Üstünliklere beslenen ýaryşlar

31 Ýanwar 2024
432

Watan goragçylarynyň gününiň hormatyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinde köpçülikleýin medeni-sport çärelerine giň orun berildi. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň arasynda geçirilen harby we sport ýaryşlary-da örän çekeleşikli häsiýete eýe bolup, onda güýçlüler ýeňiş münberinde öz mynasyp orunlaryny tapdylar. Ýeňil atletikanyň düzümine girýän sportuň görnüşleri, şol sanda dürli aralyklara ylgaw ýaryşlary, ýaraglary sökmek-düzmek, nyşana tyg zyňmak, stoluň üstünde oýnalýan tennis ýaly sport ýaryşlarynda harby gullukçylar öz başarnyklaryny görkezdiler. Birnäçe günläp dowam eden ýaryşlaryň jemi jemlenende Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň topary 1-nji, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary 2-nji, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň topary bolsa 3-nji orna mynasyp bolmagy başardylar.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň toparyndan ýaryşlara gatnaşan harby gullukçylar, maýor Parahat Kakaýew, kapitan Goçmyrat Babaýew, borçnama boýunça harby gullukçy, starşina Azat Öwezdurdyýew, harby talyp Ýazdurdy Hojamyradow dagynyň görkezen netijeleri beýleki bäsdeş türgenlerinden has-da tapawutlandy. Ýaryşlaryň netijesi boýunça tapawutlanan toparlar we harby gullukçylar ony gurnaýjylaryň Hormat hatlaryna, kuboklaryna we gymmat bahaly sowgatlaryna mynasyp boldular. Biz hem harby gullukçy türgenlere geljekki ýaryşlarda hem has-da ýokary netijeleri gazanmaklaryny arzuw edýäris!

Eziz AŞYROW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, maýor.