşda degişlilikde birinji we ikinji orunlara Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji we 1-nji orta mekdepleriň, üçünji orna 6-njy orta mekdebiň basketbolçylary mynasyp boldy. Gyzlaryň arasynda geçen ýaryşda bolsa birinji orny 6-njy orta mekdebiň, ikinji orny 28-nji orta mekdebiň, üçünji orny 29-njy orta mekdebiň basketbolçylary eýelemegi başardy. Ýaryşyň ahyrynda ýeňijilere «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň hem-de welaýatyň baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Halkara tejribäni baýlaşdyryp

Şu günler ýurdumyzyň futbol toparlary täze möwsüme taýýarlyk işlerini alyp barýarlar. Olar munuň üçin ýurdumyzyň şypaly künjeklerinde we daşary döwletlerde okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirýärler. Geçen ýyl döredilip, ilkinji möwsüminde goşa baýrak gazanmagy başaran «Arkadag» futbol topary täze möwsüme taýýarlygyny şu günler Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde alyp barýar. Möwsümiň öňüsyrasynda çempion düzümini täze futbolçylaryň ýene birnäçesi bilen güýçlendiren topar gyşky arakesme döwründe daşary döwletlerdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň ikisini meýilleşdirdi. Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäheriň adybir futbol topary Antalýadaky türgenleşikleri 12-nji fewralda tamamlap, 16-njy fewralda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ikinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna girişer. Dubaýdaky türgenleşikler aýyň ahyryna çenli dowam eder.

Bäşinji belgili Bäşimow

Köp adamlar: «Abdy Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda geçiren goşa goly bilen özüni görkezdi» diýip pikir edýärler. Bu dogry. «Arkadag» topary finalda güýçli garşydaşy bolan «Ahaldan» üstün çykmagyna tejribeli goragçysynyň goşa goly uly goşant goşdy. Tälimçileriň görkezmesi bilen jerime urgularynda garşydaşyň jerime meýdançalaryna girip, wagtal-wagtal tapawutlanýan Abdy bir aýak, bir-de kelle goly bilen toparyna arzyly ýeňşi we Kubogy getirmäge ýardam etdi. Ýöne Abdy Bäşimow geçen möwsümde topary bilen bilelikde has kän işi başardy. Birinjiden, goragda oýnaýandygyna garamazdan, ol Türkmenistanyň çempionatynyň geçen möwsüminde 4 gezek tapawutlanyp, «Arkadag» toparynyň düzüminde iň kän tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji altylygyna girdi. Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda geçiren goşa golundan ozal hem Abdynyň bu ýaryşda iki goly bardy. Şeýlelikde, Kubok ýaryşynyň geçen möwsüminde 4 pökgi geçirmegi başaran Abdy toparynyň düzüminde bu ýaryşda iň kän tapawutlanan ikinji futbolçy boldy. Geçen ýyl garşydaş toparlar 31 resmi duşuşykda «Arkadag» toparynyň derwezesinden bary-ýogy 17 pökgi geçirdiler. Şol sanda topar bu duşuşyklaryň deň ýarysyndan hem gowragyny ― 16-syny derwezesine gol geçirtmän tamamlady. Abdy ― Bäşimowlaryň maşgalasyndaky ilkinji futbolçy. Hemmelerde bolşy ýaly, futbola bolan höwes onda-da çagalykda oýandy. Şeýlelikde, heniz 8 ýaşly Abdy paýtagtymyzdaky «Laçy

Sport

Ýaş türgeniň üstünligi Görogly etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Sylapberdi Gaýlyýew 2010-2011-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda türkmen milli göreşi boýunça geçirilen bäsleşigiň etrap tapgyrynda ýeňiji bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy we onda 28 kilogram agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, birinji orny eýeledi.

Üstünliklere beslenen ýaryşlar

Watan goragçylarynyň gününiň hormatyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinde köpçülikleýin medeni-sport çärelerine giň orun berildi. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň arasynda geçirilen harby we sport ýaryşlary-da örän çekeleşikli häsiýete eýe bolup, onda güýçlüler ýeňiş münberinde öz mynasyp orunlaryny tapdylar. Ýeňil atletikanyň düzümine girýän sportuň görnüşleri, şol sanda dürli aralyklara ylgaw ýaryşlary, ýaraglary sökmek-düzmek, nyşana tyg zyňmak, stoluň üstünde oýnalýan tennis ýaly sport ýaryşlarynda harby gullukçylar öz başarnyklaryny görkezdiler. Birnäçe günläp dowam eden ýaryşlaryň jemi jemlenende Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň topary 1-nji, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary 2-nji, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň topary bolsa 3-nji orna mynasyp bolmagy başardylar. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň toparyndan ýaryşlara gatnaşan harby gullukçylar, maýor Parahat Kakaýew, kapitan Goçmyrat Babaýew, borçnama boýunça harby gullukçy, starşina Azat Öwezdurdyýew, harby talyp Ýazdurdy Hojamyradow dagynyň görkezen netijeleri beýleki bäsdeş türgenlerinden has-da tapawutlandy. Ýaryşlaryň netijesi boýunça tapawutlanan toparlar we harby gullukçylar ony gurnaýjylaryň Hormat hatlaryna, kuboklaryna we gymmat bahaly sowgatlaryna mynasyp boldular. Biz hem harby gullukçy türgenlere